Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:30
Ýedi däne /powest
ÝEDI DÄNE

Ilkinji puryja/ powestiñ başy

Ýaz günleriniñ birisidi. Men polkumyzyñ gyzyl ýyldyzly ýaşyl derwezesinden çykdym-da, ileriligine dolanyp, şähere
eltýän ýodajyga düşüp gitdim.
Soldat kemerini bilime guşanalym bäri, bu meniñ ilkinji gezek rugsada gidip barşymdy. Şähere golaýladygymça, näme
üçindir, aýaklarymyñ biri-birinden ýeñil gopýandygyny syzyp ugradym.
«...Suratyñy iber, oglan, nähili soldat bolduñkañ, göresimiz
gelýär!» diýip, her hatynda diýen ýaly sargyt edýän enemdir gelnime tizden suratymyñ gowuşjagy, olary begendirjegim ýadyma düşüp ýylgyrjaklaýardym. Gönimden gelsem, öz esger geýimli suratyma özümiñem
seredesim gelmän duranokdy.
Şähere gelip, surata duşülýän jaýa girip çykanymdansoñ,
men öz ýanymdan, bu aladamy biten işleriñ hasabyna geçirip arkaýynlandym. Şu aralykda Şäheriñ naýza boýy ýokarsynda gaýmalaşyp, bir-birlerine süýkenişip ýören ýalta bulutlar hem
aýalaryny sähelçe açmaga ýetişen ekenler. Garşymdaky baglara seredenimde, dür guraw akja damjalaryò ýañy pyntyk ýaran baglara düºüp, ondanam aşaklygyna «taýdym-taýdym»
oýnaýandyklaryny gördüm.

Köçelerde şäherlilere goşulyp birmeýdan gezmelämson, büdür-südür kerpiç düşelen ýoda gelip düşdüm. Ýodajyk Şäheriñ gündogar etegine, jaýlaryñ barha seýrekläp tükenýän ýerine alyp barýardy. Ol ýerden derýanyñ, ürken aty ýadyña
salyp, şäheriñ daşyndan öwrüm edip akýanyny men ozaldanam bilýärdim. Şindize çenli kenarda oturyp, derýany ine-gana synlamadygam bolsam, bireýýämler men ol derýa bilen
dostlaşmaga ýetişipdim. Biz harbylar häli-şindi mañynly onuñ üstünden geçerdik. Şonda men, edil bir ýakyn adamymy göräýjek ýaly bolup boýnumy süýndürerdim-de, oña hyrydar
serederdim. Kenar häzir tomusdaky ºadyhorramlygyny birneme
ýitiren ekeni. Indi bu ýerde gülºüp, pajjyldaşyp öwhä atylýan
gyzlaram göze ilmeýärdiler, derýanyñ içinde kebelekleşip ýören gaýyklaram görnenokdylar. Şeýle-de bolsa, ünsüñi
çekäýjek zatlaryñ bu kenarda entegem ýetikdigini, ýalañaç
daşa münüp, az-kem oturañsoñ duýsa bolýardy.
Kenardaky tolkun ugruna sähelçe hallan atyp duran balykçy gaýyklary, onda-munda çeññekleri bilen başagaý bolşup
ýören gojalardyr şaññy seslije oglanjyklar, häli-şindi güzer-
lere gelip gidýän eli bedreli gyz-gelinler häzir bu kenara
başga bir täsinlik berýärdi.
Garşy kenardaky etegini ýokaryk çeken ýolka agaçlary, suwdan girip geçmek hyýalyna münen baldyrlak gyzlary ýadyòa
salyp, süýji-süýji hyýallara münmegiòe sebäp bolýardy.
Men kenardaky yranyºyp duran balykçy gaýyklarynyñ birine giremsoñ, ýene-de esli wagtlap töweregimi synlap,
süýji hyýala çümüp oturdym. Käte-de kenardan gysymlap
alan owunjak daşlarym bilen, töweregimdäki tolkunlary kesekläp,
hiç bir maksatsyz dänjiredim.
Ýöne mendäki bu arkaýynlyk uzaga çekmedi.
Jübülerimi sermelän ellerim boş çykmadyk bolsady, onda meniñ entejikler bu kenarda çekenämi ýaýradyp oturjakdygym çynymdy. Mundan soò içime şetdaly salnana döndi. Ynjalygym gaçdy. Ellerime ynanman, jübülerimi çöwrüşdiribem seredişdirdim, rugsat kagyzym weli, edil ýer ýuwdan ýalydy,
hiç ýerde-de ýok. Ine, şeýdibem meniò ir ertir alçy gopan keýpim, günor-
tana ýetip-ýetmänem, tükgerdi ýatyberdi. Egin-eşigiñ-ä barlanma kemi galmady, hany indi deriñi sypyryp, oò aºaklaryna-da bir seredip gör. Haý-haý, seniñ kelle bolaýşyñy... — diýip, men özüme käýindim.
Şundan soò bu ýerde uzak eglenmäge meniò gurbatym çatmady. Gaýykdan düºdüm-de, ýeriò pessi bilen yzyma
dolanmak bilen boluberdim. Derýanyò boýun syryp birmeýdan ýörämsoñ, kenardan başlanýan ýapyýokary köçeleriñ
birine düşüp, ýokarlygyna ýöräp gitdim.
Meniò pikir edişime görä, bu köçe patrul dabanlarynyñ örän seýrek, negä-de bir düºýän çolaja köçeleriñ biri bolmalydy. Çaklama pikirim bilen ylalaºanym üçin bolsa gerek,
töweregime ýaltaklamamy goýup, birneme arkaýynlanypdyryn.
Şeýlelik bilen, diòe bir özümiò müýnlüligimi däl, nireden gelip niräk barýanymy hem unudyberen ekenim.
— Desantçy!.. Gwardiýaçy, aýak çekiò!?
Diòe, häzir, ýeòsämden şu merdemsi sesi eşidip, hüşgärligiñ elden gidenligi hakydama geldi. Aýak çekip, sesiò çykan
tarapyna gaòrylyp seretdim. Ol ýerden bolsa, ýany iki esgerli bir inçemik uzyn serkerde ýeòil-ýeòil ädimläp, maòa tarap gelýärdi. Häzir olaryò menden ilki bilen rugsat kagyzymy talap etjekleri ikuçsyzdy.
— Nätsemkäm?..
Göz açyp-ýumasy salym men öz ýüregimiò barha güýçlenýän gürsüldisine diòºirgendim.
Az-kem özümi ýitirenligimi hem duýdum, aýaklarym sähelçe sandyraklaşýardylar. Ýöne kelläme bu hyýalyò nireden gelen-
ligi welin belli däl, men birdenkä merdemsilendim-de, «Duran tutular» edip, barýan köçäm bilen atylp gitdim.9
Menden beýle jogaba garaşmadyk patrullar hem paýyrdaşyp meniñ söbügime mündüler. Birhaýukdan yzyma seredenim-
de, üçlükden saýlanan leýtenantyò aralygy ep-esli ýygyrmaga ýetişenligini gördüm. Şundan soò maòa başga bir çykalga gözlemelidigim anyk boldy. Ýogsam, olaryò ellerine düşüp,
boýnumy sallap, önlerinde gitjegim ikuçsyzdy.
Öòümde keseren köp gatly äpet jaýa ýetip, men onuñ girelgeleriniò çem gelen birine kürsäp urdum. Ol ýerde-de, ilki bada özümi nirede gizlejegimi bilmän, iki ýana elewredim. Şol barmana-da gapylary sermeläp ýörşüme,
ahyram bir açyk gapy tapyldy. Itdim. Tasap giren jaýymyñ içinde üç adam nahar stolunyò baºynda günortanlyk edinip oturan ekeni. Olar çagyrylmadyk myhmany görenlerinde,
«Bu kim... Bu kim..?» diýen manyda geòirgenişip bir-birleriniñ ýüzlerine seredişdiler. Ortada oturan adam stola elini diräp ornundan turanynda, men oòy kimdir bir tanyş adama meñzetdim. Ýöne onuò peºeneli ýüzüne dikanlap näçe se-
retsem-de, nirede görenim welin wagty bilen hakydama gelmedi.
Sag tarapda oturan çit köýnekli dolmuº aýal äm-säm bolup henizem meniò ýüzüme seredýärdi. Örülmedik zire saçlaryny bir gujak edip, ýaýyp ýeòsä goýberen gyz jaýda oturanlaryñ üçünji biridi. Ol agzyna salmak üçnn ýabaga mündüren kolbasa bölejigini hem unudyp oturyºyna, mylaýym gözleri bilen meni geòirgeýärdi.
Häzir men özüme dikilen bu gözleriò garşysynda eräp duran buz tümmegi ýaly bir zatdym.
Bedenimden çeşmeleýän der düwmejikleri aýamy zol-zol mañlaýyma ýetirmäge mejbur edýärdiler.
— Bagyşlaweriñ... mümkin bolsa, men ºu ýerde üç-dört minut duraýyn... — diýip, gapynyò agzynda haslap durşuma,
ahyry dillendim.
Ornundan turan dogumly adam meni kimleriñ kowala ýanyny aòan bolsa gerek, ol ýakyn bir howandaryma meòzäp-
eýemsiräp käýindi:
— Sizem birwagt akylly-başly adam bolarmykañyz? Öz bolup ýörşüòize özüòiz bir düşünsediñiz...
Dolmuº aýal, azajyk gobsunansoò, adamsyna seredip, meniò
tarapymy çaldy.
— Kolýa! Gerek däl... gerek däl-le.
Elini arkasyna tutup, jaýyò içinde dähedem-dessemläp
baºlan dogumly adam, näme üçindir ºundan soò bir sözem
diýmedi. Onuò ýene-de bir zat diýmäge hyýallanan küti dodaklary diòe müòküldeºmek bilen oòaýdylar.
Tizden gapa golaýlaýan aýak sesleri eºidilip ugrady. Olar gelişlerine, gapylary gezekli gezegine kakyp, meni soraýardylar. Soñundanam ötünç soraºyp, başga bir gapa ýönelýärdiler.
Men şindizem iºigiò agzynda ädigimiò burnuna seredip durun. Käte-de stoluò aºagyndaky kepderi topuk zenan aýa-
jyklaryna hem gözümiò gytagyny aýlanymy duýman galýaryn.
Suw içim salym geçip-geçmänkä, kakylma nobaty meniñ duran jaýymyñ gapysyna ýetdi. Häliden bäri-meniò bu ýerde
peýda bolmagymy düýº hasaplap oturan gyz ejesiniò ümlänini görüp, dessine onuò näme diýjek bolýanyny andy. Ýeòil-
lik bilen ornundan turup, goòºy otagyò gapysyny iterdi:
— Giriñ!
Men mürähede ýakyn bolamsoò, bu sözi iki gaýtalatmadym. Gyz maòa oturara orun görkezip, güýmener ýaly
gazet-jurnallary hem öòüme suýºüriºdirdi. ªundan soò onuò
özi-de «Ogonýok» jurnalyndan birini alyp, meniò garşymdaky oturgyja geçip oturdy.
Men bu giñiş, tämiz jaýda az-kem oturamsoñ, ynjaldym.
Açyk penjireden jaýyñ içine girýän sergin ºemal, bu gyzyñ saçlarynyñ arasyndan süzülip geçýärdi-de, haýsydyr bir ajaýyp gülüò burk urýan ysyny meniò burnuma getirýärdi.
Ýöne gulagym gapyda bolansoò, meniò gazet okabam, surat görübem şeýle bir wejim bolmady.
Içeri gezip ýören gözlerim bolsa, meni ýene-de oñaýsyz ýagdaýa saldy. Gapynyò çep tarapynda duran asajy görüp,
men özümiò oýunda utulanymy boýun almaly boldum. Ol ýerde täzeje serkerde lybasy asylgy durdy. Bu öýüò öz
komandirlerimiziò biri maýor Tarasowyò öýüdigi maòa diñe häzir mälim boldy. Ýaòy gaçyp gelip, tasap öýe girenimde-
de, men ony bir tanyş ýüze meñzedipdimle, ýöne beýle oñaýsyz ýagdaýa düºerin diýen oý welin, kelläme-de gelmändi.
Egninde harby geýimi bolaýan bolsa, men ony dessine tanaýjagam ekenim.
Ýeri gelende, eneli-gyz ikileºip, meniò bu günki «towşan» bolmagymyñ sebäbini hem soraºdylar. Eden işim ýatlanylan-
da, birneme utanan hem bolsam, meniò bu hoşgylaw adamlardan syr saklasym gelmedi. Bolan wakany «A-syndan baºlap
Ýa-syna» çenli bolºy-bolºy ýaly edip aýtmaga çalyºdym.
Eneli-gyz meniò gürrüòimi diòläp oturºlaryna bir-birleriniò ýüzlerine serediºip, keýpihonluk bilen ýylgyrjaklaşýardylar. Daşky jaýda bolsa, ýeke galan komandir, haýsydyr
bir nätanyº aýdymjygy burnuna salyp hiñlenýärdi.
Harby biletimi sorap alan eneli-gyz goòºy jaýa ötensoñ, ümsümlik ýene-de meniñ depämde agramyny saldamlady.
Boýnumy uzadyp, açyk penjireden sereden mahalym, meniñ bir ýerden gara bererime garaºyp, peteò bolan harbylaryò
parahat ädimleºip dolanyp barýanlaryny gördüm.
Goñşy jaýdan dolanyp gelen aýalyò elinde öz ýitiren kagyzymy göremde, ilki geòirgenenem bolsam, soòundan
utandym. Şol bada-da ony nirede gizlänim ýadyma düşdi.
Men ony ýntiräýmekden çekinip, harby biletimiò arkasyna salyp gizläpdim ahyryn. Şundan soò biziò gürrüòimiz has-da gyzyşdy. Çit köýnekli dolmuº aýal meniò öòümde kitap
sahypalaryna meòzäp açyldy. Ol özleriniòem adamsy Tarasowyñ leýtenant ýyllary, meniò dogduk mekanym Guºguda
iki ýyllap ýaºandyklaryny aýtdy.
Badhyzyò, onuò üsti çigildemli baýyrlarynyñ ýatlanmagy
meniò bu maşgala bilen has-da içgin ysnyºmagyma sebäp boldy. Bu aýala Nina Ýewstigneýewa diýilýänligini, gyzyò
adynyò Tanýadygyny men diòe häzir bildim. Birhaýukdan,öý aladalary ýadyna düşen bolsa gerek, Nina Ýewstigneýewa
bizi jaýda ikiçäk galdyryp, aºhana geçdi. Az-kem gürleśemsoñ,
men Tanýanyòam özüm ýaly kitaphon-jedelkeº ekenligini
syzyp ugradym. Eger sagat bölüme köwlenmeli wagtymyñ
ýetip gelýänini habar bermedik bolsady, oòda men entekler Tanýa bilen köp gürrüòiò baºyny agyrtmakçydym.
Men öý eýelerine eden hyzmatlary üçin minnetdarly kbildiremsoñ, hoşlaºyp öz ýoluma gaýtdym. Geýmäge gyssan-
an, plaşyny eline alan Tanýa köçä çykyp barýarkam, ylgap meniñ yzymdan ýetdi.
— Meniñem ugrum siz tarapa...
— Örän gowy, ýörüñ, birden iki ýagºy diýipdirler.
— Joram siziò golaýyòyzda ýaºaýar, üstüòden gelerin, bile kino gideris diýipdim.
Ýagyş köljagazlarynyñ üsti bilen öwüsýän mylaýymja
Şemal töwerekdäki hemme zatlary gewünjeòlik bilen sypalaýardy. Tanýanyò saçlaryny bulaºdyryp oýnaýardy.
— Men soòky döwürde bir zatlar, bir zatlar ýazyp-bozmany çykarypdyryn — diýip, gürrüòimiziò kesilmegini
halamadyk Tanýa täzeden dillendi.
— Näme, edebi eser dagy ýazýaòyzmy, ýazyp gutarsaòyz bize-de okadaweriò? — diýip, men degişmä saldym.
— Ýo-ok, ýok-la, mendenem bir eser ýazan bolarmy men ýöne gyzyklanyp obalaryò, ºäherleriş döreýşi hakynda öz
görüp-eşiden gürrüòlerimi ýazyºdyran bolýaryn.
Depderimiò ep-esli bölegini bolsa gyz atlarynyò gelip çykyşy tutýar.
Tanýa bu zatlary çöpleýşi barada aýdansoò, gürrüòini öwrüp öz sorasy gelýän soragynyò üstünden getirdi. Ol meniñ diñe bir diòleýji bolman, geplemegimi hem islän bolsa
gerek, maòa garaşmadyk soragymy berdi.
— Siziò pikiriñizçe, haýsy at gyz atlarynyò iò oòady?
— Ýazjemal — diýip, men berlen soraga bada-bat ilki öz gelnimiò adyny tutup jogap berenimi-de duýman galdym.
Tanýa nobatdaky soragy bermegiò deregine, aşak seredip,
köpmanyly ýylgyrdy. Ýene-de ümsümlik Tanýa ikimiziò aralygymyzda hiòòildik guranyp uçdy.
Gyzyl ýyldyzly ýaºyl derweze öòümizi kesensoò, Tanýa ikimiz aýak çekdik. Birsalym biziò bölümimiz tarapdan ge-
lýän aýdym seslerine diòºirgeniºip durduk.
— Rugsat alsaòyz, bize gelersiòiz-ä, ind-ä näme, ejem,
kakam bilenem ildeº bolup çykdyòyz?
— Nesip bolsa! — Men ynamsyz dillendim.
— Eger gelmeseòiz görüò-dä, gaty görjegimiz-ä hakdyr ýa-da ine, şu adrese hatjagaz ýazaýyò, rugsada çyksaòyz, özüm sizi gözläp tapaýaryn.
Men Tanýanyò öý adresini ýazyp uzadan kagyz bölejigini alyp, hoşlaşdym.
Gulagyma ýene-de bölümimiz tarapdan bir perdeden gopýan ädikli aýaklaryò tarpyldysy eºidilip başlady.

ÝER, ASMAN, ÝER

Rot..a-a, podýom... trewoga!
Bu buýruk sagat üç bilen dördüò aralygynda, ukynyñ bala dönen wagty üç mertebe yzly-yzyna gaýtalandy. Kro-
watlaryò prujinleri naýynjar jygyldaşyp baºlady. Oglanlar krowatlardan atylyşyp-atylyşyp turýardylar. Birnäçeleri odeýallary bilen penjireleri perdelemäge gyssansa, ýene birnäçeleri gidip barşyna geýnişip, ýarag saklanylýan jaýa howlug
ýardylar. Köýnek diýip, jalbaryny baºyna sokup... öz-özüne käýinýänlerem häzir hiç kimiò gülküsini tutdurmaýardy. Komandirimiz kazarmanyò önünde biziò baºymyzy jemlänsoò, paraºýut skladyna ýetmäge howlukdy. Garaòkylygy gar süýşüren ýaly, öz yºyklary bilen süýºürip gelýän ýük
maºynlary biziò yzymyz süre hokranyºyp, skladyò öòün eüýşüşip ugradylar.
Paraºýutlary maºynlara daºamak iºi indi diòe ylgawuna ýerine ýetirilýärdi. Uky bolsa bireýýämler biziò gözlerimizden
düºüp, bizar bolup gidipdi. Onuò deregine gabaklarda mylaýym der düwmejikleri sandyraklaºýardylar.
Ädik astyndan gopýan tapyrdylar haýsydyr bir şowhunly,
düşnüksiz Afrika sazlaryny ýadyòa düºürýärdi. Ýüki ýeten maşynlar bu ýerde uzak eglenmän, hokranyºyp, ýene-de ýola düşmek bilen bolýardylar.
... Dañ atmazynyò öòüsyrasy biz eýýäm polkumyzdan has uzakdadyk. Çyg çeken gyrymsy otlaryñ üstünde arkamyz paraşýutly oturyºymyza samolýota münmek nobatymyza garaşýardyk.
Uzak dymyşlygy halamaýan oglanlar ileri-ileri omzaşyp, ýene-de burnunyò aşagyndan tüsse goýberip oturan Mişanyn daşyna tegelenýärdiler.
Häli-şindi «Bilýäòizmi onsoò näme bolanny?» diýip, gürrüñini süýjetmegi halaýan Anapriýenkñ, küleje murtlaryny
dyrmalap oturyºyna, dosty Miºanyò ejesine ýazmadyk hatyny ýazdy edip, ýatdan okap, oglanlary gyzyl-gyran gülüşdirýärdi.
«Eje, ýagyºly ülkede çyg çekip ýatan Mişulýañ saòa köp salam iberýär. Eje, ilki bilen-ä, saòa aýtjak zadym, her aýlyk alanda, 10-15 manat iberseò iber-de, posylka zat diýip azara-da galjak bolma, aýda birki ýola iberseò, ºolam ýeterlik.
Eje, meni hiç gaýgy etme, indi men öz bölümimiziñ uly komandirleriniò biri. Ýakynda maòa ýefreýtor çinini berdil-
er. Guwan, eje, guwan, öz didäòe!15
«Generalam bol» diýdiler welin, özüm göwnemedim».
Oglanlar Mişa seredişip, gyzyl-gyran gülüşýärdiler. Mişa-da olardan kem galarly däldi, kellesini sallap oturyºyna, gözlerini ýaºardyp, sandyrap gülýärdi. Onuò tegelekden bereketli ýüzi bir nokada çekilişip, ýemşigräk burny bir-birlerine golaýlaşan duluklaryò arasyndan çalaja dürterip görünýärdi.
Mişa bir biziò rotamyza däl, ähli polkumyza belli oglanlaryñ biridi. Onuò käbirler ýaly degiºmä-gülüºmä çydaman,
gyzaryp-bozarmasy bolmazdy.
Ýefreýtor Anapriýenkonyò saýlap-seçip ony gep ýassygy edinmeginiò sebäbi hem ºundan bolsa gerek. Ýogsam, bu iki
soldatyò diòe bir daşky görnüºleri däl, gylyk-häsiýetleri-de hil-hildi. Mişa geplemäge ýaltansa, Anapriýenko «eñegi jañly» diýilýänlerdendi. Boýy uzyn bolansoò, ol mydama garpyz
ýaly togalanyp ýören Mişanyò depesinden seredip gezerdi.
Oglanlar olaryñ bile tirkeºip ýörenini görseler, «Iwan Iwanowiç» bilen «Iwan Nikiforowiç gelýär» diýºip gülşerdiler.
Ak guşa meòzeş äpet samolýot gelip bizi garnyna salansoñ, ýene-de özüniò howa ýoluna gönügip gitdi.
Biz paraºýutlarymyzyò toýnuga meòzeº ilgençeklerini halkajyklardan geçirişdirdik. Şundan soò birmeýdan penjireden bulutlaryò üstündäki ak meýdança seredip oturdym.
Häli-şindi öýümize gidýän pikirlerim ýene-de baryp bosagamyzdan ätledi.
...Ir ertir... gözlerini eliniò tersi bilen owkalaºdyryp, ýorgandan çykyp gelýän jigilerim göz öòüme geldiler. Her hereketi guwanç döredýän Ylýasjygy ýatlamda: «Çök-çök,
towugym, mykga ber, çök, çök, towugym, mykga ber...» diýip
towuklary kowalap-düwdenekläp ýörºi göz öòüme geldi. Onuñ bilen ýakalañyp, «Kim ýeòýär» oýnasym geldi.
Samolýot birmeýdan agº-dönüp uçansoñ, bökülmeli wagtyñ golaýlany belli boldy. «Taýynlanmaly» buýruk eºidilensoò,
ilkinji bökmeli, biziò hatarymyz ör galdy. Menem ýoldaşlaryma
meòzäp, sag elimi paraºýut açyjy halka berkitdim, çep elimi zapasnoý paraºýudynyò aºagyna ýetirip, birneme eglibrak
durºuma, beriljek komanda garaºdym.
— Gitdik!
Komandanyò yzysüre oglanlar patrak seçilen ýaly, bulutlaryò ýokarsyndan seçelenip ugradylar. Aºak inen bady-
ma, daºarda howanyò çigreginiò barlygyny duýdum. Inim
tikenekläp gitdi. Sowujak damjalar «şit-de, şit» bolşup, meniñ ýüz-gözüme, tüññüden uzynak burnuma pitikleşýärdiler. Az wagtdan, onda-munda süýnüºip-sarkyºyp ýören çal bulutlar, kellämiñ ýokarsynda aköý bolşup meniò paraşýudyma gabal-gabal bolşup ugradylar. Gezekli-gezegine onuñ owurdyna girip, çekiliºip demre dönen tarlara süýkeºip-süýkenişip
gördüler, özleri bilen meni-de niräkdir birýana alyp gitmäge hyýallandylar.
Men ýere gelip düºenimde, baºagaýlyk indi bu ýerde höküm sürýärdi. Özlerini alas-gopas paraşýutlardan boºadýan
oglanlar serkerdeleriniò töweregine ýygnanyºýardylar. Rota
«söweºe» geçensoò, ep-esli aralygy süýşenekläp geçmeli boldy.
Waggal-wagtal pilçämizi alyp, ýatan ýerimizde kelle sokar ýaly çukur gazynmaly bolýardyk, «duºman küreni» atlandyrylañ ýerler granat bilen keseklenilýärdi. Tüsse derýalary
öòümizden çykanda, biz dessine protiwogazymyzy geýýärdik-
de, onuò içinde ýitip gidýärdik.
Günortan nahary mahalynda her kim ýanyndaky azygyny goşhaltasyndan çykaryp, gökje otlaryò üstünde garbanmaga oturdy. Soñundanam, hemişe bolşy ýaly, çilim çekişlik başlandy.
Bu arada meniò nazarym edil garºymda oturan Petýa Bobokine düºdi, ol ysytma tutan ýaly galdyraýardy. Ol meniñ ýakynymda oturan bolsa-da, men onuò bir aýagynyñ
ädiksizligini diòe häzir görüp galdym.
— Petýa, hany ädigiñ?
— Men-ä şol ädigiò niredeligini özümem bilemok, ýaòy
asmandan inip gelýärkäm, aýagymdan sypyp, bir ýerig-ä ýitirim boldy, içigar, gyssag arada gözläre-de wagt bolmady.
— Bä, munyò-a bolmandyr-ow.
— Bolmasa nätjek-dä indi, ýyljak bolar diýip, geýýänimden bir belgi uluragyny alaýypdym-da içigaryò — diýip, Petýa ýagdaýy duşündirdi.
— Häzir, indi ädigi nireden aljak, zadyòa ygtyýar etmeseñ, şeýle-de bolýandyr — diýip, hol beýle-de oturan Boçkow, biziò hümürdimizi eºidip, ýerliksiz igendi.
Onuò hüòürdisi öòdenem jany ýanyp duran Petýa ýara-
mady, ol Boçkowa tarap öwrüldi-de, onuò ýüzüni aldy:
— Öçsene, Baçok, señki näme-äý, mydy-mydy edip, maña akyl berenden, suhary gemir, garnyòa peýdasy deger!
Men goşhaltamdaky dolagymy çykardym. Ýeòsesini tüññerdip öýkelän ýaly bolup, ýerinden turup giden Boçkow bir agajyò gabygyny soýup, ony köwşe meòzedip getirdi. Şundan
soò ony Petýanyò aýagynyò aºagºa sarap, «Taýak gelýänçä ýumruk» diýlenini etdik.
Anapriýenko bolsa gäwüş çalyp oturyşyna, Mişanyñ bir gazetde gören gyzyna ýazan hatyny özünden toslap, oglanlary
gülüºdirýärdi.
«Salam, mähriban Maña. Men gazetde seniò suratyòy görüp tapyr-tupur aşyk boldum. Indi ºol günden bäri çilim çekip, suhary gemrip, ýüregimi köºeºdirjek bolsamam bolmady. Men seni Romeonyò Julýettäni söýºi ýaly, böwregim bilen söýenime göz ýetirdim. Her gün seniñ gazetdäki suratyòa seredip, ýüzüñi protiwogazymy süpürişim ýaly mähir bilen sypalaşdyrýaryn.
Hol gün bolsa men seni düýºümde-de gördüm. Seniñ gatañsyrak saçlaryñy elim bilen öwran-öwran sypadym. Şol
arada — wah, bolmady — kimdir biri burnuma pitikläp, ukudan açdy. Seniò saçyñ diýip, ýefreýtor Anapriýenkonyò
murtuny sypalap ýatan bolsam näme?..»Agaja ýaplanyp, çilim sorup oturan Miºa gözlerini süzüp
oturyºyna, Anapriýenko seredip ýyljyraklaýardy. Süýji ýatla-
malar ýene-de meni öz ugruna alyp gitdi.
Meniñ göz öòümde tegelek ýüzli, mylaýym gözlerini özüme dikip duran gelnim peýda boldy. Ol häzirem iñ soñky gezek wokzalda görenimdäki ýaly gülli ýaglykly, gözleri bolsa biraz gaýgylydy. Göwnüme bolmasa, onuò pyşyrdap, maña bir zat aýdasy gelýän ýalydy.
Birdenem onuò «Senden aýrylanyma 197 gün boldy» diýip, hatynda ýazan jümlesi gulagymyò agzynda ýaòlanan ýaly boldy...
Täze tabşyrygy alan biziñ bölümimiz nahardan soñ ýene-de ýola düşdi.

Dowamy bar

© Agageldi ALLANAZAROW
Bölümler: Powestler | Görülen: 127 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 20:26, 19.09.2023
kellä sorag gelip başlaýar:
1) gahryman näme üçin uwolneniýa ýeke çykdyka? ýoldaşly çykaýjak ýaly. (biz-ä ýeke göýberenokdylar).
2) derýaň kenaryna "gelip gidýän eli bedreli gyz-gelinleriň" waspy edilýä welin, o nähili şäherkä, suwy bedre bilen derýadan alýan bolsalar?
3) "Men kenardaky yranyşyp duran balykçy gaýyklarynyñ birine giremsoñ, ýene-de esli wagtlap töweregimi synlap, süýji hyýala çümüp oturdym."
näme üçin gaýyga "münmegiň" ýerine "girýärkä"?
4) iki ýerde "suhari gemrilýär".
avatar
0
2 pezzek • 06:20, 29.01.2024
Saýtyňyza şuwagt agza boldum. Işleriňizde üstünlik!

Bu powestiň dowamy goýulmadymyka?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203