Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:05
Otuz ýedinji ýylyň byzmygy / hekaýa

OTUZ ÝEDINJI ÝYLYŇ BYZMYGY

Ejesi bişiren on iki byzmygyny tabaga saldy-da, ony tumbañ üstünde goýdy. Şol wagt öýde üç adam bardy — ejesi, ogly hem gyzy. Kakalary işden gijagşam dolanýardy. Mekdepde öýlän okaýan uýasy okuwdan gelensoň, naharlanmaga oturdylar. Tabakdaky on iki byzmygyň on bir bolany şonda bilindi. Ejesi:
— Näme üçin byzmygy soraman aldyň? — diýip, oglundan sorady. Ol:
— Men-ä alamok — diýdi. Byzmygy, dogrudanam, ol almandy.
Ejesi geň galdy:
— Onda kim aldy? Üstüne atar ýaly öýde pişigimizem-ä ýok.
Oglanjyk öz diýenine tutdy:
— Men-ä ellämok.
Ejesi:
— Onda kim aldyka? – diýdi. – Öýde başga adam ýokd-a. Sen näme edeniňi bir bilýäňmi? Birugsat alanyň-a alanyň, üstesine-de alamok diýip, ýalan sözlemäň näme?
— Çynymy aýdýan, men alamok — diýip, oglanjyk janykdy.
— Onda, diýmek, meň aňkam aşypdyr-da, şeýlemi? — diýip, ejesi gaharlandy. — Herimize üçden ýeter ýaly laýyk on iki byzmyk bişirdim. Indi bärde on bir sanysy bar. Birini iýipsiň, şoň üçin ikisi bilen oňmaly borsyň.
— Bolýa — diýip, oglan razylaşdy. Onuň aňsatjak kaýyl bolmagy ejesiniň beter janyny ýakdy.
— Ýöne näme üçin boýun alaňok? Onuň üçin urjak däl-ä men. Byzmygyň birini alanyň açyk-aýdyňka, bigaýratlyk edýäň.
— Men almadym! — diýip, oglan bir diýenini gaýtalady.
Ol asylam byzmygy almandy.
Ejesiniň ýüzi boz-ýaz boldy.
— Sen meni heläk edýäň-dä. Men on iki byzmyk bişirdim. Bişiripjik, tabaga salyp ýörkämem gaýtadan sanadym. Laýyk on iki sanydy. Hany ýene biri?
— Bilmedim.
— Onda kim bilýä? Öýde diňe ikimiz bardyk. Onda ejeň zalym-da, byzmygy özi iýip, indem ogluny günäkärleýär. Şeýlemi? Bol, jogap ber, ejeň zalymmy?
Oglan:
— Ýok, men-ä beýledir öýdemok — diýdi.
— Onda hany bir byzmyk?
— Bilmedim, men-ä ellämok.
— Onda howada gaýyp boldumy ol? — diýip, ejesi haýkyrdy. — Kesirligiň bilen meni ahyr bir gün göre salarsyň-la. Ýüregagyrylydygymy bilýäň-ä sen.
Ol stoluň başyndan turdy, bulgurjyga walerýana damdyryp, içdi.
Oglanjygyň ejesine ýüregi awady. Özüne indi gün berilmejegini bilýärdi.
Ejesi ýerine geçdi-de, hamala, dermandan ekezlenen ýaly bolup, gaýtadan sorag etmäge başlady:
— Ýeri, byzmyk nirä ýitirim boldy?
Oglan:
— Aý, bolýa, men iýdim şony — diýdi, sebäbi ejesine dözmedi. Şeý diýäýmese, ol halys ýakasyny goýbermejek ýalydy.
Ejesi:
— Häliden şeýdäýmel-ä — diýip, birneme köşeşdi. — Onda byzmygy seň alanyň çyn-da?
— Ýok, ýalan — diýip, oglanjyk jogap berdi.
Ol: «Byzmygy men iýdim» diýse, ejesi köşeşer, gürrüň şu ýerde gutarar öýdüpdi. Indi welin etmedik işini boýun alyp, oňa beter gylaw berendigine düşündi.
Ejesi:
— Bi meni dälireder-le — diýip, janyýangynly gorsanjyrady. — Byzmyg-a iýipdir, ýöne almanmyş. Eýse, näme, özi agzyňa uçup giräýdimi? Sen samsykmy ýa-da kezzap?! Haýsy bolaňda-da, häzir ýene ýüregimden tutýa.
Onuň ýene ejesiniň bolşuna nebsi agyrdy.
— Aý, hawa, byzmygy men iýdim, men! — diýip, öňki aýdanyna tutdurdy.
— Onda seniň alanyň çyn — diýip, ejesi dabara bilen tekrarlady.
— Ýok, çyn däl — diýip, oglan jogap berdi.
Bu, hakykatdanam, ýalandy, oglanjygyň ýalana ýaran bolasy gelmeýärdi. Diňe ejesine ýüregi awansoň: «Byzmygy men iýdim» diýipdi.
Ejesi elini çarpyp goýberdi:
— Sen barypýatan troskist! Şu günler Troskiň tarapdarlaryny sud edýärler. Prokuror olardan: «Içalylar hem diwersantlar bilen duşuşdyňyzmy?» diýip sorasa, olar: «Hawa, duşuşdyk» diýýäler. «Onda sowet hökümetine garşy hereket edeniňizi boýun alýaňyzmy?» diýseler, olar: «Ýok, boýun alamzok» diýip jogap berýäler. Hany hakykat, hany mantyk? Tüýs troskist sen, byzmygy iýipmişiň, ýöne almanmyşyň, şeýlemi?..
Oglanjyk ejesi ahyrsoňy köşeşer öýdüp:
— Hawa — diýdi.
— Eger almadyk bolsaň, nädip iýip bildiň, hä? — diýip, ejesiniň gahardan ýaňa bolmajysy boldy, soňra öz ýanyndan tapan çykalgasyna begenýän ýaly üstüne goşdy: — Belki, sen ony eliň bilen ellemän, dişiňe gysansyň? It ýaly agyz urup, dişläp alansyň?
Başga çykalga tapmadyk çaga:
— Hawa, dişim bilen aldym — diýdi.
— Soňam iýdiňmi? — diýip, ejesi gazaply sorady.
— Soňam iýdim — diýip, oglanjyk aýdylany tassyklady.
— Şeýdip, eliňi degirmänjikmi? — diýip, ejesi gahar gatyşykly bilesigelijilik bilen sorady.
— Hawa, elimi degirmänjik iýdim — diýip, oglan ýene tassyklady.
— Ýöne eliňe almasaň, byzmygy iýip bolanog-a, ol bitinligine agzyňa sygmaz, ýogsa agzyň ulam welin... Diýmek, nätseňem eliň bilen tutupsyň! Diýmek, alypsyň-da? Ahyrsoňy gepiňde tutuldyň!
Oglanjyk indi paş ediljegini aňyp, dessine jogap tapdy:
— Men ony tumbaň üstüne eglip, göni tabakdan iýdim...
Ejesi başyny ýaýkady:
— Gör, munuň mekirjedigini, «Byzmygy ellemedim» diýmek üçin, ony dişine gysanmyşyn. Neneň akylyňa gelýär bu zatlar! Ýalan sözläniňe indi beri düşündiňmi?
— Dogrymy aýtdym, byzmygy men alamok.
— Alypsyň, dişläp alypsyň! — diýip, ejesi gahar-gazaba münüp gygyrdy. — Sen byzmygy iýdiňmi ýa ýok?
Ejesine haýpy gelen oglanjygyň ýürejigi jigläp gitdi.
— Iýdim, iýdim! — diýip, ol ejesini köşeşdirmek üçin gyssanmaç razylaşdy.
Indi hakykat başy çaşan oglanyň öňünde goşalanan ýaly boldy. Bir tarapdan, iýmedigem bolsa, ýekeje byzmygy iýdim diýende näme boljak? Başga tarapdanam, ýalan sözlänini boýun alasy gelenok. Hakykat bilen ýalan onuň üçin islendik byzmykdan ähmiýetlidi.
Ejesi:
— Nejis troskist! Öýden gümüňi çek, agşama çenli ýüzüňi görmäýin! — diýip gygyrdy.
Köçä çykan oglanjygy gam-gussa basdy. Ol kakasy işden dolanmaz, ony tussag ederler öýdüp, ejesiniň her gün uly alada galýanyny gowy bilýärdi. Ejesi kakasyna: «Saňa hüşgärlik bilen pugtalyk ýetenok, şoň üçinem basylarsyň» diýýärdi. Oglanjyk onuň hüşgärlik hem pugtalyk diýip nämäni göz öňüne tutýanyna doly düşünmeýärdi. Emma ejesi maşgalany hüşgärlik bilen pugtalyk aman saklar öýdýärdi. Oglanjyk ýurtda birhili bulagaýlygyň, elhençligiň bardygyny duýsa-da, oňa nähili akyl ýetirjegini bilmeýärdi, bu hakda oýlanasam gelmeýärdi.
Ähli ýerde tüpbozarlara garşy kazyýet işleri alnyp barylýar. Ulular olar barada berilýän gepleşikleri diňlejek bolup, nebsewürlik bilen radio gulaklaryny gerýärler. Oglanjyk olaryň galagoply ýagdaýa düşýändiklerini, şol bir wagtyň özünde-de bela-beteriň özlerinden sowlup geçenine begenýändiklerini duýýardy. Emma bu barada oýlanasy gelmeýärdi.
Tizara ony goňşy oglanlar top oýnamaga çagyrdylar. Ol oýna gyzygyp, bar zady: byzmygam, bulaşyklygam, elhençligem — oýlanasy gelmese-de, aňyna biygtyýar gelýän zatlaryň baryny unutdy. Indi birneme ynjaldy, arkaýynlaşdy.
Birdenkä uýasy daşary çykyp, ony çagyrdy:
— Ejem derrew öýe gel diýýär!
— Näme boldy?
— Tumbaň aňyrsyndan syçanyň şygyrdysy eşidildi, ejem ol ýere seretse, bir byzmyk ýatan ekeni. Çaltjak öýe gel! Ejem çagyrýa! — diýip, demi-demine ýetmän gürledi.
Oglanjyk byzmykly meseläniň öz-özünden çözülenine monça bolup, öýüne eňdi. Ol ýiten byzmyk üçin günertlänine ejesi öküner öýtdi, emma ol aşhanada elini eňegine diräp, gussa batyp otyrdy. Onuň bolşy gowulyga däldi. Oglanjygyň ýene keýpi gaçdy.
Ejesi gubar baglan gözlerini ogluna dikip, gussa bilen dil ýardy:
— Näme üçin byzmygy iýdim diýip ýalan sözlediň?
— Men ýalan sözlemedim, byzmyk tumbaň aňyrsyndan tapylypdyr-a...
— Ýöne sen onda-da iýdim diýip, boýun aldyň. Näme üçin ony iýdim diýdiň?
Oglanjyk başyny sallap, dymdy. Ejesine ýüregi awansoň şeý diýenini aýtmaga utandy.
Ejesi:
— Meni ýüregagyryly halyma näme üçin kösäniňi aýdýançaň, günüňe goýman. Näme üçin «Byzmygy iýdim» diýip ýalan sözlediň? Onda-da ýapa degmejek gep tapýaň, dişiň bilen alypmyşyň. Ýezit diýsänim! Jogap ber, näme üçin ýalan sözlediň?
— Aý, meni halys günüme goýmadyň-da, onsoň seni köşeşdirjek boldum, saňa dözmedim...
— Maňa dözmänmiş! — diýip, ejesi teýeneli gürledi. — Gör-ä bu ýüregi ýukany! Byzmygy almadyk bolsaň, diňe hakykata daýanmaly. Hernäçe gynasalaram, diňe çynyňy aýtmaly! Sen welin çüýrük intelligent ýaly çykalga gözleýäň: iýdim, ýöne ellemedim. Men tas däliräpdim. Adam mydama diňe dogrusyny aýtmaly!
Görsene, syçan sebäpli hakykaty biläýdim, ýogsa ony senden dartybam alyp boljak däl eken. Nähili döwürde ýaşap ýörenimize bir düşünýäňmi sen?! Partiýa bilen ýoldaş Staliniň hut özi bizden hüşgärlik bilen pugtalygy talap edýär! Sen hijisinem başarmaýanyňy görkezdiň. Bar, el-ýüzüňi ýuw. Soňam gapan gurna, öýde ýene syçan köpelip ugrady. Olaram öýde hüşgärligiň, pugtalygyň ýokdugyny duýýan borly.
Oglanjyk ýüzüni çytyp, elýuwara tarap ýöneldi. Onuň syçanlar babatda-da kynçylygy ýetikdi. Ejesi oňa gapana düşen syçanlary öldürmek üçin köne çarşak beripdi, ýöne oglanyň olara çarşak dürtesi gelenok. Syçan tutuldygy, ol gapany daşary çykaryp, suwly ganawyň üstünde açýar, onsoň diri syçan şoňa jülpüldäp gaçýar. Onuň ýene öýe gelip biljeginden çaga bihabar. Oňa syçanly meselede-de hüşgärlik bilen pugtalyk ýetenok.

© Fazil ISKANDER
Terjime: Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Fazil Iskander, Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 sussupessimist • 07:14, 04.01.2024
Bu terjimäni öňem birki yerde paylaşypdym. Belki, okamadyklar bardyr diyip yerleşdiraydim (aslynda mekdep meyilnamasyna girizibermeli hekaya).
Sapargeldi Annasähediň «Şeytanyň hekayasy» eseri bilen gowy sazlaşyan yaly.
avatar
0
2 Mekan2 • 09:45, 04.01.2024
öň galamdaşda okap halapdym. ýene haladym.

aslynda o ýeňňä-de dözer ýaly däl.
avatar
0
3 Мango • 10:22, 04.01.2024
aşakyja ýerini eden bolşuny. ýürek agyryny yzly-yzyna gaýtalapjyk gowja edip "daňýa".

— Kesirligiň bilen meni ahyr bir gün göre salarsyň-la. Ýüregagyrylydygymy bilýäň-ä sen.
Ol stoluň başyndan turdy, bulgurjyga walerýana damdyryp, içdi.
Oglanjygyň ejesine ýüregi awady.
avatar
0
4 Pero • 13:50, 04.01.2024
Degnam öwerlik däl öýdýän,men-ä oglanjygyñ ýerine bolsam dälirärin öýtdim. Onuñ ejedigi,gorky astynda ýaşaýandygy,ýüregagyrylydygy ýatdan çykdy gaýta-gaýta ýatladýandygyna garamazdan. Sülçimi,prokurormy garaz,ṣolardan biri soraga tutan ýaly-da,walla.

Suratdaky oglanjygyñ elleri bir-birine gabat gelmän duran ýalymy,ýa göwnümemikä?
avatar
0
5 Мango • 14:34, 04.01.2024
öýüň içindede ýurduň dartgynlylygy (repressiýa) bildirse-de şo meseläni oglanjyk köçä kowlansoň gowy işlenýär. bir hili tüýs ýerinde aýdýan ýaly. haladym şo usuly.

"Köçä çykan oglanjygy gam-gussa basdy. Ol kakasy(ny) ...tussag ederler öýdüp, ejesiniň her gün uly alada galýanyny... Ejesi kakasyna: «Saňa hüşgärlik bilen pugtalyk ýetenok, şoň üçinem basylarsyň»...
...maşgalany hüşgärlik bilen pugtalyk aman saklar öýdýärdi...
...ýurtda ...bulagaýly(k), elhençli(k)...
Ähli ýerde tüpbozarlara garşy kazyýet işleri...
...bela-beteriň özlerinden sowlup geç(megi)..."
avatar
0
6 Мango • 14:40, 04.01.2024
Tekjäniň aňyrsyndan syçanyň şygyrdysy eşidildi, ejem ol ýere seretse, bir byzmyk ýatan ekeni.

şo "tekjelei" ýerini ozal galamdaşda-da aýdypdym öýdýän.
şo tekje bolmaly däl originalda, tumba ýa şkafmyka diýýän.
tekje diwara berkidilýär we ýokarda ýerleşýär.
şoňüçrip tekjäň aňyrsyna byzmyk gaçyp bilmez.

hekaýa-da, terjimesem, terjimeçisem, okujysam... hemmesi gow.
avatar
0
7 Mekan2 • 15:22, 04.01.2024
hasam şu ikisi "jan alyjy" sözler

hüşgärlik bilen pugtalyk aman saklar öýtmekleri.

bela-beteriň özlerinden sowlup geçenine begenmekleri.

gaty üýtgeşik/täsin döwür. şondan biraz öňi hem, soňy hem şeýle. arasynda kakam bilen (pahyryň ýatan ýeri ýagty bolsun) sssr hakda, stalin hakda jedeljik eden bolýadyk. kakam çagalary bilen gürleşip oturýan adamam däldi welin, ömrüniň soňuraklarynda, daşy jat açdyrýan keýplijekä, tötänden açylan temadan jedeljik bolan bolýady. şonda, haýran galaýmaly, pahan sssr-iň, staliniň, hatda 37-iňem arkasyny alan bolýady. esasy argumenti: "onýaly uly döwlet gurmak üçin...."
avatar
0
8 Atsyzatly • 15:54, 04.01.2024
"Şol wagt öýde üç adam bardy — ejesi, ogly hem gyzy. Kakalary işden gijagşam dolanýardy. Mekdepde öýlän okaýan uýasy okuwdan gelensoň, naharlanmaga oturdylar."

* * *

Herimize üçden ýeter ýaly laýyk on iki byzmyk bişirdim.

* * *

— Onda kim bilýä? Öýde diňe ikimiz bardyk. Onda ejeň zalym-da, byzmygy özi iýip, indem ogluny günäkärleýär.

Şu ýerde hasaplarda nätakyklyk bar ýaly.

Indi hakykat başy çaşan oglanyň öňünde goşalanan ýaly boldy. Bir tarapdan, iýmedigem bolsa, ýekeje byzmygy iýdim diýende näme boljak? Başga tarapdanam, ýalan sözlänini boýun alasy gelenok. Hakykat bilen ýalan onuň üçin islendik byzmykdan ähmiýetlidi.

Birinji sözlemde dyngy belgi ýetmezçiligi bar öýdýän, okaňda ýalňyşdyrýar welin. Üçünji sözlemde-de nädürslik bar öýdýän.
avatar
0
9 Atsyzatly • 16:15, 04.01.2024
Hekaýanyň anyk näme diýjek bolýanyna bilemok welin, "hüşgärlik we pugtalyk" sözleriň etrabynda düzüleninä düşünýän. Hüşgärlik we pugtalyk 37-nji ýylyň döwlet agitasiýasy bolup biler. "Içimiz dönüklerden doldy ýoldaşlar, hüşgär bolup, kapitalist imperialistlere berk gaýtawul bermesek bolmaýar" diýen ýaly, öz edýän işlerini tasa getirmek üçin. Ýöne, anyk näme diýjek bolýar, bilmedim. Okaýmana erbet däl ýaly.
avatar
0
10 sussupessimist • 20:40, 04.01.2024
tumba düzedildi. Belligiňe minnetdar.
avatar
0
11 sussupessimist • 20:55, 04.01.2024
Eje, ogul, gyz (gyz öylän okaya, gelen badyna nahara oturyalar). Jemi 4 adamlyk hojalyk. Kakasy – işde. Eynşteyniň çykaran hasabyna görä, hekayada 3 adam hereket edyär.
Indi saňa öy iş, Atsyzatlyyew!
Kakasy öyde yok wagty: 4-1=?
Gyz gelmänkä: 3-1=?
Gyz (oglanjygyň uyasy) okuwdan gelensoň: 2+1=?
Ejesi "herimize birini bişirdim" diyya, yagny: 4×3=?
:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202