12:35 Bir gojanyň kempirjigi bar eken / hekaýa | |
BIR GOJANYŇ KEMPIRJIGI BAR EKEN Çegemli bir kempiriň äri ýogalypdyr. Ol uruş döwri ýaralanyp, bir aýagynyň dyzyndan aşagyny aldyran eken. Şondan soň, tä dünýeden gaýdýança, eli pişekli gezipdir. Pişekli bolsa-da, işläpdirem, myhmansöýerligem uruşdan öňküsi ýaly bolupdyr. Toý-tomgy içişliginde ilden pes oturmandyr, myhmançylykdan içgili gaýtsa-da, pişeklerine göz ilmeýän eken. Onsoň onuň serhoşdygyny ýa däldigini bilen bolmandyr, sebäbi içse-de, içmese-de, şol şadyýanlygy eken. Ine, onsoň ol bir gün panydan baka göç eýläpdir. Ony hormat bilen soňky ýoluna atarypdyrlar, jaýlaşmaga tutuş oba gelipdir. Beýleki obalardanam gelen köp bolupdyr. Sebäbi ol şeýle alçak adamdy. Onuň kempirem gam laýyna batypdyr. Jaýlananynyň dördülenji güni goja kempiriniň düýşüne giripdir. Ol haýsydyr bir daga barýan ýodada ýeke aýakda towsaklap ýörşüne: ― Hudaýyň haky üçin pişeklerimi ugratsana. Olarsyz jennete baryp bilemok ― diýip haýyş edýärmiş. Kempir ukudan oýanyp, gojasynyň halyna ýüregi awapdyr. «Bu ne düýş boldugyka? Pişeklerini nädip ibersemkäm?» diýip oýlanypdyr. Ertesi agşam ýene şeýle düýş görüpdir. Ýene gojasy ondan pişeklerini ibermegini sorapdyr, çünki olarsyz jennete bary bilenokmyş. «Ýöne olary oňa nädip ibersemkäm?» diýip, kempir oýanansoň pikir edipdir. Näçe oýlansa-da, onuň ugruny tapyp bilmändir. Onsoň: «Ýene düýşüme girip, pişeklerimi iber diýäýse, nätmelidigini özünden soraýyn» diýen karara gelipdir. Indi ol her gije kempiriň düýşüne girýärdi, pişeklerini soraýardy, emma kempir ukudaka aljyrap, ibermegiň ýollaryny soramagy ýadyndan çykarýardy welin, düýşi ýitirim bolýardy. Ahyrsoňy ykjamlandy-da, ukudaka-da hatyrjem boldy. Gojasyna gözi düşenden, oňa agzyny açmaga-da maý bermän: ― Saňa pişekleri nädip ugratmaly? ― diýip sorady. ― Obamyzda birinji ýogalan kişiden ― diýip, goja jogap berdi-de, oňaýsyz towsaklap, çolak aýagyny sypalady-da, ýodanyň gyrasyna çökdi. Kempiriň oňa nebsi agyryp, hatda düýşünde agladam. Oýanansoň weli, ekezlendi. Indi ol näme etmelidigini bilýärdi. Çegemiň o çetinde başga bir goja ýaşaýardy. Şol goja bilen kempiriň adamsy aşnadylar, köplenç bileje içerdiler. Ol kempiriň gojasyna: ― Seňki hezil-le, näçe içseňem sagat pişeklere daýanybilýäň. Çakyr meniň-ä aýagyma urýar ― diýerdi. Ol şeýdip degşerdi. Häzir welin, şo goja agyr ýatyr, obadaşlaram onuň bu gün-erte ýogalar öýdüp garaşýardylar. Onsoň kempir şol goja ölenden soň, o dünýede gojasyna pişeklerini gowşurary ýaly, olary tabydyna salmaga razylyk almak üçin, onuň bilen gürleşmegi ýüregine düwdi. Ol säher bilen ýakynlaryna matlabyny beýan etdi. Öýünde ogly, gelni hemem ýetginjek agtygy bardy. Beýleki çagalarydyr agtyklary özbaşdak ýaşaýardylar. Kempir olara eňek atyp ýatan gojanyň ýanyna gidip, adamsynyň pişeklerini tabydyna salmaga rugsat sorajakdygyny aýdanda: «Muň-a aňkasy aşypdyr» diýşip, onuň üstünden gülüp başlaýarlar. Aýratynam, agtygy içini tutup gülýärdi, ol on ýyllyk mekdebi tamamlansoň, maşgalada iň sowatlysy saýylýardy. Elbetde, pursatdan peýdalanan gelnem hahahaýlap güldi, dogrusy, oglundan üýtgeşik tarapy, onuň orta bilimi ýokdy. Gülüp, göwün solpusyndan çykan gelni: ― Entek diri kişä ärimiň pişeklerini tabydyňa salaýyn diýseň nähili bor-a? ― diýdi. Emma kempir bar zady ölçerip-döküpdi. Ol: ― Oňa edil häzirjek amanadyňy tabşyr diýip oturan ýog-a. Goý, sanaglysy dolansoň ýogalsyn. Pişekleri ýany bilen äkitmäge razy bolsa bolýa ― diýdi. Parasatly hem aşa sypaýy kempir, ine, şeýle jogap berdi. Ony raýyndan gaýtarjak bolsalar-da diňlemän, şol günüň özünde gojanyň öýüne gitdi. Içi süýji-püýjüli düwünçegem aldy. Düwünçegi hem-ä näsagy soramak, hemem üýtgeşik haýyşyny aýtmazdan öň eňek atyp ýatan gojany, onuň maşgalasyny ýumşatmak üçin äkitdi. Goja jaýyň ikinji gatyndaky otagda, haly teň bolsa-da, toýun şybygyny sorup ýatyrdy. Olar birsellem ondan-mundan gürrüň etdiler, kempir weli, haýyşyny aýtmaga ýaýdanyp otyrdy. Üstesine, jaýda gojanyň gelni hem ýakyn garyndaşlarynyň käbiri otyrdy. Irnik ýeri, ol ilki pikir edişimizdenem has sypaýy eken, ýöne gojanyň özi onuň adamsyny ýagşylykda ýatlap, oňa kömege geläýdi. Soňam uludan demini alyp: ― Menem bahym o ýerde seň gojaňa duşmaly boljak öýdýän― diýdi. Kempir ekezlendi: ― «Dile geldi — bile geldi» diýleni― diýip, söze başlady, düýşüni hem gojasynyň ilkinji ýogalan obadaşyndan pişeklerini ibermek baradaky haýyşyny Gürrüň berdi. ― Men seni gyssap duramok, ýöne kazaň dolaýsa weli, gojam jennete aşar ýaly, pişekleri tabydyňa salmaga izin beräýseň ― diýibem sözüniň üstüne goşdy. Dişi bilen şybygyny gysyp ýatan goja dili şerebeli hem myhmansöýer kişi bolsa-da, edil tabydyna özgäniň pişegini alar derejede hoşgylaw däldi. Tabydyna özgäniň pişegini asla saldyrasy gelmeýärdi. Utanaýýarmyka? Ýa-da gaýry obalardan soňky ýoluna ugratmaga gelenleriň ony dirikä maýypdyr öýtmeklerinden çekinýärmikä? Emma gönüden-göni boýun gaçyrmagam gelşiksiz boljak. Onsoň goja degişen bolup sapajak atdy: ― Ondan-a tabydyma ýagşyja çaça sal, adamyň bilen duşuşanymyzda içer ýaly ― diýip teklip etdi. ― Seň ýadyňa oýun düşýä, o bolsa garaşyp ýatyr, her gije pişeklerini ibermegimi soraýa ― diýip, kempir uludan dem aldy. Goja bu kempirden dynmagyň kyn düşjegini aňdy. Onuň, umuman-a, ýogalasam gelenokdy weli, tabydyna pişekleri almaga-ha kes-kelläm höwesek däldi: ― Indiden soň men nädip onuň yzyndan ýeteýin. Pahyryň gaýdyş bolanyna bir aý boldy. Meni şol ýodadan jennete iberjeklerine-de ynamym ýok. Meň günälem... ― Seň günäleňňe belet-le ― diýip, kempir oňa garşy çykdy. ― Meň gojamam edil seňki ýaly günäler bilen jennete ugradypdyrlar-a. Ýetibilmen diýip ile gülki bolma. Gojam ýeke aýakda towsaklap, uzaga giden däldir. Seni gyssab-a oturamok weli, aýdaly, ertir amanadyňy tabşyraýsaň, birigün onuň yzyndan ýetersiň. Senden gaçyp-gutulybilmez ol. . . Goja pikire batdy. Olaryň gürrüňini şol wagta çenli sessiz-üýnsüz diňläp oturan gojanyň gelni ara düşdi. Ol dodagyny kemşerdip: ― Eger aňyrda bir zatlar bar bolsa, onda tabydyňa bir halta hozam salaly. Agam pahyr ony gaty gowy görýärdi... ― diýdi. Kempir: «Gelinleň barynyň topragy bir ýerden alnan-da, hemme zada burunlaryny sokup ýörendirler» diýip, içini gepletdi. ― Görýän weli, siz tabydymy araba dönderjek öýdýän! ― diýip, goja gatyrgandy, soň kempire ýüzlenip: ― Bir hepdeden gel, şonda anyk jogabyňy bererin ― diýdi. Kempir: ― Giç bolmazmy? ― diýip, indi sypaýysyrabam durmady. — Men seni gyssab-a duramok weli... ― Giç bolmaz― diýip, goja ynamly aýtdy-da, ýene şybygyny sorup ugrady. Şeýdip, kempir yzyna dolandy. Agşamara öýüne geldi. Aşhana girende, garaşylmadyk ýagdaýa gözi düşdi. Onuň wäşije agtygy aşhananyň ortarasynda aýagy saralgy, eli pişekli durdy. ― Saňa näme boldy? ― diýip, enesi allaniçigsi boldy. Kempir ölüm ýassygyndaky gojanyňka gidende, agtygy hoz ýygjak bolup agaja çykypdyr, bilmezden guran şaha basandan, ol döwlüpdir, oglan ýykylypdyr-da, aýagyny erbet burukdyrypdyr. Agtygy: ― Pişekler eýeli, goja bir aý çemesi garaşmaly bor― diýdi. Kempir gojasyny gowy görşi ýaly, degişgen agtygynam eý görýärdi. Onsoň pişekler agtygyna has zerur diýen netijä geldi. Goja bir aý garaşsa-da bolar, jennete barýan ýoluň howasy bulaşasy ýok. Onsoňam hassa goja, kempiriň çakyna görä, Bir aý, belki, köprägem garaşybiljek-le. Şybygyny burugsadyp ýatyşyny gör-ä! Has geň ýeri, şondan soň goja pişeklerimi iber diýip, onuň düýşüne girmedi. Eger-eger. Bir ýerlere ýitirim boldy. Kempir ir-ertirler düýşlerini ýatlap, belki, goja agtygynyň aýagynyň gutularyna garaşýandyr diýen oýa çümýärdi. Belki-de, goja ýol ugrundaky gyrymsy agaçlara daýanyp, eýýäm jennete ýetendir öýdüp, göwnüne teselli berýärdi. Şol eňek atyp ýatan goja-da kempir baryp gaýdansoň, garrylara gelişmejek tizlikde sagalyp ugrady. Onuň öz tabydyna özgäniň pişeklerini kes-kelläm alasy gelmeýärdi. Ömründe ýeke gezek agsamadyk halyna tabytda pişekli ýatmagy ýokuş görýärdi. Ol häzirem diri, ýogsa ondan bäri bäş ýyl geçdi. Tokaýda geçilerini bakyp ýör, wagtal-wagtal olara, hatda şybygyny agzyndan aýyrman, ýaşajyk hoz şahalaryny ýygybam berýär. Onuň şo-ol paltasyny aýlap, şaha çapyp, şybygyny burugsadyp ýörşi. Iblis oňa alysdan garap durşuna: «Bu dünýän-ä partladardym weli, näletsiňmiş goja şybygyny kükedip ýörşüne gümmürdä pitiwa ederem öýdemok — diýip, dişini gyjaýar. — Geçileri doýýança garaşaýmaly bor-da». Heniz goja palta urup, şybygyny burugsadyp ýörkä, bizem aman-esendiris. Geçiler bolsa, hiç haçanam doýmaz. © Fazil ISKANDER Terjime: © Orazmyrat TÄÇMÄMMEDOW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |