Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:51
Okasym gelmedik goşgym

OKASYM GELMEDIK GOŞGYM

Sen gyýylma, meni parçala eje!
Kefaratlar bilen ýuwulsyn günäm.
Petir deýin dogra meni läş boljak,
Noş boljak Talhatan babam öwülýä.

Zäk aýla başymdan, bagyşla eje!
Çaga göz degen deý gözükdi dünýäm.
Gajap, gynap, çaga ýaly zörledip,
Soñam dünýä meniñ üstümden gülýä.

Meñ aglasym gelýär, ölesim gelýär,
Dabanymda Jennet, gözümde Dowzah.
Aýyplaşma eje, bilesim gelýär?!
Juda kynmy meni gaýtadan dogmak?!

Jesedimde iki bolup ýaşaýan
Menligim menligme ekiz doglanmy?
Öz-özüme büdräp ýykyldym eje,
Men ýykan ogluñmy, ýyklan ogluñmy?

© Eziz AMANNAZAROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 213 | Mowzugy paýlaşan: Ak-sary | Teg: Eziz Amannazarow | Рейтинг: 4.9/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 sussupessimist • 15:07, 29.05.2024
Tegi goýulmandyr, beýleki goşgularam tapylar ýaly gerek.

Gajap  sözüne düşünmedim. Gijäpmi?

Gaty ýadaw, doýgun adamyň goşgusyna meňzeýär...
avatar
0
2 Pero • 15:58, 29.05.2024
Eziz pahyryñ öz suraty öýdýän.
avatar
0
3 Mekan2 • 16:27, 29.05.2024
Juda kynmy meni gaýtadan dogurmak?!
avatar
0
4 Pegas • 16:31, 29.05.2024
Maksat aga, "gajamak" diýen söz saryk dialektinde bar. "çürkemek, gynamak, kösemek, gaharlandyrmak" ýaly manysy bar.
avatar
0
5 Pegas • 16:32, 29.05.2024
Meňli, hawa, Eziz neresse şu.
avatar
0
6 Ak-sary • 17:09, 29.05.2024
Myş myşlar hakda arkaýyn aýdyp bolmasa da bolmaýandyr welin.Eziziñ "Arşy hakydadan" başga-da sonetler çemeni oglanlaryñ birinde bar bolmagy mümkin bolsa gerek?
avatar
1
7 Medicall • 17:14, 29.05.2024
Gajamak - bir yagdaydan iglemek, bizar peteñiñ çykyp ýadamak, ýagyr bolmak (şul adamdanam gajapdyryn, pylany meni şol bir gepi bilen gajatdy) manyda ulanylýar bizlerdeýa
avatar
0
8 Ak-sary • 17:16, 29.05.2024
@Mekan2 goşgylary alyp gaýdyşymdakydan üýtgedip bilemmok agam.başga-da birnäçe goşgylary bar.olaryda paýlaşasym gelýär welin.säwlikleriñ bardygy sebäpli ,başaramok...
avatar
0
9 Belki • 12:55, 31.05.2024
2019-njy ýylda gutaran bolsa 2001-nji ýyl bolaýýar. Maglumatynda 99-njy ýylmyka dip ýadymda galypdyr.
avatar
0
10 Ak-sary • 13:48, 31.05.2024
99nji ýylda doglan 2001 nji ýylda doglanlar bn orta mekdebe baryp bilerler diýen pikirim bar
avatar
0
11 aygull • 19:14, 31.05.2024
Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Goşgularynda ýaşamazlygy ymykly ýüregine düwenini duýup bolýar. Kyn bolandyr gidýänçä...
avatar
0
12 Byzmyk • 16:05, 04.06.2024
Ynsan geljegini yazyar... Alla iman baylygyny bersindä.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202