Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:42
El telefony / degişme äheňinde
EL TELEFONY

Ählisini bulaşdyran şu el telefony boldy. Hiç kimden gaçyp gutuljak gümanyň ýok. Ynanmasaň, öçürip
bir gör, baý, gopgun turar-a! Aljyrap: «Pulum tükenipdir, bergä gidipdirin» diýersiň. Emma bu jogabam
seni halas edip bilmez. Hemmelerem saglygyňy sorap ýa aladaňy edip jaň edenok, möhümi bolsa,
sen gerek. Ýadadym, gaty ýadadym. Telefony oýlap tapana igenen gezegimem az däl. «Onsoň el telefonsyz gezäýsem nähili bolarka?» diýen täsin pikir kelläme geldi. Bu pikirden hoş bolup, gaýybana hemmelere pitjiň atdym: «Hehe-he, asyl, tapmanjyk geçersiňiz meni».
Gelen netijämi habar berdim: «Men köneçil adam, telefony, tehnologiýany halamaýaryn, hatda ret
etmeklige hem taýýar. Men erkin adam» diýdim. Hiç kim ynanmady, meniň bolsa çynymdy. Telefonymy sandygyň düýbüne atdym. Göwnüm giňedi. Görsene, bu hezilligi. Bar zat şol azat durmuşymyň ilkinji gününiň agşamsy başlandy.
— Eli öçük berýär, jany berin sagmy? — diýip, öýüň beýleki agzalaryna jaň yzyna jaň gelýärdi.
— Sag ol. Özi: «Telefon göterjek däl» diýýär.
— Kellesi bir ýerindemi, üýtgäpedip ýören däldir-ä?
— Ýok, jany sag, kellesem ýerinde. Şu gün dükana gidip çöreg-ä getirdi.
— Be-e, onda-da lukmana görkezmeli ekeniňiz. Heýem, bu zamanda telefonsyz gezip bormy?
Tizara bu gürrüň uzaklara-da
ýetdi: «Eşitdiňmi, pylany telefon göterjek däl diýýärmiş. Akyly üýtgäýdimikä görgüliň. Wah, öňem
birhiliräkdi-dä şol», «Goşgy dagam ýazaýýardymy?».
— Telefony döwüldimi ýa-da?
— Ýok, telefon-a gurat.
— Be-e. Bu-la birhili.
Görsem, gürrüň çyna ýazyp barýar.

Şol gije öýe gelenlerem boldy.
— Sag-aman otyrmyň? Alada etdik, eliň öçük berýär.
— Aý, men-ä telefon ulanjak däl, hem puluňy iýýär, hem peýdasy ýok şunuň.
— Janyň bir sagmy?
— Sag-how, sag.
— Bolýa-la.
Emma, näme üçindir, ýüzüme şübheli garaýardylar hem-de ogrynça öýdäkilere maňa göz-gulak
bolmaklaryny maslahat berýärdiler. Biriniň dagy ogrynça sag eliniň süýem barmagyny çekgesine eltip
towlap, çalaja sygyranyny hem gördüm. Oturyp, işiň çyna ýazyp barýandygyndan hopugdym. Birdenkä
meni akyly üýtgän saýsalar näme?! Başga alaç ýok. Sandykdan pitjiň atyp taşlan el telefonymy tapyp
aldym. Telefon bolsa: «Ýeri, nähili, kim utdy?» diýip, ýyrşarýan ýalydy. Indi bu täzelikden gutulma ýok. Wah, birwagt, geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda nähili hezil ekeni. Köçede peýjer göterýän birlän-ikilän adam görenimizde, haýran galypdyk. Indi oýlanyp otursaň, ähli zat şondan soň başlanypdyr.
— Sen nirede, näme işläp ýörsüň?
— Alýo, sen işdemi? Ýa öýdemi? Ýa başga ýerdemi?
— Alýo, alýo, bu näme, sesiň gowy eşidilenok, nirede ygyp
ýörsüň?
— Näme üçin jaň alaňok.
— Alýo!

Hemra HUDAÝGULYÝEW

"Nesil" gazeti, 07.02.2023
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hemra Hudaýgulyýew | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 21:58, 18.01.2024
Ertir Hemradädemiñem goşgusyn goýjak))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203