Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:21
Durnam, düzül

DURNAM, DÜZÜL
(hekaýa)

Meýdan melewşe şöhläniň düýbünde. Kamaty ýagty sähralyk. Asmanda göçi bölek-bölek bölünen guşlar... Meniňem dünýämden nämedir bir zat bölünip gidýär-de, şol guşlaryň hataryna goşulýar. Ynsan diňe biri-birinden däl, özi özündenem aýra düşýän ekeni.

Ozallar biziň ýanlarymyzda gowaçany gaýradan geçýän kanalyň aňyrsynda ekerdiler. Kanala çenlem obadan on bäş kilometr gitmeli. Kolhozçylar ekiniň üstüne göçüp gidenlerinden soň, köp wagt geçmänkä, bizi-de mekdepden ýörite maşyn bilen meýdana gatnadyp başladylar. Kiçi klasdakylar okaýarlar, biz ululara kömekleşmeli.

Posýolokda ýaşasagam, golaý bolany üçin men kolhozyň mekdebine giripdim. Şonuň üçin jigilerimiň arasynda-da meniň ýörgünli adym “kolhoznik”. Diýse diýibersinler, olar obadaky hezilliklerden, meniň syrlarymdan bihabar.

Pagta gidilýän günler meýdan düşelgede men Merdanlaryň öýünden girip-çykýardym, dagy näme, ol meniň klasdaşym. Gatnaýmagam aňsat däl.

Biziňki hezil. Merdan ikimiz-ä eşege atlanýarys. Jumaşam welosipedine. (Jumaş Merdanyň inisi, altynjy klasda okaýar, biz eýýäm sekizinjä geçipdik). Iň çetki, gawunlyga golaý karta düşerdik welin, günüň nähili geçenini bilip bolanok. Ine, bu günem ozalkyja düşýän ýerimize gelip, Merdanyň aýdyşy ýaly, “ýük ýazdyrdyk”. Eşegem örkledik...

- Ýakup, şu gije bizde galýaň gerek?

- Hawwa.

- Onda ertir irden turup, gawun iýeli, edil morožnyý ýaly bolýar-eý.

- Aý, irdenem bir gawun bor-maý?

- E-eý, gaýtam, gyşda-da ýoňlasaň, sowuk gawun iýdirýärler. Derrew açylaýýaň.

Merdan geldi. Onuň şol bolşy, uly adam ýaly gülmäni oňat görýär-dä. Jumaşyňam işi-pişesi oňa azar bermek.

- Jumaş, hany, lakgyldamaňy bes et. Bar, sen aýratyn ýyg, ýogsam, bizem ýygmaga goýmarsyň.

- Ýygybersen-aý, saňa zat diýýän bamy...

Petiş howada şol eglip, hasyrdap ýörmek tiz ýürege düşdi. Merdan-a kän geplänogam. Hernä, Jumaş geläýdi. Töweregimizde köw-söw eden bolup ýör. Ol birdenkä ikimiziň aramyzdan ylgap geçdi-de, ýapyrylyp, keşiň içi bilen ep-esli ýere ylgap gitdi. Ho-ol, aňyrda haha-haýlap gülýär.

- Näm bold-aý oňa?... Eý, näm boldy?!

Ol jak-jaklap gülüp, aňryk gitdi, gaýtam:

- Aý, deýýus, bir oýun-a çykarjak bolýar... - diýip, Merdan hüňürdedi. Şu ikarada bir ýerden-ä hozanak peýda boldy. Näçe kowaý, eger-eger. Gulagyň düýbüne gelip, hyzzyldap dur, ýürege-bagra düşdi. Fartugymyzy dolduryp, goşa gelenimizde Jumaş bizi görüp, ýene güldi:

- Eý, hozanaklary size goýup, gaçdym-aý. Hezil berendirler, hä? - diýdi-de, gülüp-gülüp, heziller edindi.

...Atyzyň gyrasyndaky pazyllardan terne çöpläp, ýene-de kartanyň içine girip gitdik. Gowaçanyň gür ýerinde geçen gezek galdyryp giden belligimiz agaryp göründi. Üçimizem şol bir penje ak pagtaň görünýän ýerine ýöneldik. Übtük uly. Oňa barha golaýladyk. Jumaş maňa gözüniň gyýtagyny aýlady-da, öňe okduryldy. Menem eňdim. Şol bir penje pagtany her kim öň aljak, alahasyrdy. Merdan welin, näme üçindir, ters ugra ylgap gitdi. Jumaş ikimiz übtügi ýolmalaşdyryp, paýlaşdyk. Töwerege seretsek, Merdan ho-ol, birýan çetde somalyp dur.

- Näm boldaý-eý - diýip gygyrýar. Asyl, ol nämäniň nämedigine düşünmän gaçmalydyr öýdüpdir. Ol biziň masgaralaýjy gülkimize çydaman öýkeläp gitdi...

Gün ýaşar uçurlary. Uzyn-uzyn ýaşyl gamyşlaryň ýokarsynda durna hatary göründi. Dünýä owazly. Jumaşam asmana garap, yzyny üzmän gygyrýar:

- Durnam, düzül, gökde üzül... Durnam, düzül!...

Meniň ýüregim ýylap, göwnüm küýlendi. Ýyllar geçer, onsoň bizem bu ýerlerden gideris... Biz ozallaram şu ülkede ýaşandyrys. Gitsegem ahyr bir gün ýene geleris. Ýylgynyň gülüniň owadanlygyny. Gülgüne. Jahanyň ýaglygy ýaly... Siz Jahany tanaýan dälsiňiz. Ol onunjyny gutardy. Ýekeje sapar onuň gözlerine seredip gördüm... Men näme üçin goşgy ýazamokkam? Şu gije hökman ýazaryn. Tizräk garaňky düşsedi. Oglanlar görse güler.

Göwnüme, nur ýagyp duran ýaly. Ruhum joşly. Men özümiň özgerýändigimi çala aňlaýardym.

...Ahyry bary gutardy. Hiç kime görkezmän, depder-galamymy ýakamdan saldym. Merdanyň ejesine ýalbaryp-ýalbaryp, tamyň üstünde ýatmaga zordan rugsat aldyk. Aýakçydan goranmak üçin aşakdaky köne gap-gaçlarda-da tüsse etdik. Irgözinden ýorgana sümüldik, ýogsam, Merdanyň kakasynyň gelip, düşüräýmegi ahmal. Giç geldi, hernä, zat diýmedi.

Merdan “Tom Soýeriň başdan geçirenleriniň” yzyny gürrüň bermäge başlady. Jumaş ýene onuň gaharyny getirdi-dä, tersine tutup.

Men Ýedigene seredip ýatyryn. Oglanlar uklady... Arş-asmanyň göýä perdesi syryldy. Baglyk ýeriň suraty göründi meniň gözlerime. Bu zatlar çynmyka!... Ak guşlar uçup-gonýar... Jahan... Ol bir agajyň şahajygyndan tutup, başga bir ýana seredip dur. Aşak oturýar. Indi ony tanar ýaly däl, gözleri şol gözler... Saçlary zire-zire. Wiý! Taryh kitabymyzdaky gelniň - madonnanyň keşbinde bäbek emdirip otyr, ol...

Men utanjyma ýorgany ýüzüme çekdim. Beýläme öwrüldim, kagyz-galam öňümde. Galamymy çeýnäp ýatyryn, hiç zat ýazyp bilemok. Bolanok...

Düşelge. Garşyma-garşy gurlan iki hatar jaýlaryň hemmesi bu ýerden oňat görünýär, sebäbi biziň bolýan jaýymyz olaryň iň çetkisi. Ymykly uklamakçy bolup, ýerime girenimem şoldy welin, jaýlaryň biriniň gapysy açyldy. Daşary çykan gyzyň elinde onluk çyra. Şol jaýdan ýene bir gyz çykdy. Başga bir jaýyň gapysy açylyp, ondanam... Garaz, alty gyz tegelenip otyr, ortada iki çyra. Men döşümi ýassyga berip, olary synlamaga durdum. Jahanam geldi... Bir zatlar diýip gülüşýärler. Merdanyň böwrüne dürtdüm, tursun, ýogsam, ertir gürrüň bersem, ynanjak gümany barmy? Oýanmady. Oýanmanam gowy bolupdyr. Gyzlaryň biri läle aýtmaga başlady, beýlekilerem alyp göterdi. Olaryň owazy meniň ýaňky synlan arş-asmandaky dünýämden gelýän ýaly...

...Gaýra-gaýraly göwnüm-ä,
Peýkam ýaraly göwnüm-ä.
Gülüp-oýnap, şat bolmaz-a
Ýardan aýraly göwnüm-ä.

Degirmen ýoly kötel-ä,
Gaçdy, ýaglygym göter-ä...

Haýranlar galyp, seredip ýatyryn. Merdany ýene dürtdüm, oýanmady. Garry enemiň aýdan sözleri ýadyma düşýär, şol wagt: “Aý aýdyňdyr, süýt ýaly, gyzlar oýnar, gurt ýaly”.

Olar cyranyň birini alyp, düşelgäniň ilersindäki uly ýaba ugraberdiler. Suwa düşjeklermikä? Biraz oýlanyp, karara geldim: “Synlaýyn”.

Topbak gamşyň gapdalynda şol ýana giden dört gyzyň sudury. Olaryň pyşyrdysy suwuň şelpe-şelpe şabyrdysyna, gamyşlaryň ygşyldysyna garyşyp gidýär. Aýyň zolagyna olaryň diňe kelleleri garalyp görünýär, bir bölek ördek-gaz suwda ýüzüp ýören ýaly...

Süýşenekläp ýorgana girdim-de, mäkäm dolandym. Ertir men nädip olaryň ýüzüne serederin?!

Gyzlar öýli-öýlerine girip gitdiler. Meniň ýüregim gürsüldedi durdy: “Bu nähili agşam?! Düýşümmikä?”

Ýene asuda gijä, hatar jaýlara göz aýladym. Tötänden görüp galaýdym, Jahan öz tamlarynyň gapysynyň agzynda dur. Aňyrrakdanam bir gara göründi. Meniň ýüregim sarsyp gitdi. Ol Baýram bolmaly. Edil özi, klasdaşy, traktorçy... Basym toý etjeklermiş diýip eşidenim ýadyma düşdi. Çyn ekeni... Ol Jahanyň elinden tutdy. Men ýatan ýerimden öňe omzadym. Gürlänoklar. Gujaklaşdylar... Men ýene-de öňe omzan ekenim. Elim bir boşluga giden ýaly boldy, zordan “A-a-a...” diýmäge ýetişdim. Ýere güpläp düşdüm, agzym-burnum gumdan doldy...

Gülkünç, nätjek-dä!

Daşary ylgap çykdylar. Oglanlaram oýanypdyrlar. (Olar ýatyp turýança, meniň dünýämde, gör, nähili üýtgeşiklikler bolup geçipdir). Elim döwüldi. Gipsli gezdim ýördüm. Baýram bilen Jahanam ýörite gelip, halymy sorap gitdi. “...Ýakup tamdan ýykylypdyr, düýşürgän bolmaga çemeli. Çaganyň eli döwüldi-dä...” diýip gürrüň edýärler. Ýok, ýok! Şol gözel agşam meniň elim däl-de, başga birzat, ine, şu ýerimde - kükregimiň içinde başga bir zat döwüldi... Şondan soň men başga bir adam bolup gitmedimmi näme?!

Wagt geçýär. Bu gün ýene üstüňden ýolum düşüpdir, dolanyp geldim, tämiz düzlerim. Ho-ol, symgylt gözýetimde Jahanam, Merdanam, özümem bar. Göçegçi guşlaram geçip barýar, ýaý kakyşyp asmanda. Bir ýerlerden Jumaşyňam sesi gelýär:

“Durnam, düzül, gökde üzül... Durnam, düzül!”

© Ahmet HALMYRAT

Surat: Mark ŞAGAL. "Söýgüliler ýagyş astynda".

Çeşme: http://www.tkm.8m.net/a-halmyrat06.htm
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 82 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ahmet Halmyrat | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Pero • 14:07, 25.09.2023
Lunatik bola!
Özümem düýṣirgän ýaly boldum.
...Öñdenem ylham tohumy ṣineläp baṣlan eken,Jahanam sebäp bolaýypdyr öýdỳän
avatar
0
2 Medicall • 14:14, 25.09.2023
Jahanyň madonna öwrülşini, oňam utanyp ýüzüne ýorgan çekişini diýsene:)
avatar
0
3 Мango • 14:46, 25.09.2023
"Ýere güpläp düşdüm, agzym-burnum gumdan doldy..."
diýen ýerine ýylgyrdym (güldüm). ýazyjy ony duýýan ýaly edil yzyndan:

"Gülkünç, nätjek-dä!" -diýýär-ä. okujysyny duýýän ýaly...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203