Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:46
"Men ýaňraryn dile gelen zatlary..."
"MEN ÝAŇRARYN DILE GELEN ZATLARY..."

Men ýaňraryn dile gelen zatlary,
Ýagyş ýere gelip dyza çökende.
Kesim-kesim edip asmanyň garnyn,
Porhan bolup ak ýyldyrym çakanda.

Men dymaryn, ahmyr bilen dymaryn,
Gargamaryn umytlarmy çürkäne.
Giderin ses-üýnsiz pelek burçuna,
Hesretlermi hopba edip arkama.

Men gussa çekerin, ähli hatalam,
Gursagyma hanjar bolup çümerler.
Şonda gyzyl dörjük bolan ýüregme,
Şygyrlarym gözýaş bolup damarlar.

Men hormat küýsärin diriligimde,
Garaşaryn dolanarna döwranyň.
Ýa-da senem sowuldyňmy bireýýäm,
Meň gözlerme görünmedik, döwranym.

Arman, maňa düşunmezler wagtynda,
Gyýylaryn, gözýaşlarmy seçerin.
Wah, men bu dünýeden, pany dünýeden,
Çözmesi kyn matal bolup geçerin.

© Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 4.9/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 10:15, 28.07.2023
gowy goşgy.
"Men ýaňraryn dile gelen zatlary,
Ýagyş ýere gelip dyza çökende"
-deýende... kellä başga bir pikir urdy.
"ýagyş ýaganda doga ediň, çünki şo wagt töwerek her damjany ýere getirýän perişdelerden dolydyr..." diýen ýaly gürrüň eşdipdim... (perişdeler dogaňa "ämin" bilen goşulsunlar manysynda).

Şähribossanam "Ýagyş ýere gelip dyza çökende" käşkä "ýaňra(masady) dile gelen zatlary"...

güýçli goşgy.
(öýke-kine diýsegem dogry bolmaz, ýöne goşguda bir ahwalada duýulýar).
avatar
0
2 LegLek • 09:15, 10.02.2024
«Şähribossanam» diýdiňiz welin, Mango, tanaňyzok öýdýän Şähribossan mugallymy?! (ýa siz onuň bilen deň-duşmudyňyz?)
avatar
0
3 Мango • 10:19, 10.02.2024
teswir 2. LegLege
adyny tutuşymda edepsizlik gördüňiz öýdýän.
Şähribossan hanym diýmelidi. ýöne kä kişiler bar, adynyň yzyna hiç hili goşmaça gerek däl. olar şeýle tanalýar, atlarynam garyşdyrmaýaň. Şähribossan hanymam şolardan. Ondan başgasy ýok. umuman düşündiriş berýän - şahyra, döredijiligine hormatym bar.
avatar
2
4 sussupessimist • 11:25, 10.02.2024
"Şähribossan" - brend ahyryn. Gurbannazar, Şiraly, Bapba, Nobatguly... Mukam, Umyt, Nejep diýşimiz ýaly.
hanym diýmegem gerek däl. Görüşsek, "Şähribossan mugallym", "jenap Umyt", "kapitan Mukam", "onuň alyhezretleri Nejep han" diýmegimiz ahmal, emma gepleşikde...
avatar
0
5 Мango • 11:36, 10.02.2024
diýip bilmedigimi diýeniňe minnetdar hormatly sussupes daýy.
menem Şähribossan marka (brend) bolan biri diýjekdim welin "näme ol harytmy?" diýäýmesinler diýip pikir etdim...
avatar
0
6 Seýrаn • 12:00, 10.02.2024
5-e seslenme
Shol gorky sebapli islan zadyny yazmakdan gorkyanlar bar, yollosh Tropikana.
avatar
0
7 kysmat • 13:49, 10.02.2024
Men hormat küýsärin diriligimde,
Garaşaryn dolanarna döwranyň.

Ajaýyp!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202