Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:32
Başa barmadyk wesýet
BAŞA BARMADYK WESÝET

Öz ilimden gum getiriň,
suw getiriň,
gül getiriň!
Gumdan tumar ýasap boýnumdan
asjak,
Suwy şu ýat ýurduň uly howzuna,
Bir damja damdyrjak, aby-zemzem deý
Goý, öwrülsin suwlar meň öz suwuma.
Ruhum öwrülýänçä arzuw guwuna,
Gandyrmaz suwumdan ganmaýyn içip,
Her owurtda ruhum ýurduma uçup,
Küren obalarmyň süýji tüssesin,
Sähramyň owadan ajy gussasyn,
Sorap enelermi, sorap hassasyn,
Öz ilimiň, öz güllermiň dessesin,
Ýygyp, synlap, gam çekip gelsin
göwnüm,
Derdime dert bersin ol mertlik bilen,
Şol owurdy aňsat geçiren düwnüm.

Ruhum öwrülensoň arzuw guwuna,
Jesedimi ýuwuň meň öz suwuma,
Boýnumdaky tumaryň bagyn söküp,
Gumum sepiň mazarymyň gumuna.
Baş daşyma adymy däl, ýurdumy
Ýazyň,
Gum içinde dyzlam epmesin.
Hem goýuň başyma özge gülden däl,
Öz ilimden gelen güller dessesin.

Taňrym, meni jennetde ýa dowzahda
Goýma, parhy nä meň nirde ýatanym.
Halas et ýurdumy mensiz goýmakdan,
Jennetimdir meniň eziz watanym.

Öz ilimden gum getiriň
Suw getiriň,
gül getiriň,
Meni jennetden öňürti,
Beýik Watanma ýetiriň!

© Eziz AMANNAZAROW

kitapcy.ru
Bölümler: Goşgular | Görülen: 99 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Eziz Amannazarow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 22:48, 16.02.2023
Ilki 2019-da okan wagtym juda güýçli ruhy ahwalda ýazylan bu goşgyny entek 20 ýaşamadyk oglanyñ ýazanyny bilemde edebiýata gursagy ylahy ahwally ägirt gelen ýaly duýupdym. Şol wagtam şu goşgusyna ýazypdym göwnüni galkyndyrjak teswiri.
Soñ gulluga gitdi diýseler, şol wagt soñra ýazjak goşgulary gyzyklandyrypdy.
(bu goşgyny rowaýat esasynda ýazaýañda-da öz ruhuñda üýtgeşik hakdan halatlylyk, ylahy zehin bolmasa edil munuñ ýaly ýazyp bolmaz.)
..

Hiç kim perzent awusyn çekmeli bolmasyn, Neressäñ Ejesine Alla giñlik bersin!
avatar
0
2 Мango • 20:09, 17.02.2023
Gum, suw, gül.
Gumdan ýasalan tumar…
Arman…
avatar

Старая форма входа
Total users: 203