Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:36
Soňky gezek

SOŇKY GEZEK

Soňky gezek görüşeli,
Atyşaly...
ㅤㅤㅤㅤㅤ...birki nazar.
Galam deý ýiti kirpikleň
Belki-de, kalbyma ýazar
Bar soraglaň bellisini,
Ýa goýar garagmy oýup,
Gyzyl nokat belgisini.

Soňky gezek sataşaly,
Tutaşaly alaw ýaly,
Bolsa-da şunça ýaşalan
Zatlaň bary ýalan ýaly.

Açaly ähli syrlarmyz,
Sebäbi biliner ir-giç.
Synlaýyn görmedik ýaly
Men seni şu çaka deňiç.

Soňky gezek duşuşaly,
Uçaly birdemem bolsa.
Alaýyn razylygyňy
Eger göwne degen bolsam.

Şatlyklary alyp git sen,
Goý-da maňa gaýgylary.
...Görüşeli soňky gezek,
Soňky gezek aýrylaly.

© Mukam MUHAMOW
Görülen: 171 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 3.9/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 11:11, 06.05.2024
Soňky gezek görüşeli,
Atyşaly...

:-) duela çagyryp dumy "atyşaly" diýip.
---
görüşeli-atyşaly, sataşaly-tutaşaly, duşuşaly-uçaly – gowja eriş çekipdir.  argaçlaram nejis däl.  garaz, gowy haly.
---
Soňky gezek sataşaly,
Tutaşaly alaw ýaly,
Bolsa-da şunça ýaşalan
Zatlaň bary ýalan ýaly.

şörde "Bolsa-da" dowrumaý?
---
Soňky gezek duşuşaly,
Uçaly birdemem bolsa.

belli-külli soňky gezek duşuşmaga barýan kişi "uçaly" diýip teklip edip dumy?
---
...Görüşeli soňky gezek,
Soňky gezek aýrylaly.

"görüşeli soňky gezek" diýende niýeti düşnükli welin, bu "aýrylaly soňky gezek" diýip durşundan çen tutsaň öňem bir aýrylyşylan ýalyla.
görülişip-aýrylyşyp dularmy ýa?

ýyzzyllaň 5-si.
avatar
0
2 sussupessimist • 22:04, 06.05.2024
ýöne Mukam mundan has gowy ýazyp bilýär...
avatar
0
3 Seýrаn • 22:08, 06.05.2024
Mukamyň syry diýip kino bardymy?
avatar
0
4 Medicall • 22:31, 06.05.2024
Mukam öñler gowy ýazardy, soñky ýazyanlary beyle dal ýalyrakmy namemi
avatar
0
5 Aýgül_Garaýewa • 20:21, 08.05.2024
Şahyra şert gerek, Nurdan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203