Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:52
Düýäniň şahy

DÜÝÄNIŇ ŞAHY

Guba düýäniň häli-häzirem-ä görki-görnügi hiç neneň däldir-le welin, ýöne... Wah, sada-sähraýy bolsaň, şeýdäýmesi bar-da bularyň.

Birmahallar düýäniň edil öz ýüňüniň reňkine kybapdaş, gyzgylt-goňur reňkli, özem şaha-şaha bolup duran owadan şahy bar eken. Ynanaňzokmy?! Gürrüňiň aslyna ýetmän beýdibermek bolmaz ahyryn. Entek yzyny diňläň.

Düýe bilen sugun garyndaş bolmaly. Özem bu ikisi golaý aralykdaky ýaýlalarda otlap-suwlar ekeni. Sugunyň hemişe düýäň owadan şahyna gözi gider ekeni. Gözüň gitmez ýalymy? Gör-ä ony.
Ine, onsoň günlerde bir gün sugun düýäniň şahyny diläpdir:
- Düýe dost, ýekeje gün şähyňy dakynyp gezeýin-le. Menem ýeke gün beri owadan bolup göreýin. Gaýrat et. Özem ertir günortan suwa inýän wagtymyz getirip bereýin. Jan dost, bolýa diý.
- Ýeri, bolýa-da, al...

Ine, onsoň ertesi günortan suwa hemme kişi gelýär welin, sugun gelenok... Düýe garaşýar, garaşýar... Soň ol suw içmekçi bolup, boýnuny uzadýar welin, suwda şahsyz kellesini görüp birhili bolýar. Ol suw içmesini kesýär-de, ilki sagyna, soň soluna garaýar. Sugun gelenok...
Onuň şol gidişi-gidişi bolýar. Düýäniň şahyny aldap alyp giden sugun indi juda uzak ülkelerde ýaşaýar. Düýe janawer welin nätsin. Şol garaşyp ýör, garaşyp ýör.
Syn eden bolsaňyz bilýänsiňiz. Bilmeýän bolsaňyzam syn edip göräýiň. Düýe suwa gelende häli-häzirem ilkibada eňegini suwa basar-da, töweregine bir garar. Ol suwda öz keşbini görýär. Görse, kellesinde owadan şahy ýok-da. Ine, onsoň umytly gözlerini balkyldadyp, sugunyň ýoluna garar janawar.

© Ahmet HALMYRAT
Çeşme: http://tkm.8m.net/a-halmyrat.htm
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202