16:35 Ejem jañ edýär... | |
EJEM JAŇ EDÝÄR Mendenem bir şahyr bormy Şu wagt goşgy nämä gerek. Gurbannazar Ezizow Ejem jañ edýär, alamok, Nämemişim - işlimişim. Ylham gelenmiş birdenkä Goşgy ýazýarmyşym çişip. Nämemiş edil şu mahal Ýazmaga sebäp barmyşyn. Zol-zol ýagyp duranokmyş Daşary galyñ garmyşyn. Döretmesem bolanokmyş, Joşupmyşyp misli derýa. Ölüm barýarmyşym hakyt Urjakmyşym özüm her ýan. "Soñ özüm aýlaryn" diýýän, Diýýän: "Şonda sözläp şirin Ýazyp bolamsoñ goşgyny Uzyn-uzyn gürleşerin. Gaýta ony begendirin Belki derdine em bolar. Täze goşgymyñ ilkinji Diñleýjisi ejem bolar". Ýöne men pikir edemok Çaga deý päk zenan hakda. Telefonyñ añyrsynda Garaşýan mähriban hakda. Ol bolsa pikir edýändir "Gören däldir" - diýip - "jañym". "Bu gün iş güni däl onuñ, Aýyrýandyr öýüniñ cañyn". Belki ol aýtmak isländir Şu gün örän möhüm bir zat. Näme göwni bar diýsene Sähel zada bolýar ol şat. Balki gary synlaýarka Täsin hala düşendir ol. Gyşda doglanym üçinem Men ýadyna düşendirin. Göresi gelendir görgüliñ Ýolugandyr şeýle derde. Belki aýlandyr sesimi eşidesi gelendir-de. Soñ özüme sowal berýän: "Aldanyp oýnuna gyşyñ Ejeñ sesine çalşar ýaly Ol nähili gişgumyşyn?! Bir goşgy däl, kitaba-da Çalyşmaly däl halyña. Çalşyp bilýäñ tebigatyñ Her ýyl ýagjak ak garyna. Ýogsa sen atañ öýüñden Şondan başga kim jañ etse. Jañy alýarkañ diýýärsiñ: "Eýgilik bolsun-da hernä". Adamsyndan ynjamadyk Hudaýyñ saýlap-seçeni. Garaşdyrça, gynandyrça, Sen kim beýderçe ejeñi?". Ýok, meniñ hakym ýok muña Iş etjek däl şondan daşgyn. Goý, ýazylman geçsin yzy, Tamamlanman geçsin goşgym. Besdir, ýetik cagasyrap Owal gidenim kejine. Ýürekden ötünç sorajak Jañ etjek häzir ejeme. © Güljan DURDYÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |