Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:38
Deñiz notalary /hekaýa

DEŇIZ NOTALARY

Umman, ol wagtlar seniň ýalňyz bir özüňdiň. Han özüň, soltan özüň bolup, jumle-jahany tutup otyrdyň. Ne çägiň bardy, ne-de bir kenaryň. Herne özüňden başlanyp, gelibem ýene-de özüñde gutarardyň. Okean bolubam, deňiz bolubam sen köp asyrlardan soñ bölündiñ. Has takygy ýüregiň bölünenden soň bölündiň...
Erjellik maksadyna ýetdi. Şemala ahyrsoñy seniñ ünsüň düşdi. Dogry, bu mahala çenli ýekelik seniňem ýüregiňe düşüp ugrapdy. Göwün bir täzeligi — del bir zady küýseýärdi. Göwün diýlen zat şeýle bir zat bolar ekeni, ol ýalňyşam bolsa, öz pikirini ahyrsoňy hakykat ornuna geçirip bilýän ekeni. Häzir bolanlygyñda seniň ýüregiň hökman zenan maşgala deňelerdi. Zenanlara bolsa sen belet, sebäbi seniň özüň zenandyň. Ýöne sen ol günler özüñiñ zenandygyňdanam, alnyňda ene bolmak bagtyň bardygyndanam habarsyzdyň.
Şemal bolmadyk bolsa, sen, belki bu syry hiç mahal duýmasaňam duýmazdyň. Sen görmegeý, bezemendiň, birde daraýy köýnegiňi geýseň, ýene birde syýareňk mahmal köýnegiň içinde oýmuldardyň... Görübem seni söýmezlik mümkin däldi. şemaly şol günler yşk ýoluna ataran seniñ şu görk-görmegň boldy. Eger şeýle görmegeý bolmadyk bolsaň, şemal, belki, saňa hiç mahal aşyk bolmasa-da bolmazdy.
Onuň söýgüsi ýöne-möne zadam däl ekeni. Seniň arzuw-höwesiňiň gün-günden köpelmeginiň hem sebäpkäri şol şemal boldy. Indi sen boşlukda sagrysyny, butlaryny göz edip, zenan bolup sülmüräp ýatan umman däl. Oýun-dalaş seniň hemraňa öwrüldi. Wagtal-wagtal sen näzli gelin bolup näzirgäp, şemalyň
öňünden gaçýaň. şatlyga seri göterilen şemal bolsa, ýel bolup tüwdürlip, baş açyk, aýak ýalaň seniň söbügiňe düşýär. şol barmana-da, sen birden aýak çekýäň-de, yzyňa öwrülip, özüňi
onuň gujagyna oklaýaň. Hyjuw bilen güwläp, segräp asmana göterilýäň. Şemal seniň ýalaňaç boýnuňa gol salýar. Daraýy köýnegiň şundan soň onuň gujagynda pasyrdaýar... Oýun-dalaş bilen näçe wagt geçeni saňa-da, şemala-da belli däl. Ol wagtlar Günem ýokdy, Aýam, olaryň hasabam ýokdy. Aý-Günden çen tutup, kelle döwýänem ýokdy. Sebäbi bu zatlaryň ol günler hiç zada geregi ýokdy. Kimdir biri ºol günler senden ýaşan ýaşyňy soran bolsady, bilýän, sen oňa diňe şemala duşan günüňden bärki
wagtyň salgyny bererdiň. Indi sen öz ýanyňdan şol duşuşykdan öňki ýaşaýşyòy ömür hasabyna goşubam sanamaýarsyň. Häzirki günüň bilen deňeşdireninde, seniň üçin ol geçmişiň manysy bolmadyk bir boşlukdy. Şemal saňa seredende, has jahankeşdedi. Ol hemişe baraly ýerlere barmagy, görmeli ýerleri görmegi gowy görerdi.Bir görseò, ol at bolup seniň tolkunlaryòa sähel galtaşyp çapyp barýandyr, ýene bir görseňem, tolkunlar bilen deň segreşip, galyp, gujaklaşyp, süýjeşip ýörendir.
Arzuw-islege eýerilip edilen hereketleriň hemişe ýakymly bolşy ýaly, onuò üçin ikiçäk galyp, sessiz düşünişip oturmak, seniň zenan näziňi çekip ýaşamak, hemişe lezzetlidi. Söýgi dogurma höwesli zenan süňňüni öz gününe goýýarmy näme?
Ilki seniň süňňüň özüňde bir ýakymly agyrlyk syzdy. şondan soňam sen: «Bu näme boldugyka, janlarym?» diýip, oturyp wagtal-wagtal böwrüňi diňlemegi çykardyň. Müdimi syr bolup galýan zat barmy näme, ine, bir günem öz wagt-sagady gelende, sendäki bu ýagdaýam özüniň syr bolup ýaşamak möwritini ötürdi. Seniň ilkinji perzende, ýaňyl köýneklije ilkinji emele gelen ösüntgä gözüň düşdi. Şatlyk, tas
ýüregiňi çat açdyrypdy. Muňa şatlanmazlyk hem, muny kiçi hasap edip, görmedik bolmak hem asla mümkin däldi. Ol özge ýerde däl-de, hut seniò ýüregiò üstünde ülpüldäp otyrdy. Bu mahal şemal asmandaky ala sygyr, gara sygyr bolşup ýören bulutlary çopan bolup, bir ýerlerik sürläp alyp barýardy. Sen şemalyň öňünden çykyp, şatlygyňy onuň bilen bölüşdiň. Sebäbi ol şatlyk bir özüň şatlanardan juda köpdi.
Üçünji artykmaçlyk etmedi. Gaýta ol hemişe asmana gidip, ygamlap, kaòkap gelýän şemaly birneme öýdeçir etdi. Sen oňa sallançak bolduň. Şemal bat bolup, ony hiňlenip üwredi... Ilkinji perzendiňi gujagyňa alan günleriň sen ol perzent hemişe öz etegiňe ýapyşyp, ýanyňda ýaşar öýdüpdiň. Ýöne
ýalňyşan ekeniň. Ony synlap ugransoň, onuň atasynyň şemaldygy, Ene häsiýet bilen deň derejede çaga ataň häsiýetlerindenem geçjekdigi saňa belli boldy. Şeýle-de onuň saňa-da, kakasyna-da bagly bolmadyk öz göwresi, şol göwrede hem öz küýi bardy. Soň-soňlar ol şemal öýden çykyp kaňkamaga gidenden
«Menem gitjek» diýip, onuň synyna ýapyşmagy çykardy. Arzuw ol ösüntgijigi öz gününe bir durkunda goýmady. Bir gün sen onuň janlanyp, ganatly balyk guýruklyja jandar bolup özüňden bölünip gidenini gördüň. Şonda ýene-de bir zat, perzendiň geçmişindenem, ene-atadanam gün-günden daşlaşyp
gitjekdigini seniň ene ýüregiň syzdy. Ýöne boljak iş eýýäm bolansoň, indi alajyň näme?!

* * *

Üç Aý — üç tirkeş bolup gelen çagy seniň şol ösüntgiden ýaýran çagalaryň eýýäm äpet-äpet jandar bolşup ýetişipdiler. Olaryň käbiri şeýle bir mähnetdiler welin, onuň aňyrsy-bärsine seniň öz gözüòem zordan ýeterdi. Özleri-de şeýle bir köpelipdiler, sen parahat mahalyòam endam-janyň
agyn müòòüldi bolar durardy. Üç Aý diòe saňa däl, seniň çagalaryňa hem ýarady. Üç Aý her gün gelip, getiren görk-görmegini, çoguny seniň çagalaryňa paýlap bererdi. Onuň çogy şeýle bir ýakymly, şeýle bir ýakymlydy welin, seniň çagalaryň her gezek üç Aý üç tirkeº bolup gelýän wagtlary
olary görüp begenişerdiler, giden wagtlary bolsa, olaryň yzlaryn-da gamgyn bolşup galardylar. Saňa öz çagalaryň görmegeý bolýanyny, şadyýan bolýanyny görmek hemişe ýakymlydy.
Üç Aýyň hem seniň çagalaryňa göwni ýetdi. Olar her gün seniň çagalaryň bilen goşulyp hezil edişip oýun oýnardylar. Birde altyn çörejige öwrülip, üç Aý üç ýerden tigirlenip seniň çagalaryňy yzyna düşürse, ýene birde, olar tolkunlaryň arasynda galgap ýören gaýyga öwrülerdiler-de, seniň çagalaryňy tä ýadaýançalar töwerege aýlardylar. Üç Aý saňa bolsa altyn çaýylan, geýseň çykarasyň gelmeýän, içi gor ýalyjak endama ýakymly sowsany köýnek sowgat etdi. Ol tizden seniň iň söýgüli köýnekleriňiň birine öwrüldi. Sen zenan bolanyň üçin gowy zady, owadan zady halaýardyň,
has-da sowgat almak seniò üçin hemiºe ýakymlydy. Şemal welin seni näçe eý görse-de, saňa sowgat etmezdi. Ol asyl sowgat etmelidirem öýtmezdi. Onuň özem kakynjyrap, üst-başyna esewan bolup ýören zat däldi. şol wagtlar ol bu häsiýetiniň telim arka aýlanyp, soňra erkek adamlara häsiýet
bolup geçjeginden habarsyzdy. Öňüni görüp gelen barmy? Bir ýola sen köýnekleriňi tükellän mahalyň altynlaç öwüsýän köýnegiňi tapmadyň. Şonda Aýyň käte al öwüsýänini ýadyňa düşürip: «şu alan bolmasyn» diýip göwnüňe güman getirdiň. Ine, hemme zat hem şu münkürlikden başlandy...
Tizden seniň kalbyňdaky betgümanlyk seniň çagalaryňa geçdi. Olaram şundan soň üç Aý bilen alagöz bolşup ugrady lar. Sebäbi olar seniň ýüregiňden, oý-hyýalyòdan iýmitlenerdiler. Müňkürlik gazap döretdi. Bir gezek seniň çagalaryňyň birnäçesi, özleri bilen goşluşyp aýnamaga gelen üç Aýyň
üstüne topuldy. Iki Aý bada-bat rejäniň geň däldigini aňyp, asmana göterildi. Üçünji has mähirli Aý bolsa galyp, munuň düşünişmeli zatdygyny seniň müňkürligiňden gerk-gäbe bolan çagalaryňa düşündirmekçi boldy. Birnäçelere hä diýdirmek oňa başartdy. Ýöne birnäçeleriň welin ynanasy däl, ony diňläsleri-de gelmedi. Ine, onsoň Aýyň töwereginde Aýyň tarapdarlary bir tarap, müňkürlige uýan beýleki topar ikinji bir tarap bolşup üýşüşip ugradylar. Ine, şeýdibem dawa-jeň doguldy.
Bu söweş ýatar ýerde ýatmady. Güýç güýji ýok etdi. Jan jany öçürdi. Sen näçe ot-elek bolsaňam, soňra onuň peýdasy bolmady. şemalyň hem bu gopan harasady ýatyrmak üçin, munuň oňluga eltmejegini ýatlap, elewremesi alga alynmady.
Seniň ýüregiňe müòkürlik gelende, ýakyn duran jandarlar şol ýeke galan Aýy bölek-bölek edip, bölüşdirip iýdiler. Dünýä gan çaýkaldy. Sen al köýnegiňi egniňe geýdiň. Beýleki iki Aý şol günden soň aşak, seniň gujagyňa düşmedi. Ýere düşse, näme boljagyna olaryň gözleri ýetik. Olar seniň bilen
uzakdan gatnaºmagyò kem däldigine düºündiler. Aýlaryò
biri öňki durkuny saklady. Beýleki biri bolsa, öz çagasynyň düşen gününi görüp, şeýle bir lowurdap ýanmak ýandy, şeýle bir ýanmak ýandy welin ýüzüniň telim gat hamy dökülýänçä ýandy. Sen onuň enedigine bada-bat göz ýetirdiň. Ol Aý tiz ýol-ýodasyny ýitirdi. Oòa soň-soňlar «Gün» diýip
at berdiler. Ol heniz-henizlerem öz ýitgisine ýanyp-bişip ýör... Seniň çagalaň sansyz meýitleri telim mahallap gara meýdan bolşup üstünde ýüzüşip gezdiler. Birdir-ikidir bagty çüwüp,
aman galanlar bolsa soň şol meýitleriň üstüne çykyp ony özlerine mekan edindiler.
Ençeme wagt geçip, ol meýitler durgunlyk häsiýete geçensoň, oňa Ýer diýip at berdiler.

Üç Aý bolsa şondan soň bolany-bolmadygy näbelli rowaýata öwrüldi. Häzirki wagtda Galaktikada diňe şeýle üç sany Aýyň bolandygy hakynda çaklama galdy. Müňkürlik saňa arzan düşmedi...

* * *

Seniň welin hemme zat ýadyňda. Dünýäni terslin-oňlyn aýlanyp çykýan şemal hem her gün saňa ýene-de birgiden şum habarlary getirýär. Ol ýerde seniň süňňüňden örňäp giden perzentleriňiň tarap-tarap bolşup, ýeriň öz geçmişlerindäki ata-babalarynyň meýitleridigini hem hasaba alman biri-birleri bilen heniz-henizlerem öçli uruşlar edip, şol bir wagtlarky urşy dowam etdirýändikleri hem saňa mälim. Suwuň azalyp, oňa derek täze-täze ýitgileriò hasabyna ýeriň giňäp-galňaýandygyndan hem sen habarly. Her gezek şemal şeýle şum habar bilen dolanyp gelen mahaly, sen ýüregiòe bäs edip bilmän,
ot-elek bolup güwlemäge baºlaýaò. Balasyny ýitirenleriò säher-säherler «hüw» diýip oýanyp bagryny paralap oturmaýany barmy näme? Onsoňam bu ýitgini ene bolup çekmegi diýsene? Sen segräp-segräp asmana göterilýärsiň, gelibem kenar daşlaryna özüňi urup pytyraýaň. Bir mahalky eden ýalňyşlygyňy
ýatlap, öz-özüňden ar alýarsyň. Güwläp-güwläp, ýüregiň gowzap, janyňa aram giren mahaly, sen saçlaryňy ýaýyp, merhum ogluňyň başujuny alyp oturan enä öwrülýärsiň.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203