01:50 "Ýeri gorkuzjak bolmadym..." | |
"ÝERI GORKUZJAK BOLMADYM" Men şem, ýanyp gutarmyşam Garaldyp petin gijäň. Bigänä könül bermişem, Yşgyň ýarasy gijäp. Şol yşgyň külbesin ýykdym, Deregne saraý salmadym. Haraý isläp ýere bakdym, Ýeri gorkuzjak bolmadym. Indi munda gözlemen taý, Çöken göwüne gop berip. Nirä sumat bolduka aý, Agşamy tüme gapgaryp. Tümlükde otyryn epeý, Bu gün ykbala gar syrap. Ýurtda galan gor küýze deý, Kalbym galypdyr taňkyrap. Şeýle bir küýsýedim ony, Ýöne boýnuma almadym. Ah, bu bir takdyr ekeni, Gaçyp gutulyp bilmedim. * * * UKA GITDI ÝARYM... Uka gitdi ýarym, Gam ýok serinde. Bu gözel şäheriň, gijelerinde. Ukuda hemmeler, Oýa Halykdyr. Deňizde gämiler, doňup galypdyr. Gaplandy bir kysym, Çar ýan pyşyrda: Ýagyş bolmajysyn, bolýa daşarda. Köňlüm neçüýn tukat, Bilemok häli. Göräýmäge bar zat, ýerbe-ýer ýaly. Garaşýaryn daňa, Asla atanok. Munda maňa diňe, Watan ýetenok. Beýik işlerimiň, Hemrasy bolup, Süýji düýşlerimiň, Gümrasy bolup. Uka gitdi ýarym, Gam ýok serinde. Bu gözel şäheriň, gijelerinde. Stambul, 2003 ý. © Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |