Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:41
Aýdylmadyk sözüñ manysy

AÝDYLMADYK SÖZÜÑ MANYSY
Rekwiýem

Ejemiň röwşen ýadygärligine

Gadym eýýamlarda ynsandan ozal bu ýagty jahanda jygalary tel-tel, ganat-peri kümüşe gaplanan bir ajaýyp guş elli müň ýyllap döwran sürüp geçipdir.
Men bu geň rowaýaty eýýäm näwagtdan bäri şol öz-özüme gürrüň berip ýörün. Ony haçan, kimden eşidendigimem ýadymda däl. Ýöne hiç hyýalymdan gidenok. Aslynda-da ol unudyp bolmaýanlygy üçin şu günki güne çenli ýaşap gelen bolmaly. Diýmek, ol adamlara gerekdir. “Gerekli daşyň agramy ýok”. Ine, il onsoň ony mydama ýanynda göterip ýör.
...Bu ýagty dünýäde bir enaýy guş adam oglundan ozal elli müň ýyllap döwran sürüpdir.
Dur. Bu Magtymgulyda-da bar ahyryn.

“Elli müň ýyl döwran sürdi Benijan”
“Ahyry ynsandyr, öňi Benijan...”

Onuň aýtmadyk zady barmy diýsene? Şol bolmaly...

Ol mahal bir-ä göm-gök Asman, birem Günüň dökülip duran altyn şöhlesine boýalan sap-sary Ýer bar eken. Ýer-gögüň arasynda-da şol ullakan owadan guş ganatyny ýaýyp, howalanyp ýörüpdir.

Bu guşuň ýeke-täk iýmiti dary bolupdyr. Olam ýeriň ortarasynda dagyň gabarasy ýaly bolup, gümmezlenip, altyn öwsüp durupdyr. Harman özüniňki - dünýä özüniňki, han özi, soltan özi dünýäniň hezilini görüp ýaşap ýörüpdir.

Göm-gök asman.
Owadan guş.
Sary Ýer.
Dünýä sary. Sary... Sary...
Sary dary. Sary dary... Sary dary.
Döwür ötüpdir, döwranlar aýlanypdyr.
Dary gün-günden, gün-günden azalypdyr.
Dary gün-günden, gün-günden azalypdyr.

“Taňrynyň güni darydan köp”. Bäş däne galypdyr. Üç däne galypdyr. Ahyryn bu guşuň güni ýeke dänä diklenip galypdyr.

Iň soňky däne...

Ine, onsoň ýaňky janawer özüniň iň soňkuja dänesini diliniň astynda goýup, dik asmana göterilipdir...

* * *

Ejemiň haly birden agyrlaşdy. Ol dilden galdy. Ine, indem men onuň başujunda nury az-kem öçüşen goýun gözlerine gözümi dikip otyryn.

Dilinde sandywaç senasy bardy, eje, gürlesene. Sen bir zad-a diýjek bolýaň, aýt, aýt, eje. Näme diýjek bolduka diýip örtenip ýörmeli bolmaýyn. Gürlesene, eje. Meniň öňde-soňda eşitjek iň gowy sözüm, megerem seniň şu aýtjak bolup, aýdyp bilmän duran sözüňdir. Aýt, eje...

Bagymyz öz-özünden şemal tapyp, şagg-gg edip, içini çekýär-de, uludan bir dem alýar. Gamhorum meniň...

Göýä gök ummanyň düýbüne çümüp, gözläp-gözläp merjen tapýan guwwas kimin men onuň gözlerine siňip gidýärin-de, öz göwherimi-känimi (eje, seniň sözleriňi) tapýaryn.

Seniň hüwdüleriň gulagymdan gidenok. Agtygyňy hüwdüläp başlasaň, meniňem gözlerim süzülibererdi...

...Meniň balam ýatypdyr.
Gül uky-ýa batypdyr,
Gyzyl gülüň tikeni
Gül aýagna batypdyr-eý.

Huwwa-huwwasy geler.
Ýatsa ukusy geler.
Ukudan oýananda
Gülleriň ysy geler.

Allan-allan edeýin,
Baga sallan edeýin
Bagyň gyzyl gülüni
Saňa gurban edeýin-eý.

Huwwa-huwwa huwlandy,
Suwda balyk köwlendi,
Balyk diýip tutanym
Ýylan boldy, towlandy.

Huwwa-huwwa, hüw guşlar,
Guşlar gaýada gyşlar-eý,
Ak guşlar owazyny
Balam, saňa bagyşlar-eý.

Meniň balam ap-akdyr,
Hem güldür, hem ýaprakdyr...

...Yzy nämäkä? Hiç hakydama gelenok. Diňe garamtyl goýy bulutlaryň içinden parran geçýän göz gamaşdyryjy ak şöhle... Owaz... Owaz.

Gülden ýumşak, Günden ýagty sözi - hak sözi - adam başga hiç kimden däl-de, diňe ak süýt beren enesinden eşidýän bolmaly.

...Näme diýjek bolýanyňy aňşyryp bilemok, hiç aňşyryp bilemok. Ýüregiňde bir ýagty pikiriň, bir eziz sözüň-ä bar seniň, arman, diliň ýok. Ol sözüň owazy gözleriňden uçup gelýär-de, meniň gursagyma dolýar, eje. Men seniň bu aýdylmadyk sözüňe irde-giçde düşünerin. Düşünerinem ýalkanaryn...

Ýadyňdamy? Men uzak ýola giderdim, köp wagtlap gara bermezdim. Sen meni müň dil bilen ýola salardyň. “Şuny al ýanyň bilen, çörek ýoldaşdyr adama. Sag git-de, aman gel, oglum. Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň - hak. Menden daş - müň bir beladanam daş bol” diýerdiň.

Gaýdyp gelen çaglarym:

“Gara, gözüm yşygy,
Öýümiň ýaraşygy”

diýip garşylardyň.

Çörek bişirseň tamdyrdan çykaran bir tegelek gyzgyn nanyňy ilki bilen goňşymyzyň çagalaryna eltip bererdik. Olar ýetim galypdy. Seniň aýdanyňy ederdik, olary hiç ynjytmazdyk. Seniň tapýan sözleriň jadysy bar ýaly ahyryn. “Ýerde ýetim aglasa, gökde melek aglarmyş” diýerdiň. Şol çagalaryň biri aglasa, men asmana seretmäge gorkardym...

Göwnüm hazyna, men ony seniň dürdäne sözleriň bilen dolduraryn. Ömürboýy seniň sözleriňi agtaryp gezerin. Men ony özümden gözlemeli.

Bir gezek toýamy ýa patamy, ýadyma düşenok, bir ýaňa-ha gitdiň, maňa-da sygrymyza ot-suw bermegi tabşyrdyň. O-da meniň ýadymdan çykypdyr, elbet, oýna gyzandyryn-da. Gelip soradyň, menem dogrymdan geldim. Ýadymdan çykypdyr. Onsoň ylgap baryp bedrä ýapyşdym-da, sygrymyza suw bermekçi boldum, emma sen meni sakladyň-da, suwly bedräni elimden aldyň. “Gün uzakly gün aç-suwsuz saklabam utanman onuň ýanyna barjak bolýarmyň? Bolmaz, oglum. Nädip sen onuň gözüne seretjek?! Dili-agzy bolmasa-da gözi bardyr. Aýyp bor, beýtmegin...” diýdiň-de, mal ýataga baka gitdiň. Şeýdip sen maňa dilsiz-agyzsyz haýwanyň ejizdigini, oňa ynsanyň hossardygyny düşündiripdiň.

...San berip duran sary kirpikli günebakarlarymyz ese-boýa galypdyr. Ony görüp bir zat ýadyma düşdi. Her ýyl ýaz, nädeýin ýalan sözläp, adyny bilemok, birhili bilbil ýaly owadanja saýrak guşlaryň bir maşgalasy gelýär-de, biziň armydymyzda höwürtgeleýär.

“Guşlarymyz ýene geläýipdir” diýeniňden soň, men olaryň hut öz guşumyzdygyny, her ýyl ýaz olaryň gaýdyp gelýändiklerini bilip galypdym.

Guşlarymyz bu ýylam gaýdyp geldiler, eje. Günebakarlaram ýetişip barýar. Basym olar kürteli gelin ýaly aşak-aşak bakyp başlarlar. Onsoň seniň edähediňe görä, men olaryň üç sanysynyň başyny bogman goýaryn, hasa oramaryn. Miwe bişer, hasyl ýetişer diýip guşlaram garaşýar ahyryn. Olar näumyt bolmasyn. Paýyny goýaryn olaryň.

Uruş ýyllarynda, açlyk döwri sen nädipsiň-ä?! Meniňkem eşitmiş, ýöne men oňa ynanýaryn.

Şol ýyl adamlar ilerde, dag eteginde ak ekin ekipdirler. Düme ekilen bugdaý bitginli bolupdyr. Döwekçilere senem kömekleşýän ekeniň. Şonda döwek gutarypdyr welin, çäçden uşakgöz elegi dolduryp alypsyň-da, guşlaryň paýy diýip, meýdana döküp goýberipsiň...Bugdaý. Uly iliň rysgy. Onuň her dänesi gyzyla barabar ahyryn... Şonda-da döwekçilerden hiç kim saňa hiç zat diýip bilmändir. Diňe goja Annaseýit üstünden agyr ýük aýrylan ýaly bolup dikelipdir-de: “Şir balasydygyňy bildim, gyzym. Ata-baba gelýän ýoldur bi...” diýipdir.

Men sen hakda köp bilýärin, belki bilmeýän zatlarym ondanam köpdür.

...Sen maňa bir zad-a aýtjak bolup jan edýärsiň. Özüňi beýdip horlama, käbäm. Men düşünjek bolaryn, düşünerin... Seniň gözleriňde söze sygmajak, söz götermejek bir many-ha bar...

Birden onuň dodaklary gymyldady. Göwnüme ol bir zatlar pyşyrdaýan ýaly boldy. Men ony eşitmek üçin aşak egildim. Gaty egildim. Şonda bary aýan boldy... Ol meni - gara saçy agaryp başlan perzendini ogşady...

...Meniň balam ap-akdyr,
Hem güldür, hem ýaprakdyr...

...Ukudan oýananda
Gülleriň ysy geler...

* * *



Göm-gök asman
Owadan guş.
Sary Ýer.
Göm-gök asman.
Owadan guş.
Sary Ýer.
Dünýä sary. Sary... Sary...
Iň soňky dary:
Iň soňky dary...

Şol äpet owadan guş iň soňkuja darysyny diliniň astynda goýup, al-asmana göterilipdir. Ýedi gat asmana çykandan soň dänesini aşak oklapdyr. Şeýdip ömrüniň bir gününi uzaldypdyr. Soň ol gözläp-gözläp şol dänejigini tapypdyr. Ýene asmana göterilipdir, ýene ýere oklapdyr. Soň ýene tapypdyr. Iň soňunda bolmajagyny bilip, owadan uzyn ganatlaryny ýaýyp ýatypdyr.

Şeýdip kän ýatypdyr, janawer, ýuwutmandyr. Iň soňky däne guşuň agzynda şineläp, tümmül bolup gögeripdir.

Sary dünýäde ýaşyl reňk peýda bolupdyr.

© Ahmet HALMYRAT

Çeşme: http://tkm.8m.net/b-edebiyat.htm
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 164 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 09:54, 08.08.2023
kä adamyň gürrüňini diňläsiň geler-ä. Ahmet Halmyrady hem näme aýtsa aýtsyn, diňläsiň gelýär. gowy hekaýaçy, gowy dili bar.
***
Günebakarlaram ýetişip barýar. Basym olar kürteli gelin ýaly aşak-aşak bakyp başlarlar.

kürteli geline meňzeş günebakar – ajaýyp meňzetme.

***
gahrymanyň ejesiniň obrazy tebigat bilen sazlaşyp ýaşamaga ajaýyp görelde.
* suwsuz goýlan sygyryň gözüne görünmäge utanaňokmy - diýişi;
* günebakarlaryň käsiniň kellesini daňman, guşlaryň nesibesini goýuşy;
* guşlaryň paýy bolan dänäni sepeleýşi...
...ellerinden öpülerlik ene.

***
gök asman - sary ýer....
birhili (gök-saryly) ukrainany ýada saldy.

hemem... "Iň soňky däne guşuň agzynda şineläp, tümmül bolup gögeripdir. Sary dünýäde ýaşyl reňk peýda bolupdyr" - diýende, hakykatdanam gök reňk bilen sary reňki garsaň ýaşyl emele gelýär.
gyzykly gabatlaşma... ýaşylyň emele gelişi.

Ahmet aga minnetdar.
avatar
0
2 Seýrаn • 12:04, 08.08.2023
Şu hekaýany ylaýyk 12 ýyl öň okamda diýseň halapdym. Häzir ýekän-ýekän halaýan ýerlerimi ýazmaly bolsam, uzaga çekäýjek deýin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203