Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:28
«Degme, ezizim! Örtme üstüm...»

***
Degme, ezizim!
Örtme üstüm,
Ỳeljiresin bedenim.
Sowuk ursun dabanyma
Gowusy, sen pyçagy
Paçaga syha dözümli.
Syrma kerebini pikirleň
Dagynyklyk gerek.
Oňa derek syk ganymy,
Gyrmalasyn badany
Iki-ýeke damjasy heseriň,
Ahmyryň, joşgunyň.
Başa çekeýin -
mest bolsun serim
Hem gaýyp düşeýin
Gujagyna boşlugyň.

© Mämmet GARAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 168 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Mämmet Garaýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medicall • 18:22, 24.04.2024
užasly goşgyken.
"ezizine" "wampir, manýak bol" diýen ýaly bolupdyr))))

Gowy!
avatar
0
2 Merdan • 20:15, 24.04.2024
Garaýew diýýämaýt?
avatar
0
3 Мango • 23:24, 24.04.2024
Degme, ezizim!
Örtme üstüm...

gyzykly.
"örtme üstüm..." diýende nämeüçindir hz. Hatyja aýdylan "ÜSTÜMI ÖRT" sözi ýada düşdi...

---

...syk ganymy
...(ganly) badany
...Başa çekeýin...

öz ganyňy sykdyryp, onam özüň içmekde näme many bar?
ýa "başa çekilen" gan dälmi?
men ters düşündimmi-käm?
avatar
0
4 sussupessimist • 09:58, 29.04.2024
ganyny sykdyryp, badasy heserden, ahmyrdan, joşgundan püre-pür bolýar, şony içip, sermest bolup, boşlugyň gujagyna düşüp ýör-haw bu...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203