Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:37
Durmuşda näme isleýäniňi bilmek möhüm diýýärler
DURMUŞDA NÄME ISLEÝÄNIŇI BILMEK MÖHÜM DIÝÝÄRLER

Durmuşda näme isleýäniňi bilmek möhüm diýýärler. Mümkin. Ýöne barybir ykbalyň çarkandakly akymy seni boýun egdirip, öz ýolundan alyp gitjek bolsa islemegiň näme ähmiýeti galýar?

Öýlenmeli. Okuwyňy gutar, 2 ýyl gulluk, soňam gulagyň düýbi deşilinçä otursaň-tursaň eşitjek gürrüňiň "öýlenmeli". Gitjek ýeriň ýok. 3-5 sany şowsuz söýgi synanyşmalaryndan soň söýüşjek bolubam durmadym men-ä. Öňi soňy ene-atamyň göwnüne garamaly, size ýaran maňa-da ýarar diýägedänin ejemiň göz astyna alyp ýören gyzlarynyň biri bilen tanyşlyk açdym. Görk-görmegini sulhum alandan ara wagt salman derrew guda bolduk. Toý sähedi bellendi. Ynha men, öýlenýän ýigit. Aý, näme, türkmeniň bir körekende gözlejek zadynyň hemmesi ýerbe-ýer. Diplom ýerinde diplom, iş ýerinde iş, jaý ýerinde jaý. Boldy-da.
Gelnimem özüm ýaly ortatap maşgaladan. Gelenden hojalygyň işlerine höwrügip gidiberdi. Girim-çykymy bilip,toý-märekelere gatnaşyp,ene-atamyň göwnüni tapyp ýörse kaýyldym men-ä. Dogrusy, ejemiň iňňirdileri birneme kemelse maňa-da gowy boljakdy.

Şeýde-şeýde 6-7 ýyly arka atyberipdiris. Öňki durmuşymdan onçakly üýtgän zadym bolmady. Göýä öýlenseň dert-aladalaň baryndan gutulýan ýaly. Ýok. Gaýta tersine. Uzakly gün iki işiň arasynda sersepil bolup ýörün. Maşgala bolansoň öňküje güzeran dolaýşyň bilen ýetinmek kyn. Agşamlaryna ýadaw halda zordan özümi öýe atýan. Hudaýa şükür, gelnim çaý-naharym-a kem edenok. Çaga-çuga garyşmagam üýtgeşik duýgy. Bir görseň gözüň guwandyryp derdiň egisýän ýaly, bir görseňem gyk-wagyndan ýaňa öýden başyňy alyp gaçyp gidiberesiňi getirýän duýgy. Geň-dä.

Kem-kem wagt tapyndygym öýden uzagrakda dynç alanymy kem görmedim. Dostlarym bilen futbola giden bolýan. Hepde de iki gün. Galan wagtlaram üýşmeleňler, o by. Şeýdip döwran dolanyp dur.

Soňky döwür bir dert tapynan ýaly, aram aram ýekesireýän. Täsin ýagdaý. Seň maşgalaň bar, ataň-eneň, çagalaň, gelniň bar.. Şeýle köpçülik. Ýöne näme üçindir içiňde dolmadyk bir boşluk galan ýaly. Bu nämedenkä?

Gaty bilesim gelýär , menden başgalaram şeýle duýýarmyka? Pursat tapsam öýdäkä sorap görsemmi diýýän. Öýdäkem näme, pahyryň adyny tutmasaň zat bilen işi ýok. Ir ertirden gybyrdyklap şol hojalygyň derdinde, çagalary bakja ugradybildigi nahar-şoruň ugrunda. Gazan başynda gününi gün edip ýör. Käwagt bu adam bendesiniňem içinde heý arzuw-hyýaly boldumyka diýip pikirlenýän. Özüni gürletseň howluly jaý, ulymyzyň haçandan bäri sorap ýören welosipedinden alnaly, perdeleri birlaý täzeläli diýer.

Ilki-ilkiler gürrüň edip oturara umumy tema tapmak kyndy. Ne durmuşdan gürleşip bolardy, ne aýdymdan-sazdan. Içini gaty dökesi gelende maňa çaý başynda goňşyň märekesinde bolan nägileligini gürrüň berer. Onsoň oňa beýle nämedir bir zat soranda-da jogap alyp bolar öýdemok.

Esasy zat oňşup ýaşamak. Hawa-la. Çagalaryma-da ýaman eje däl-ä.
Men bagtlymykam? Bilmedim. Meň bu soraga jogabym ýok. Ýöne günümdenem nägile däl-ä. Mundan artyk näme gerek öýdüp... Bilmedim. Ýöne aram-aram çep tarapymdaky boşlugyň nämäň boşlugydygyna bir düşünibilsem...

@ ÇERKEZ GYZY

Çeşme: https://medium.com/@shirinowazly/durmu%C5%9Fda-n%C3%A4me-isle%C3%BD%C3%A4ni%C5%88i-bilmek-m%C3%B6h%C3%BCm-di%C3%BD%C3%BD%C3%A4rler-6e9472d1434c
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Bagabat • 14:50, 28.12.2022
BAGT

Gije-gündiz gyrmyldap ýör aýalmyz,
Bize ýylgyrmaga degenok eli.
Biziň weli, başga ýerde hyýalmyz,
Başy boş dullara gowşurýas güli.

Göwnüňe bolmasa, şol dul aýalyň
Bu däli göwüne mähri kän ýaly.
Unudýaň ýagyşda buýup durýanyň,
Unudaýýaň oňatlygy käýarym.

Aýalymyz suwaryp ýör gülleri,
Ýuwýar, serýär çagamyzyň arlygyn.
...Bagta garaşýarys oň ýok günleri,
Bagtly günler duýamyzok barlygyn.

©Gurbannazar Ezizow
avatar
0
2 Мango • 14:59, 28.12.2022
medium.com-da Çerkez gyzy göwnüme bir gyzykly, ýa-da aktual bir ýazgy ýazypdyr.
çep tarapynda boşluk duýýän oglanyň adyndan ýazypdyr.
menem bir hili gyzyň adyndan jogaba meňzeş bir zatlar ýazasym geldi-de... oňarmaryn öýtdim.
ýöne gysgaça pikirimi ýa-da tejribämi paýlaşjak, maşgalalylara we maşgalaly boljaklara.
boşluk duýýan dostumyzyň özünden. hiç kimden günä gözlemesin.
häzir ol gelni gürletseň (ýene oň adyndan ýazmaly bolýan öýdýän:
-6-7 ýyl bäri ýaşaşyp ýörüs, haçan meni öýden daşaryk nahara, dynç alyşa äkideni ýadyma düşenok, çagalaryna-da az wagt aýyrýar. diňe men seretmeli ýaly.
bolýa nahar bişiriş, gap-ýuwuş diýemok, ýöne ýanyragymda 10-15 minut bolanda näme boljak, armamy ýetirende näme boljak?
nahar iýensoň: süýji bolupdyr, berekellasy ýok.
diňe iş, iş, iş... dostlary bilen futbol oýnamaga wagt tapýar, bize welin...
boş wagtam öýde biz bilen wagt geçiresi gelenok, oňa-muňa jaň edip öýden çykyp gidýär...
umuman ol sowasa, menem sowamak bilen.
diňe onuň çep tarapy boşluk däl. meniňkem boş...
boşluklaram erbet zat, onuň ýeri näme bilen doljagy belli däl...
===
umuman dostlar, doganlar.
günüň 24 sagadyny bölmegiň gerek.
her zada wagt aýyrmaly.
çagalara aýrylan wagt.
ene-ata aýrylan wagt.
aýalyňa (äriňe) aýrylan wagt.
dogan-garyndaşlyga aýryan wagt....
günüňden her kime paý aýyrmak örän ähmiýetli zat.
ahmal etmäň şony. şonda boşluklar öz-özi dolar gider.
avatar
1
3 Bagabat • 15:06, 28.12.2022
Ilkinji gezek, tötänden sataşan ýigit bilen gyzyň pikirleri
(henekli hekaýa)

Ýigit:
(tas hyllygyny akdyryp diýen ýaly)
- Bäh, munuň eýjejikdigini-i-i-i!!!...

Gyz:
(göwnübir)
- Sypaty dagy nähili gyz, bu sypaty gurmyşyň?!

Ýigit:
(tas demi tutulyp diýen ýaly)
-Aýajyklaryny dagy gören badyňa aklyňdan azaşdyryp barýar-aý!!!....

Gyz:
(çalaja gaharlanyp (ýa-da gaharlanýansyrap))
- Bi yşarat haýran, näme maňa aňalyp dur-a? Ýa çölden tutulyp geläýdimikä? Ilkinji gezek gyz görýän ýaly-la, bi köwek!

Ýigit:
(tas huşundan gidip diýen ýaly)
- Ýörän boluşjygyny dagy diýä sen! Tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly däl!

Gyz:
(ýigdiň özüne aňk bolandygyna hoşal bolandygyny bildirmezlik üçin gaharlanan kişi bolup)
-Waý ýerçeken, iýdi, hakyýt gözleri bilen iýip barýar-a meni, bi çatmasy başyna ýumrulmyş!

Ýigit:
(körje umyt bilen, pyşyrdyly pikir edýär)
-Eý Allam, bu ýedinji gat uçmahdan ýere inen peri-peýker maňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlaýan ýalymy?! Eý-ho-o-o!!! Eý Hak-Hudaýym, eger-de şu ajap näzeniniň men mynasyp däl bendäňde gözi äginse, ýoluňa iki sany semiz öweç sadaka!!!...Ýok, eger-de az bolsa, eger walla, çypbakaý-çynym, ýene-de birisini şolaryň yzyndan iberýän!

Gyz:
(çalaja gaşlaryny geren bolup, pisse dodajyklaryny hem göwnüýetmezçilik bilen ýygran bolup)
-Äý-ý…Dogrusy…Edil gije tok öçende, asmanam bulutlaşyk bolsa, bi sypatsyz haýranda-da çalamydar syr-sypatam, edil ýogam däl ýaly-la???...

Ýigit:
(ýüregini tutup)
-A-na, a-na… ynha durdy…ynha maňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlady… Waý öldüm…Waý ölýän… Ýene-de hudaýýoluna üç-dört sany öweç sadaka…Dat-bidat, Gaýtarmyş ata özüň ýetiş!

Gyz:
(sähelçe gyzyklanma bilen)
-Özem-ä birneme biziň obaň oglanlaryna garanyňda daýawrak ýalymy, ýa?! Hä?!

Ýigit:
(gözlerini agdaryp)
-Waý gitdim! Waý gidýän-how, häzir! Wa-a-ah! Bilbilgöýäniňkä gaýra dur diýdirýän sesjagazyny hem bir eşitsem... Soň ölsemem armanym ýok…

Gyz:
(Az-owlak aýak çekip)
-Ýa bi işigaýdana ýeke gezek ýylgyran bolup goýbersem, begenjinden ýaňa bi sypatsyzyň takga jany çykaýmaz-da, hernä?! Hä?!...

Ýigit:
(az-owlak köşeşip, demini dürsäp)
-Boldy! Durdy! Indi biziňki, bi! Derrew ejemi ugradýan!...

Aýlar-günler, ala-tütün bolup demir ýoldan barýan otlynyň yzyna tirkelen wagonlar ýaly biri-biriniň yzyna sepleşip, ötüp durlar, ötüp durlar. Eje-de ugradylmaly ýerine ugradyldy. Aşhanada, gelnejeden ogrynça joralar bilen etli çöregem iýildi. Toýam tutuldy, sowuldam. Ondan soň birneme wagt geçirip bäbekhana-da gidildi, bir-iki ýola, yzly-yzyna…Ine-de günlerde bir gün…Öýde… Şol ýigit bilen gyz, indi adamsy we aýaly çaý içip otyrlar…Adamsy teleýaýlymda futbol görjek bolup dert-azar çytraşýar. Mydam işde bolandygy sebäpli onuň mährine hem söhbedine suwsan aýaly, şelaýyndan-şelaýyn gepler tapyp, ony özüne üns berdirmäge çalyşýar. Ikisi hem pikir edýärler:

Adamsy:
(aýalyna tarap gözüni alardyp)
-Ýürege-bagra düşd-äý! Bir, şunuň bir, bir ýerlerinde sesini öçürýän nurbady ýokmuka? Bi ýanda “Barselona” “Madridiň” enesini dula bakdyryp, uwladyp alyý-y-yp barýa…Bi işigaýdan bolsa, maňa sygrymyzyň süýdiniň azalandygy barada gürrüň berjek bolup ber-başagaý… Munuň ýaly eňňerelik gidip ýatyrka, sygyr küje, süýt küje?! Ýa, ýüzüni alyp goýberäýsemmikäm?! Hä?!

Aýaly:
(mähir-muhabbetden doly nazaryny güberilip ýatanyň gyňyr ýeňsesinden aýyrman)
-Wah neressejigim, işden öte ýadap gelipdir öýdýän, hiç gepläsi gelmeýär welin! Ýa ýeňsäňi, aýaklaryňy owkalap beräýeýin diýäýsemmikäm?! Hä?!
avatar
0
4 Bagabat • 15:10, 28.12.2022
Ýanýoldaşy işden geldi.
Hal-ahwal.
Nahar-çaý.
Içeriň gürrüňi – Şu günki harajatlar. Çagalaň kiçileriniň-ä garagollugy, gülkünç gepleri. Ulularynyňam sowajaňlygy, gyňyrlygy. Mal-hal, mellek-ekin, bazardaky bahalar we ş.m., we ş.m...
Garyndaşlaň gürrüňi – Kim sadaka berýär. Kim gyzyny çykarýar. Kim yzyna getirip, indem il gözüne deňli-derejeläp çykaran bolup, mundan buýanky beýlekileň gözüne çöp atýandyryn öýdýär. Kim gelin edinýär. Atgulak näme etseň, hem-ä hakyňy gidermersiň, hemem borjuňy ödärsiň. Kim ýarawsyz. Kim sag. Kim hakykatda kellesine eşek depen, ýöne il ýüzüne sersagsyran bolýar. Illerem şoň nähilidigini göre-bile bilip dursalaram, şoň şeýledigine ynanan kişi bolýarlar. Kimi göni şumat beýläk äkidiberseňem kesewiň gögerjek. Kimi bolsa näme etseňem, hatda kesewiňem gögermänjik geçäýer we ş.m., we ş.m...
Obaň gürrüňi – Kim öldi. Kim ölmedi. Ýöne şeýden bolsa, megerem gowy bolaýjak ýaly ekeni. Kim hakykatda diri, ýöne hakykatda öli. Kim ilden çykgynç näme edipdir. Kim, tüweleme, ýigrimi ýyl mundan owal pelan daýzamyzyň gül ýalyjak gyzyny aldy-da, ýakyn birküç günlükde rysgaly açylaýdy. Kim şomat özlemmiz ýaly akyllylar şunça zynharlasa-da, aýdylany bilen bolubermän, öz diýenini gögerdip, pelanyň ýurtýykan aýjynyna öýlendi-de, şondan bärem gözi şumlukdan açylmyýa we ş.m., we ş.m...
Dünýäň gürrüňi – Zakguntäç, owganlar, uçýan tarelkalar, tentedäki ekstrasensleň wuruşlary, kamediklabçylar. Leýdi Garga erkekmi ýa-da urkaçy?! Leýlin iň ahyrky tapylan müsür faraonymy ýa-da ýöne bir, soňky çykan kontrafakt mumyýa we ş.m., we ş.m...
Älemiň gürrüňi – Şü sorag tutuş goňşy gelinler bolup hemmämizi iňňän alada goýýa! Nähili pikir edýäň kakasy, Marsda ýaşaýyş bamyka? Ýok bolsa, onna o işigaýdan Ilon Mask nämüçin o taýyk şonça çykdajy etjek bolup dyzap ýatyrka? Ýa ol hakykatda beýlebir işigaýdanam däl-de, has öte geçen köpbilmişmikä?!
Onnoňam Wega ýyldyzy biziň Günümizzen “ýigrimi müň esse uly” diýip, rentewe gije-gündiz bagyryp ýatyr welin, birdenkä şo “Wega” diýilýän ýyzzylyň howry biziň obamyza gelip ýetip, mellegimizdäki ýaňy hasyla duranja hyýarymyzy ýakyp-çürüşdirip taşlaýmaz-la, hernä?! Ýa, şumatdan öňünden üstüne kölege eder ýaly gamyş-samyş guradynyp goýaýsakmyka, kakasy, hä?! We ş.m., we ş.m...
Imanyň gürrüňi – Elliň soňky onlugyny ýarpyladyň, namazyňy haçan okajak? Sen başladygyň menem başlaýan we ş.m., we ş.m...
Geljegiň gürrüňi – Gaýraky obada palçy gelin döräpmiş. Özem aýdan zady şap bolup duranmyş. Arada bir gün ilerki köçedäki goňşy gelin bogaz sygrynyň haçan guzlajagyny sorapmyş. O bilgiç gelinem: “nesip bolsa, ýakyn günlerde” diýipmiş welin, hakyýt şo diýlen wagtynda şo sygyr guzlaýypmyş. Ýa menem gidip göräýsemmikäm, hä kakasy?!
“Näme sorajak” diýýäňmi?
Weý!
Senem-ä kakasy! Heýem bir inni bilgiç bolar-da onnan sorara zat tapylmazmy?! Mysal üçin, ine goňşular men barada näme pikir edýä.
“O nämäňe derkar?” diýýäňmi?
Weh!
Bilseň gowy-da.
O arada bir gürrüňde özüň aýtdyň-a: “Abu Reýhan Biruniň ölüm ýassygynda-da kitap okap: “Bilmän öleniňden bilip öleniň ýagşy” diýenini.
“Sen näme Birunimi?” diýýäňmi?
Weh!
Bolmamda nä, gyz?
Näme gyz, adamyň adamdan tapawudy bamy diýsene?
O bendede bolup bilse özümiz ýaly Hudaýyň bendesi bolannyr-da. Şahy ýa-da toýnag-a bolan dädir, şoňam...we ş.m., we ş.m...
Geçmişiň gürrüňi – Ýaşkaň-a senem-ä gaty betjediň-le, kakasy, hi-hi-hi...Hudaýa şükür, ulyň-a bir agzyny açdygy, iň soňky diýmelisini birinji pagladyp göwerýän pöwheräk edilip ýasalypdyr welin, şü körpäň-ä, geň galaýmaly, hakyýt, edil sen bilen maňa meňzäpdir. Hem-ä dogumlyja, hemem mähirlije. Tüf-tüf-tüf, göz degmäwersin, uzagyndan bolawersin, hernä, we ş.m., we ş.m...
avatar
0
5 Bagabat • 15:10, 28.12.2022
Zemin saýýarasynyň geologiki taryhynyň gürrüňi – Kakasy, şü rentewe aýtmyş, Atlantida akiýany owalybeletde Maryda bolupmyş diýýäler welin, şo çynmykar-a?!
Hä? “Atlantida okean dä” diýýäňmi?
Onna näme o? Antarktidamy?!
“Başga ýerde bir şuň ýaly zat gepläýme” diýýäňmi?!
Wa-eý!
Senem war-a, kakasy war-a, şü kulturnyý bir zat gepleşjek bollugyň, bada-bat şeý diýýäň-de, ýüzümi alýaň-da göwerýäň. Ýaşaşyp ýörenmize milýon ýyl bollam weli, gaty görer dagam öýtmüýäň! Şü uly ogluň aram-aram morta kepläp göwermesem, çakym çak bolsa, saňa çekip şeýle bolan bolamasa...we ş.m., we ş.m...
Ynsanyýetiň gelip çykyşynyň gürrüňi – Kakasy, şü rentewe aýtmyş, adam maýmyndan emele gelipmiş diýýäler. Biz çagakak bolsa, garrylar: “Adam palçykdan ýasalyp, jennetden kowlan” diýerdi. Haýsysy çyn bolýaka, kakasy? Bü meň çakym çak bolsa-ha rentewedäm-ä ýalan aýtmaly dä welin, bü garrylaňňam-a bizi aldany bilen towugy kürk bolup ýatan dä-dir-le! Ýa meň aýdýanym telekmi, hä kakasy?!
Näme geplemän, gözüňi agdaryberdiň-le?
Ýa kelläň dagy agyrýamy? Owkalap beräýin, bolmasa, hä?!...we ş.m., we ş.m...
Ylmy açyşlaň gürrüňi – Kakasy, ýene-de rentewe aýtmyş, şü “telefon” diýilýän ýerýuwutmyşy ýene-de bäş ýyldan adamyň özüne sanjym edip, endamyna göwerjekmişler welin, bizem-ä oňa çenli ýaňybir elliden agan bolýas. Ýa, bizem şomat özümize dessine telefon sanjym etdiräýsekmikä? Hä, kakasy? Onnoň ikimizem, ýöne bir mesawy gezip ýören ýerimizzenem biri-birimize jaň edişen bolup, daşymyza-da çykarman, içimizzen pynhanja-pynhanja kepleşen bolup ýösek, hä kakasy?! Neneň görýäň?! Hi-hi-hi...we ş.m., we ş.m...
Saglygyň gürrüňi – Şü gün-ä uzakly gün kelläm agyrdy durdy welin, ýene-de şo ýerýuwdanyň maňlit burýasy başlapdyr öýdýän. O diýilýän meýdi guramyş saňa-da täsir edýämi, kakasy?! Ýa, diňe meň ýaly garamaňlaý görgülide kasty barmyka, o meýdi çüýremişiňem, hä kakasy?!
Ýa, gidip, şuň nämüçrib ala-böle şeýle bolýandygyny şo palçy gelinden sorap geläýsemikä, hä kakasy?!
“Nä, onyň dugtormy?” diýýäňmi?
Wiý, a gyz, iller-ä: “Rentginnenem gowy bilýä. Seredip sanap otyr, hemmeje ýaramaýan ýeriňi!” diýişýäler.
“Kimiňkini bilipdir” diýýäňmi?
Wiý, o nemäňkini, gyz! Ho neme war-a, ana şo haçan görseň temegine gurt düşen zalýatyr goýun ýaly üsgürinjiräp ýör weli, şony gören badyna aýdypmyş: “Bokurdagyňda kem ba. Köpräk gyzgynjak süýt içseň, el bilen goparylan ýaly aýrylyp gidýänni, göze görünmeýän ýollaşlam gulagyma şumatjyk çawuş çakyp ýatyrlar” diýipdir. Olam gelip aýdylanyny edipmiş welin, edil şumad-a hossasy sypba-sypyrylyp gidibermese-de, öňküsinden-ä kän ýagşymyş...we ş.m., we ş.m...
Arzuwly gürrüň – Kakasy, bü ulyňam-a inni ikinji kursunda. Oňam başyny nogtalamaň ugruna çykywermeli...Tüf-tüf-tüf, estagpurulla, şü: “pylanyň pylanysy ýaly” diýdirmeýän, özlemmize çalymdaş, ýuwaşja, il bilen işi ýok, gowuja çaga duşawersin-dä, hernä, hä kakasy?! Onymyz herniçe pöwheräk bolsa-da, barybir özüňki özüňki bolýa dämi, nä? Maňlaýyna gowusynyň ýazylanny küýseýäň-dä, hä kakasy?!
Ýa, nä, kakasy, assa-ýuwaşjadan ökje ogurlap, ynsdan-jynsdan hiç kese billirmän, şo bilgijiň ýanyna baryp-gaýdakga, kimiň gapysyny kaksak bize “şap” boljagynyň takykja anygyna ýetip gaýdylaýsamyka, hä?!
Weý-weý! Näme “öwhüldeýäň”? Agzyňy dagy ýakaýdyňmy? Getir, käsäňi üfläp bereýin, kakasy...we ş.m., we ş.m...
avatar
0
6 Bagabat • 15:10, 28.12.2022
Etnogeneziň gürrüňi – Kakasy! Arada bir gün patadan gelýädik welin, goňşy gelinleň biri: “Şü Afrikadaky “negir” diýilýän zeňňileňňem düýp asly türkmeniň garaja-guraja tiresindenmiş” diýdi. Innem şonnan bäri tutuş goňşular bolup barymyzy bir sowal agyr derde goýýar: O hebeşi görgülileri beýdip, ata ýurdundan jyda düşürip, şunnan şoňa, haýsy zalym äkidip taşlap gaýtdyka? Özem näme üçin o işigaýdan musurman bennelerini, şeýle ýowuz güne sezewar etdikä?
Weh! “Hemmesiniň musulmandygyny nirden bilýäň?” diýýäňmi?
Wiý-ý!!! Sen-ä oňaryp ataýdyň, aý oglan! Dagam, türkmen bolsalar, özlerem garaja-guraja tiresinden bolsalar musurman bolarlar-da! Nä dagy, şo tireden bolubam olaň hytaý ýa-da hindi bolmajagy belli ahyry...
Hä? Näme?
“Hytaý bilen hindi din däl-de millet” diýýäňmi?!
A menem şony aýdýan-da, dagy näme diýýän şumat?! Dagam o hebeşi görgüliler musurman bolsa hytaýly bolmaz diýip otyryn-da...
Beh, kakasy, nä uludan demiňi alýaň? Bu gün gatyrak ýadap geläýdiňmi ýa? Aýaklaňňy owkalap beräýin, bolmasa, hä?!
Onnoňam war-a, o benneleň, bir bäbenekleri ilkinji gijesinde äriniň nemeräk ýerinden elheder alan gelniň ýüzi deýin çym-ak diýämeseň, biz-ä şolaň başga keminiň bardygyny göremzok. Olaň garaýagyzjalygam, näme, her kimi bir Allaň ýaradyşy bardyr-da. Hemme kesem özlemmiz ýaly sygyryp suratyndan suw içip durmaly bolsa-da, onna, megerem Ýeriň ýüzünne owadanlygyňam gadry galmasa gerek. “Arzanyň arzysy bolmaz” diýlişi ýaly, seýrek däl bolup, eliňi uzadan ýeriňde hiç kese gerekgä çaşyp ýatan zadyňam gymmaty bolmaz-la. Şeýle dämi, kakasy, hä?!
Ýa, gidip şu zatlar hakda-da şo palçy gelinden elinjek soralyp gelnäýsemikä?!
“Nämetjek?” diýýäňmi?
Weý! Bilseň gowy-da, kakasy...we ş.m., we ş.m...
Zooseleksiýaň gürrüňi – Kakasy, şü towugyň etidir-ýumurtgas-a süýjem bolýa. Näçe iýseňem lejikdirmeýä. Hudaýa şükür, mesligimden kükräp diýemok welin, indugyňkyny bolsa, köp iýseň, yzly-yzyna iki iýdirýä. Soň birhili keşdiň çekmän başlaýa. Sewäp diýseň, ýumurtgasyndan-a gumuň ysy gelýä, etem öte şepbeşik bolýa. Inni men diýýän, şü eşek bilen aty çakyşdyryp gatyr alyp bolýandan bolsa, towuk bilen indugy çatybam, eti-ýumurtgasy-ha mäkiýanyňky ýaly, gabarasam hindiguşyňky ýaly täze bir janaweri alyp bolmazmyka, hä?!
Weý-weý, nä beýle ýöne “öwhüldäp” otyň-la, kakasy? Ýa çaýyň öte gyzgynmy? “Getir, üfläp, sowadyp beräýin” diýdim-ä! Howlukmaweri. Agzyňy bir ýakaýma. Owalam-a, uzakly gün gepleşere-ümmüldeşere adam tapman, içimiz hümmüldiden depme-dykyn bolup gidýä. Inni senem agzyňy ýakyp, birküç günläp hümürdeşmäge ýaramasaň, duran ýerimizde darka ýarylaýmaly birden, hi-hi-hi...
Ýa, munam: “Şeýtsem, işsiz gezip ýören perişdeleň biri “ämin” edip berermi? Habar tutup bersene!” diýip soramaga, şo bilgiç gelniň ýanyna baryp gaýdaýsammykam, hä?! Her niçigem bolsa, palçy boljakdan bolsa, beýleler bilen aragatnaşykdaky adamdyr-da, hä kakasy?!
Hä? Näme diýýäň? “Nä, beýle bilen aragatnaşykda bolar ýaly, o taýda sputnik anten ba diýip eşitdiňmi?” diýýäňmi, hä kakasy?!
Weh! Bolsa bolar oturar-da, kakasy! Nä, “şü-ýä ba” ýa-da “bü-de ýok” diýip sanap berer ýaly, beýläk baryp gelen-ä ýok öýdýän. Ýa bamy?! Biz-ä “ba” diýip eşitmändik welin, kim bilýä, siz bir köpüň içinne gezip ýören adamlar, biz ýaly öýden çykman, başyňyzy basyryp oturan däl. Onnoň eşiden ýa gören bolmagyňyzam ahmal, hä kakasy?!
Onnoňam war-a, kakasy, şo ýaňky palçy gelin, “aklyk” diýip nyrh kesmiýämiş. Uzadanyňa yrzamyş. Uzatmalysam bary-ýogy her girip-çykandan düwünçege düwlen birje gysym süýji-köke bilen onja manatmyş. Ýaman pesgöwünmiş, özem. Birden ýalňyşyp dagy, köpräk beräýseňem, gaşyny çytman alaýýamyş, dawa edip durmyýamyş...we ş.m., we ş.m...
avatar
0
7 Bagabat • 15:11, 28.12.2022
Global kataklizmleň gürrüňi – Kakasy! Men-ä şü näme diýseňem, ertirde-birigünde şo bilgiç gelniň ýanyna gidip, şü kyýamat-magşaryň haçan boljakdygynyň anyk senesini sorap gaýtjak...
Weý-weý! Toba, estagpurulla! Näme, düwnäýdiňmi, kakasy? Birdenkä, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden “ühhüldäberdiň-le”! Ýa näme, owurtlanyň ýalňyş gidäýdimi? Dur, arkaňa kakaýyn! Noş, noş...
Hä?! Näme?! “Kyýamaty başyňa ýapjakmy?” diýýäňmi?!
Weý! Bilseň gowy-da.
Duraweri, kakasy! Intäk demiňi bir dürse! Gepläbermäge howlukma! Ýene-de düwnäýseň nätjek?! Özüňem kakasy, şu gün-ä gözüňi çalt-çaltdan agdarýaň welin, meň saňa kän pisindim oturanok! Mertsiräp, şunça aýtmajagam bolýansyň welin, seň hakykatdanam kelläň gaty agyrýa öýdýän. Ýa, sitramonjyk getirip beräýin, hä kakasy?!
Hä?! Näme?! “Gaýtalap soraýan: Kyýamaty başyňa ýapjakmy?” diýýäňmi?!
Äý kakasy, özüň bilýäň-ä, men pahyr, bar aladam şü tünekdir-dä. O elinjek malyň etini alyp, duldaky pitimizi gowurdakdan ýaňyja doldurdyk. Indem arada bir gün rentewede: “maýýalaň kalendaryna görä, kyýamata takmynan on-on bäş iş güni galypmyş” diýdiler welin, menem şonnan bäri iňkisde-dä: “Şü kyýamata çenli, sag-aman gowurdagymyzy bir isrip etmän, çagalar bilen iýip gutarsak” diýip. Ýaman ýerine düşüp bişirilensoň, özem öýde bakylan malyň mylkyldap duran etinden bolansoň, kyýamatdan soň iýilmän galyp, zaýalansa şonymyza erbet gynanjak-da...
Weý-weý! Nä beýle arkan-ýüzin gaýşyp gülüberdiň-le, kakasy?! Bü synlap ýatan telewiziriňde-dä bumat gülkünç zat görkezenoklar, hä?!...we ş.m., we ş.m...
Şahsy döredijiligiň hem galamhakyň gürrüňi – Kakasy, şü menem, şo-o-o eli çöplüje, maňlaýy çyzyk, gözi äýnekli jadygöý oglanjyk hakdaky kino war-a, şoň ýaly kitap ýazaýsam neneň görýäň, hä?! Bü goňşulaň biri aýdýa, şo kinoň kitabyny ýazan heleýe şoň üçin çemadan-çemadan pul beripmişle.
Eger-de haýsam bolsa bir zat ýazsaň, şonçalap pul berýän bolsalar, biziňem beýdip, sygyr saklap süýt-gatyk satyp ýa-da mellege hyýar-pomidor ekip, seň gazanjyňa ýarna etjek bolup, gara güne batyp ýörmämiziň bahasy jinnek ahyry!
Bir kitap ýazzyň – ogluňy öýerdiň.
Ýene-de birini ýazzyň – gyzyňy çykardyň.
Ýene-de birini şeýtdiň – seň maşşynyňy täzeledik.
Soň ýene-de birjigini nemetdiň – güpür-tapyr öýümizi dabanynnan depesine çenli gülpäpeläp taşladyň...
Hä, kakasy?!
Beh! Ýene “ühhüldäp” başladyň welin, bu gün saňa näme bolýa, gyz? Ýöne düwnüp ýatyrsyň-la! Dur, arkaňa kakaýyn! Noş, noş...
Hä?! Näme?! “Näme hakda ýazjak?” diýýäňmi?!
Weh! O hiç-le. Näme barada ýazjagymy eýýäm haçan oýlap tapyp goýdum. Inelikge, mysal üçin, bir ýokburun, hüwigöz, şytyrşeýtan bamyş. Şolam bir oglanjygyň ejesi-kakasyny heläk edip, oglanjygy ýetim goýýamyş. Olam ata-enesiniň daşgynrak garynnaşynyň elinne, hor-homsy bolup, basgançagyň aşagynnaky sübse goýulýan ammarjykda ýaşaýamyş. Bir günem olaň öýüne çapar baýguş gelýämiş-de, şo oglanjyk üçin jadygöýleň okadylýan ýaman ýokary okuwyna talyplyga çakylyk getirýämiş. Şo jaýda-da şo oglanjyk tä ýigit çykynça pelança ýyllap okap-okap, bir-ä çöpüni dogry bulaýlamany, birem öwran-öwran: “Parasetomolum aspirinus analgini” diýmäni, onnoňam “Ampisilinum askorbinkas sitrominian” diýip, tüzüwje gygyrmany öwrenýämiş...
Hä? Näme? “Boldy-boldy. Munyň plakat bolýa!” diýýäňmi, hä kakasy?!
O nähili “plakat” bolýamyş, gyz?!
“Plakat” däl, “edebiýat ogurlygy” diýýäňmi?
Ogurlyk nämişlesin, gyz? Nä, men bü aýdýanlammy, şo eli çöplüje oglanjyk hakyndaky kinony ýazan heleýiň kellesine girip, o taýdan alyp gaçyp gaýdypdyrynmy?! Men-ä o janaweri tanamogam, oň bir zadyny ogurlar ýaly...
Ýa, munam gidip, şo palçy gelinden...
Hä? Näme? “Gidäý” diýýäňmi?!
Weh! Kakasy, bü gezek nä, beýle çalt jylawumy başyma oraýdyň-la, hä?! Munyň-a birhili ýaman gümürtik bolýan ýaly...
Hä? Näme?! “Olam özüň ýalydyr. Özara gowy düşünişersiňiz” diýýäňmi?
Weh! Düşünişmän näme, gyz? Dagam, özi adam bolan iki sany janawer oňat düşünişer-dä... we ş.m., we ş.m...
avatar
0
8 Bagabat • 15:11, 28.12.2022
Paşmadyk arzuwlaň gürrüňi – Kakasy, şü menem, ýaşkak dugtorçylygy okamaly ekenim. “Nämüçin?” diý-dä.
“Diýdi hasap edäý” diýýäňmi?
Hasap etmeli bolsa, onna, göz öňüne getir.
Ine men, egri dyzdan akja halatly, aýagymda-da akja jalbar, akja şypbyk, kellämde akja sopbaç. Özümem eşigim ýaly juw-akja, birenaýy bolup, asty-üsti-gapdaly ýylpyldap duran, tämizje, akja däliziň ugry bilen ýöräp barýan...Aýagymdaky şypbygam her ädemde “şyp-p-byk-k, şyp-p-byk-k” edip süýjüden-süýji ses edýä...
Neneň görýäň, kakasy?!
Gelşerdimi?!
Ýa, munam gidip...
Hä? Näme? “Gidäý” diýýäňmi?!
Wiý! Kakasy?!
Intäk men saňa nirä, näme üçin gitjegimi aýdamok ahyry.
“Palçy gelniň ýanyna: “Dugtor bolan bolsam nätüýslek bolardy?” diýip soramagadyr-da” diýýäňmi?!
Wah, ýürejigim bol-a, kakasy! Hakyýt şony diýjek-diýjek bolup otyrdym welin, sen nädip billiň, gyz, hä?!
Aý, şü, enem pahyr: “Är-aýalyň topragy bir ýerden alnarmyş. Sulhy alşan höwürlerem uzak ýaşaşansoň biri-birine geplemänkä düşünip oturan bolarmyş” diýýädi. Ikimiziňkem, hakyýt şo bolýandan bolýa öýdýän, hä kakasy?!...we ş.m., we ş.m...
Paşan arzuwlaň gürrüňi – Kakasy! Şü ejeň pahyryň gaýnym bolanna ýüz-de müň alkyş edýännirin! Bilseň, ilki-ilkiler bende, telegime “telek” diýip käýýese, gökbeýniligimi edip gaty görerdim. Inni, bolsa, nesip etse gaýyn bolup gelin terbiýelemek nesibesi özümiňem alnyma ýetip gelýä. Şoň üçinem her günümde Alladan dileg edýän, gaýnym pahyryň hut özi ýal-a dä, şoň üçden biri ýaly bolup bilsemem, mennen bijaý mährem gaýynene çykar diýip...
...Kakasy, bahanasyz ýerden “naçar ejizligini” edip, şumjarýa diýme. Ýöne, ejeň pahyr, ýogalanyna on ýyldanam köp wagt geçenem bolsa, şumat-şumadam, näme etsem ýanymda durup, şo birmahal ýaş gelinkäm edişi ýaly: “Gyzym! Ýene birje çümmük duz ataý! Azajyk hamyryň duzy ýetmedi öýdýän!” ýa-da “Guzym! Gazanyňa esewan bolaweri. Bulap durmasaň, düýbi ýanjak bolaýýan bolmasyn!” diýip, her ädimimde gulagyma mähirli pyşyrdap duran ýaly...we ş.m., we ş.m...
...Bu gürrüňleň hemmesine-de puryja – ýarym sagat.
Ýetiş-ýetişme, uzakly gün höwrüňi göresiň gelip, içiň gepden dolup, ýüregiň gysyp giden bolsun, tapawudy ýok.
Laýyjak dört käse sygýan çäýnegini boşatdygy, ähli aýdýany ygtybarly rentewe bolmasa-da, şoňa golaýrak bir ýerlerde mekan tutunan enteweden täzelikler başlanýar.
Onsoň, öňünden ýaňy tamşanyp ugran ýaly alnan ýarak köpegiň näderejede neneňsi bolýandygyny iş ýüzünde synlamak islemeseň, sag-aman şo gepleşik gutarýança öýüň hojaýynyna päsgel berdisi ýokdan bolýar.
Bu günem şeýle boldy.
Gürrüňleň görnüşleri diňlendi. Täzelikler görüldi. Soňam esasy gepiň başy çözüldi.
-Kakasy...
-Hümm...
-Şü maňa-da bir zerurlyk beýleki çykanda habarlaşaýmaga, ibalyrak telefon alnylaýsa neneň görýäň, hä?!
Diýýär, özem öz aýdýanyndan çalaja elheder aljak bolýarmy nämemi, öý bikesi gözüni pugta ýumýar. Demini döşüne doldurybam, beriljek jogaba garaşýar.
Kim bilýär, “hawf!” edilip, jabjynyljakmy ýa-da düýbünden ähmiýetem berilmän: “bolar-la” diýlip goýberiljekmi?
Şü gapdalynda güberilip ýatan bilen, özi aýtmyş: “milýon ýyl ýaşaşsa-da”, onuň her bir indiki hereketiniň niçik-neneň boljakdygyny ýoraýmak juda çetin.
-Bolar-la...
“Huw-f-f” edip, hatyny daşyna seda çykarman, kükrek doly howasyny assajadan boşatdy...
avatar
0
9 Bagabat • 15:13, 28.12.2022
Hakyky erkek kişi hakda

Welli Wala aýtdy:
-Arada bir gün körpäm soraýa: “Däde, hakyky erkek kişi nähili bolmaly-aýt?! Hä?!” diýýä.
Menem munuň ýaly sowal berseler gözüm açylýan hilisinden.
Birjigem säginmän, eddiljek aýna seredip öz keşbimden göçürýän ýalaky edäkge, ýüzümiň ugruna sarnaşdyryp başladym:
“Bar aladasy maşgalasy bolup, öý-içerisini hor-zar etmezligiň ugrunda gije-gündiz gydyrdanyp ýören, öýüniň duly unly, saçagy nanly, mellegi ekinli, ýatagy mally, tamy hekli, tünegi tämiz, perzentleri sypaýy, özi salyhatly, işeňňir, ýekegepli, çagalarynyň edep-terbiýesine berk üns berýän, öz ýagşy häsiýetleri bilen balalaryna görüm-görelde görkezýän, mert, akylly, üşükli, ýiti, ederini bilýän edenli, elinden dür dökülýän, haýsy işiň başyna barsa-da gül pürkülene dönderýän, il içinde agyr ýüki abraý bolan erkek kişi hakykydyr!” diýsem, onda körpäm aýdýa: “Ejem ýalymy?!” diýýä...
Ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?!
Hut guşuň gözüniňem garaçygyndan urýan jaýdar gepe, ýüzüňi ajan hamyra döndüribrägem bolsa: “Hawa” diýip myňňyldaýmakdan özge alajyň barmy diýsene?!
Dogry dämi, ýigitler?!
Welli Wala gulak pakgardyp oturanlar: “Hawa-da-hawa” bolşup, onuňkyny tassyklamaga howlukdylar...
avatar
0
10 Medicall • 17:32, 28.12.2022
Gynançly.. Liriki gahrymanyñ özi ol boşlugy başga ýerden gõzlãp tapjak bolman ýagdaýyny, duýgusyny gelni bilen palaşmaly, gelniniñ ünsüni çekmeli. Her kimem bolsañ ojagyñ, maşgalañ terbiýesi, ýagdaýy ilki özüñi düzetmekden, baryña kanagatdan başlanýar. Ol boşlukdan özi özüni halas etmeli, başga bilen doldurjak bolmaly däl. Köp kişi şeydip nebir maşgalany dargadýar. Soñam "äri är edýãnem aýal, gara ýer edýänem aýal" diyen boluşyp öz "boşluklaryny doldurmakdaky"
suw meýilli gurbaga hereketlerini õýi, ojagy bilen başagaý Zenanyna aty:p göýberýärler. Zenan öýe berlen bolýar-da, adamsynyñ ol boşlugy nämeler bilen doldurjak boljagyny pikirem etmeýär. Soñ welin ökünse-de giç bolubam biler. Ýöne erkek adam gidip ol boşlugy "güýmenjeler" bilen "dolduraýanda-da barybir ol yer dolýandyr öýdemok, barybir bary wagtlayyn güýmenjeler bolup, ýene õz ojagyñ, halalyñ şol boşlukdaky orny oýulup galýarmyka diyip dúşünýãn. Şoñ üçinem ol" boślugy" "doldurýançylar" beýle bir begenibermelem däldirler.. "doldurjak" bolýanlaram daldany diñe öz başdaşlaryndan gözlemeli, ony õzüne çekmeli, nãme bolsa-da "bar, bar õýdäkiden bar"
diymegi başarmaly..
Aktual mesele gozgapdyr @Çerkez gyzy, Sagboluñ
avatar
0
11 Pero • 22:55, 29.12.2022
Ol äriñ aýaly gykylykçyrak,gyzykdyryçyrak bolanda o haýranyñ içinde boşluk bolmanjyk geçerdi.Dokuzy düzüw ýok diýilýär weli,o haýranyn dokuzy hakytjak düzüw bolmaly,yogsa boşluk bolmanjyk geçerdi. Durmuşda arzuwsyz,maksatsyz ýaşap ene-atañ yhlasy bilen ýeten bolmalyda bar zada o görgüli. Heý onsoñam öz gazanmadyk zadyñam bir arzysy bormy?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203