TÜRKMEN EDEBIÝATY


12:51
Boşluk

BOŞLUK

Içim boş bu günler.
Ruhum gezyä ýüzi ýapyk aýnalarda.
Güýze garaşyp ýaşap başladym,
Ýaşyp başladym.

Men bir guşa garaşýan
Ýygyrt-ýygyrt bulutlaryň arkasyndan.
Duýýaram ol, öz getirjek
Zeytun baldajygynyň
Kemis ýüregimiň parçasydygyny.

Eý, meniň aktürpegim,
Göwni kertigim!
Uç, sen, güýz bilen gel!
Ap-ak ap-ak per bilen gel!
Sen bir gel-de —
Çykar ruhum aýnalardan!

Eý, ganaty bitmejegim.
Serhedime geçmejegim.
Içim boş bu günler,
Goş bu günler,
Goşgy günler...

© Rahat ŞYHYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Nurdan • 13:58, 08.05.2024
halatdy bu geň goşgy
avatar
0
2 Seýrаn • 14:09, 08.05.2024
Tanyş duýgulary döretjek boldy. Gowy eken goşgyň, Rahat.
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE