Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:15
Ertiriň aladasy

Ertiriň aladasy

Gijäň rahat, mähribanym!
Ertir meni irden oýar.
Nesip bolsa öýümize,
Ýene-de köp myhman geler.

“Gelen – döwlet” diýilýänin,
Ençe gezek eşdenemsiň.
Howlymyzy myhmanlaryň
Aýak yzy keşdelesin.

Säher bilen sag sygyrňy,
Tamdyrňa ýap myssyk nany.
Bizden hoşal bolup gitsin,
Gelen myhmanlaryň bary.

Ötegçilere gol bular,
Gorly tamdyryň tüssesi.
Gonak bilen dil tapyşdyr,
Sary sygyryň mesgesi.

Soraglarma jogap gerek,
Şygyrlam bar sözlemeli.
Diňe şolardan taparys,
Köňlümiziň gözlegini.

Edeniň dolanar yza,
Besdir bize jomart bolsak.
Özümiz myhman bu dünýä,
Myhmanmyzdyr her bir pursat.

Olar bilen çyrag geler,
Kalba ataş, ynam geler.
Sabyr, sogap, saglyk geler,
Durkumyza dogum geler.

Döwran geler toýlar içre,
Töre geçer törümize.
Goý, gelsinler, kän zat sygar,
Biziň açyk göwnümize.

Durmuş – umman, biz – bir dünýä,
Üstünde biz syrly salyň.
Ertir meni irden oýar,
Gijäň rahat, mähribanym!

Azymberdi Kakaýew
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 1.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:49, 01.11.2023
“Gelen – döwlet” diýilýänin,
Ençe gezek eşdenemsiň.

"eşdenemsiň" geň eşdilýär...
"eşdensiňem" bolaýjak ýaly welin...

---
Säher bilen sag sygyrňy,
belki: "sygryňy"?

---
owazlylygyň büdräp gidýän ýerlerem bar eken.
avatar
0
2 Pero • 11:51, 02.11.2023
Emma weli,gowy goṣgy bolupdyr. Köpçülikde,üýṣmeleñ-çäṣmeleñde okalsa,gyzgyn garṣylanjak goṣgy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203