14:37 Gulpak / gysgajyk hekaýa | |
GULPAK Gulpak gyzjagazlaň başyna, baý, gelişýär-ä. Ýuwup, darap goýberseň, ana, onsoň gör ony, edil ýüpek ýaly eliňde akyp, seçelenip-dökülip durandyr. Ony örüp dagam bir köwlendirip, lenta dakarsyň welin, gyzjagazyň her egniniň üstünde bir ak gül parlap, bir penje bolup açylandyr. Şonda gyzjagaz jaýtyldap, towsaklap ýören geçi owlajygyna meňzär. Onsoňam gulpak-da bi, ol entek uzalyp-össe dagy gyzjagaza, gör, nähili görk berer. Ony şol halda gören ýigidiň ýüregi «jig-g» edäýmezmi?! Onsoň gyzyň öňünde ýuwdunyp, derçigip, gürläp bilmän duran ýigidiň bardyr. Ýöne häzir welin ýagdaý düýbünden başgaça. Gyzjagazam ulugyz däl, gulpajyklaram ösüşde. Asylam soňky döwürde gyzjagaz mekdebe gatnap ugransoň, ol gulpaklar eýesine halys dert bolaýdy-da. Töweregiň garagolam ýetik. Birde bolmasa, birde ol garagollaryň biri oýun edip, ondan çekip goýberýär. Hol gün mekdepde jaň kakylyp, gyzjagaz ýerinden galanda, kimdir biri onuň çep gulpagyndan çekip goýberen ýaly boldy. Ol saçyndan çekeniň kimdigini anyklamak üçin ýalta yzyna garanda, bir gulpagynyň partadaşynyň gulpagyna çatylandygyny, onuňam saçyndan çekeniň kimdigini bilmek üçin ýeňsesine öwrülenini gördi. Munuň, elbetde, yzdaky partada oturýan oglanlaryň işidigi belli zat. Gyzjagazlar özlerine tarap öwrülende bolsa olar gülkülerini zordan saklap, oňa-muňa seredip, hiç zatdan habarsyz bolan boldular. Gyzjagazlar birbada, elbetde, garagollardan gaty görýärler. Şol wagt olarda kakama arz edeýin diýen pikirem döreýär. Ýöne her gezegem ol pikir çekilen gulpaklaryň düýbi agyrmagyny goýan dessine ýatlaryndan çykýar. Birsalymdan görseň olar ýene daşarda oglan-gyz goşulyşyp, köýneklerini pasyrdadyşyp, hezil edip oýnaşyp ýörendirler. Şonda olaryň bu bolşy: «Hany, entek men oýnamaly oýunlarymy oýnap, okamaly okuwymy okap, bir ulugyz çykaýyn, siziň bilen onsoň hasaplaşaryn» diýýäne meňzeýär. ...Ana, onsoň melek gyzyň öňünde ýuwdunyp, derçigip, çagalykda eden ähli garagolluklaryna ökünip duran ýigidiň bardyr. Il içinde «Oglanjyk çeken gulpak has tiz ösermiş» diýilýär. Haý, şol dogram bolsa gerek. Indi ol gyzjagazlaryň gulpaklarynyň ösüp-ýognap, gün-günden ulugyzlaryň saçlaryna meňzäp, owadan bolup barşyny bir görsene... 2006ý. Çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti, 07.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |