TÜRKMEN EDEBIÝATY


14:41
Öli / hekaýa

ÖLI

Duralga ýetip barýarka öldi. Ýöne munuň üçin säginmäge wagty ýok. Awtobus eýýäm duralgada, hyrsyz sürüji diňe ylgaşlap gelýänler üçin säginýär. Yzgytsyz nazarlaryň, arzan atyr yslarynyň, zombiler ýaly yranjyraşyp duran ynsan bedenleriniň arasyna sümülip, rahatrak bir ýerde durup bilen wagty özüni öňkülerden has ýeňil duýýanyny, ýa-da özüniň barlygyna ähmiýet bermeýänligini aňşyrdy. Gabadyndaky oturgyçda oturan, ýöne oturgyja has uly gelýän göwresi ep-esli daşa çykyp duran gelneje oňa «aňyrrak dur» diýýän terzde bakanda, öňküleri ýaly ýitip gitmek islegi döremedi, hatda hiç hili täsir etmedi – «Menem saňa süýkenmäge höwesli däl, ýöne görýäň-ä, dyknyşyk, süýşmäge ýer ýok» – egnini gysyp oňdy. Bu gelnejäň ýüzi tanyş göründi.
Iş ýeriň ýeňsesinde bukuja ýerdäki zibil gutydan baklaşkalary çykaryp duran ors, girelgeden girizmezlik üçin çekilen zynjyryň o başyndaky köne oturgyçda çilim çekip oturan garawul ýaşuly, ýasama mähirli şelaýyn tämizlikçi gelin... hemmesi gaty tanyş göründi. Hatda başlygam.
Başlygyň bu gezekki iňirdilerem o diýen täsirli ýaňlanmady. Onuň işgärlere aýdýan teýeneli sözleri göýä birnaçe ýyl öň eşdilen igenjiň ýatlamasy ýalydy.
Başlygam muny duýdy. Ýüzüne seredip biraz dymandan soň: «Geldiňmi?» diýip sorady.
– Geläýdim öýdýän.

21.05.2022

© Nejep BAÝAT
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 152 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Nejep Baýat | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
2
1 sussupessimist • 14:42, 07.05.2024
Bu hepdäni juda pozitiw notadan başladykmy? "Ölüm jezasy", "Öli"...:)
Size rahat ýaşamaga berjek däl men))
Dogry-da walla!
avatar
1
2 Nurdan • 14:58, 07.05.2024
"düýbi düz bolawersin" diýýärlermi, onno şu hepdäni ölmän geçirmäge çalyşmaly bolýas her bela bir bela edip)))
avatar
1
3 Mekan2 • 14:59, 07.05.2024
paýlaşsaň bolýa, öňem ölüp ýetýäs normalnyý prozaa.
avatar
0
4 Мango • 17:54, 07.05.2024
1-e.
barysy "Medet agalaryň gapysyndan çykan agy ses..." bilen başlady öýdýän...
Ýazjan başlady, yzynam alyp göterdiler...
avatar
0
5 Мango • 17:55, 07.05.2024
hekaýa absurdizmmi?
avatar
0
6 Merdan • 20:49, 07.05.2024
Absurddan soñam izm bolýamy...
avatar
0
7 sussupessimist • 22:30, 07.05.2024
absurd yzym
avatar
0
8 Мango • 23:57, 07.05.2024
– bir zat diýäýdim öýdýän?
avatar
0
9 Aýgül_Garaýewa • 20:05, 08.05.2024
Başdaky iki sözlemiň bilenem nokat goýup bilýän ekeniň, ýüwürjim...
Hemişe bolşy ýaly saňa taý ýok!
Taý gözelýändiris ýöne.
avatar
0
10 Kerim • 15:54, 09.05.2024
Gowy eken
avatar
0
11 Seýrаn • 19:51, 10.05.2024
Nejebiň okyjyny ät goýýan hekaýalaryndan biri. Wagty köp, şoň üçin gysga ýazýar. Pikirini çalt diýýär, ýylp edip okap ýetişmeli.
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE