15:39 Bagyşlama | |
BAGYŞLAMA Guşlar owazyn kesipdir, bilbiller bolupdyr sem, Ýel togtapdyr ýer üstünde bolup seniň gurbanyň. A, men bolsa özüñe däl, seniň Allaňa hemem, Seni gundan garyp eneň ellerine gurbanam. Sen aýdym aýt, men ýazmasam ýerleşmerin jahana, Dost-ýarlar terk etdi bizi gamgyn kysmatdan aryp. Bir şygrym bar olam munda ýaşamaga bahana, Hemem eden günälerim ýuwmak üçin tutaryk. Başga hiç zat galmady, göýäki bir gelmişek, Bakýan tukat depelere, gözleýän ýiten ugrum. Özümi diri sanardym, sesiň eşidip ölmüşem, Heniz görüp ýetişmänkäm, Ezraýylyň, suduryn. Men bir garyp agaç boldum, suwda bitip nahalym, Köklerim deňze sygmaýar, leňňer atyp bir kysym. Dostum, burnuňa gelýämi şygrym okan mahalyň, Ýüregmiň atašy hem-de ýanyk kokusy. Guşlar owazyn kesipdir, bilbiller bolupdyr sem, Ýel togtapdyr ýer üstünde bolup seniň gurbanyň. A, men ýene özüňe däl, seniň Allaňa hemem, Seni gundan garyp enäň ellerine gurbanam! © Şähribossan GELDIMMÄMMEDOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |