Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:43
Penjireden garadym
PENJIREDEN GARADYM

Penjireden garadym men,
guşlaryň
sürüsi sürlenip-sürlenip uçdy.
Bu ak guşlar―täze ýazyň buşlugy,
Göwünim pyrlanyp-pyrlanyp uçdy.

Geldi kän garaşan baharym meniň,
Umydym, ynamym, säherim meniň,
Ýok hiç zada ünjim-gaharym meniň,
Arzuw ganatlanyp-perlenip uçdy.

Hoş gal, oglanlygym, ýaşa hoş indi,
Maňlaýda çuň gasyn, goşa keş indi,
Işle indi, gara deriň seç indi,
Hyýallar gökden däl―ýerlenip uçdy.

Penjireden garadym men,
guşlaryň
sürüsi sürlenip-sürlenip uçdy...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 50 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hemra Hudaýgulyýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 23:54, 03.04.2023
Bee, bar-ow Hemra däde-de))) , özbaşdajyk stiljigi bardy, bu golaýlar-da goşgusyna gabat gelmändim, seýregirãk ýazýan ýalydy öñem. Bulam öñki goşgularyndan bolmaly öz-ä,
sagboluñ bize okadanyñyza,
Allaýalkasyn!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202