Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:46
Ikinji jahan urşy barada

IKINJI JAHAN URŞY BARADA


Ýadymda,
Ýokary okuw jaýyna,
Giriş.
Soňky synag,
Taryh boýunça.
Bilýän zatlarym düşdi bije paýyma,
Tolgunýan,
Bolýaryn monça.

Synag alýan, hatda, biraz degişdi,
«Üçünjä geç,
Bulaň ýakdyň sen jantyn».
Gadym dünýä taryhyna degişli,
Jogaplaryň soňlanmanna gynandym.

Täzeden sözlerim öwrüp gurşuna,
Şunça ýyllar geçmedik deý aradan.
Biziň «Beýik Watançylyk urşuna»
Gürrüň berýän «kömegimiz» barada.

Pagtalar, joraplar, altyndyr-zerler,
Şahsy puluna taňk ýasadanam bar.
Ýetimler, hossarlyk,
Mugallym birden,
Bu zatlaryň agramyny soraýar.

Sägindim, ýuwdundym, ajy der akýar,
Sanlary unudyp doňup durdy ýat.
Synag alýan bolsa heşelle kakýar,
«Edebiýat däl-dä taryh diýlen zat».

Bilýärin,
Ýöne şol jahan urşunda,
Ynsanlaryň ysmanaksyz hurşunda,
Ýürekleriň howsalaly urşuny,
Girýan gözleň ýola bakyp durşuny;
Aždarhasyn tükeniksiz açlygyň,
Öýden diri çykyp giden gaýyplaň,
Umydyn, ahmyryn, ömrün, ýaşlygyň,
Ejizledýän mertligini maýyplaň;
Haramzadaň güýmenjesi-küşdünde,
Pyýada öwrülen eziz gerçekleň,
Arzuwyny demir buzuň üstünde,
Kuýaş üçin hany-manyn berjekleň;
Serpigi deşilen, baglary üzlen,
Sowugyn tüýnükleň, garalan uklaň,
Awusyny kalplaň, hesretin ýüzleň,
Synagyn ykballaň, gaýduwsyz ruhlaň,
Ak sakgalyn goşawuçlap gojalaň,
Gorkusyny sandyraýan elinden,
Hasratyny ak gyňaçly ejeleň,
Soky daşy deýin gatan gelinleň;
Heýkel deýin ýeňňelerin gujaklap,
Hüýnübirýan nalyşyny baldyzlaň,
Ömür gülmez bolan tenler gyjyklap,
Hasabyn bimahal süýnen ýyldyzlaň,
Bogazdaky tegeklerden ýapylan,
Gözleň ýyldyraýşyn sowuk monjuk deý,
Nirelerden çeküw daşy tapylar,
Ölçermäge bulaň agramyny heý?!

Onsoňam, kim bilýär, gorap saklanyp,
Türkmenleriň çalyşmajak janyny.
Haryt çekýän otlulara ýüklenip,
Äkidilen atlarymyzyň sanyny.

Zamana durmaýar belli kararda,
Hiçdir oňa şikaýat-da tarypam.
Wakalaryň ýumagyny sarar-da,
Täze sahypasyn açar taryham.

Şaýat boldy soň-soň köp zada ykbal,
Aňym döndi howdanyna «mygyldyň».
Ýöne şindem başga jogap tapjak däl,
Näçelik goýsaňyz, goýuň, mugallym!

© Ilmet GURBAN
Bölümler: Goşgular | Görülen: 130 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Ilmet Gurban | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Merdan • 10:37, 09.05.2024
Ilmet aga pahyryñ sesi gelip giden ýaly boldy...
Sag bol
avatar

Старая форма входа
Total users: 203