11:32 Çaga gelsin çäräñize | |
ÇAGA GELSIN ÇÄRÄÑIZE Aýdyşyk Aýgül: -Otlar salan niçäge, Dynç günümiş o çäre. Bizde näme kän-çaga, Bezär ýaly şol çäräni, Eltelimi bäş çagany? Gülkamat: -Beýtmek gowy däl, syrdaşym, Ol ýer toýy däl gardaşyñ, Gülki bolar içiñ-daşyñ, Gaty görer agalary, Ýok, eltmäli çagalary! -Çagany etmek nägile, Gelişermi bu päk ile?! Sarsgyn bersinler "Kämile", Diýip "Hydyryñ halany", Eltelimi bäş çagany? -Eşitseler kaka adyn, Çagalar bolmazlar nadyl, Almaly çäräniñ badyn, Ellerine şar alaly, Ýok, eltmäli çagalary! -Gepem şondadyr, jorajan. Şoñ üçin senden soraýan. (Sen kimi kimden goraýañ?!) Kakasam şol ýerde çagy, Eltelimi bäş çagany? -Goh etse, şarpyk çalybam Bolmaz badyny alybam. Boýdaş, señ derdiñ bilibem Diýmäýin: "Eltmäli çaga", Diýmäýin: "Beýtmäli çärä" Diýýän: "Tirkäp bar yzyña, Özüm seretjek gyzyña". -Şarpyk däl, çapak çalynsyn, "Elegant" atyr alynsyn. Guşagyñ gaýym dañylsyn. Olar sungat kişileri, Tapylar-a düşüneni. Öñem pozduk kän çäräni, Elteli biz bäş çagany! Aýgül Garaýewa, Güljan Durdyýewa | |
|
Ähli teswirler: 23 | |
| |