17:50 Arzuw bar | |
ARZUW BAR Desterhanym açyk myhman bolana, Dost-dogana hormatym bar, arzym bar. Hyzmatyma mätäç bolup gelene, Ynamyna nikalanan parzym bar. Ýetseň ýagşy, mala-dünýä, döwlete, Oňarsaň pikir et, wagty egle-de. Egniňdäki şänik ýaly kellede, Peýdalanyp bilseň gerek maňzyň bar. Orny, ýeri bolýar her bir zadyňam, Arzuwy-umydy çäksiz adamyň. Ululardan öwrenmäge ýadaman, Kiçilere diýjek ündew-wagzym bar. Dogry, köp kösenýäs, örtenýäs telim, Gaýratly mert örtüp bilýändir kemin. Erkine goýberme süňksüzdir diliň, Ýagşy söz diýmeli zyban-agzyň bar. Söz täsirli bolýar, gepdigi üçin, Derman arzylydyr, nepdigi üçin. Gowy adamlaryň köpdügi üçin, Bir ummasyz üzlüşmeli karzyň bar. Halal ýaşa, halal bolan aslyňam, Azym, muny dowam etsin nesliňem. Gursaklarda gatbar-gatbar baslygan, Wysala garaşýan müňläp arzuw bar. © Azymberdi KAKAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |