17:15 Ýürekdäki ýazgylar | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR ÝÜREKDÄKI ÝAZGYLAR Hudaýyň maňa her günki sarp etmegim üçin berýän 24 sagadynyň 2-3 sagadyny duralgalara we ýollara harçlamaga mejbur bolýaryn. Munuň ýeke-täk sebäbi bar. Durmuşymyň iki sany esasy manysy bolan öý bilen iş aralygyna gidirýän wagtym hut şol wagta barabar. Şonuň üçin hem men örän gymmatly, bibaha bolan şonça wagtyň ýele sowrulmagyna ýol bermek islemedim. Maňa sataşýan her hili ykbala, häsiýete eýe bolan adamlary diňlemeli, olar bilen kalpdaş bolmaly, gürrüňlere gulak asmaly, gören-eşidenlerimden netije çykarmaly, şaýat bolan wakalarym bilen bagly oý-pikirlerimi, garaýyşlarymy, düşünjelerimi kagyza geçirmeli, iň bolmanda, durmuş sapagyndan geçilenleri gaýtalamaly diýen özboluşlyja karara geldim. Şunlukda, şeýle ýazgy peýda boldy oturyberdi: *** Kim günäkär: Durmuşmy ýa durmuş? Awtobusda oturgyçlaryň birinde oturan adam telefonda kimdir biri bilen gürleşip barýar. Oňa özüniň däl-de, işdeşiniň günäkärdigini düşündirjek bolýar: «Men edemok how, Durmuş etdi, şeýtdi...». Meni bolsa kellämde dörän bir sorag biynjalyk etdi durdy: «Hakykatdanam, Durmuş şeýtdimikä ýa-da durmuş?». *** Köşeşmek Käte kynçylyk gerdenimden basanda, başda zeýrenýän, nadyl bolýaryn. Ýöne soňundan: «Hudaýyň eden işine at dakarça men kim?!» diýibem özüme göwünlik, giňlik berýärin. *** Gatyrgansaňam bolup dur, gülseňem Bir gezek awtobusyň yzky gapysyndan gapdaly ýaş çagaly hamyla gelin mündi. Oturgyçda oturanlaryň aglabasy ýaşy bir çene baran adamlar, olaryňam ýagdaýy şol gelniňkiden enaýy däl. Şonuň üçin gelnem olardan oturmak üçin ýer hantama bolup durmady. Awtobusyň içine birlaý göz aýlady-da, münen ýerinden iki ädim gyra süýşüp duruberdi. Şol wagt gapa ýakynrak ýerde oturan ýaşrak zenan oňa habar gatdy: — Geliň bärik, meň ýanymda duraýyň, men häzir iki duralgadan düşýän. Bu ýer boşaýar. Onsoň oturaýarsyňyz... *** Käşkä Özüm-ä bu ýagdaý diňe mende däl, adamlaryň köpüsinde şeýledir diýen pikirde. Täze bilen sary giden puluň bitirýän hyzmatlarynyň birmeňzeşdigine garamazdan, köplenç, olaryň ilki bilen könesinden «dynanymyzy» gowy görýäris. Edil şonuň ýaly biz özümizdäki ýaramaz gylyklardanam dynmak islesedik. *** Geň terjime Daşary ýurt dilini özüňçe terjime etseň, özüňçe düşünseň bolýandyr öýdýän döwrümiz — çaga wagtymyz «Uniwersalnyý soldat» atly gyzykly bir kino höwes bilen tomaşa edýänimiz ýadyma düşýär. Men her gezegem kinonyň soňuna çenli on bir sany soldatyň (esgeriň) nirelerdendir bir ýerlerden çykarlaryna, gahrymançylyk görkezerlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Sebäbi men filmiň adyny özümçe terjime edipdim. Meniň terjime edişimçe, «Uniweralnyý soldat» «On bir sany soldat» bolmalydy... *** Ugurtapyjylyk Ugurtapyjylygyň ýaşa bagly zat däldigine durmuş wakalarynyň mysalynda şaýat bolan diňe men däl bolsam gerek. Bir gün çagalarym bilen bile oýun oýnaýardyk. Oýnuň düzgünine görä, olaryň ikisi-de ylgap, belli bir aralygy geçmelidi. Kim yzyna birinji bolup dolanyp gelse, şol hem ýeňiji bolýardy. Men emin agzadym. Bäsleşikde, köplenç, kiçi oglum ýeňiji bolýardy. Munuň esasy sebäbi uly oglumyň bilgeşleýin, has anygy, jigisiniň göwni üçin köplenç yza galýanlygyndady. Ýöne onuň özi-de ýedi ýaşyndaky çaga. Ýeňiş oňa-da gerek. Dört ýaşly oglum diňe özi ýeňiji bolmalydyr öýdýärdi. Şeýlelikde, emin agza hökmünde oýnuň nobatdaky tapgyrynyň ýeňijisini yglan edenimde, uly oglumyň adyny tutdum weli, onuň käte bir gezek gazanýan ýeňşinem köp gören kiçi oglum oturyp aglamaga başlady. Men her-näme etsemem, diýsemem köşeşdirip bilmedim. Ony uly adamyň ornunda goýup, agasynyňam käte ýeňiş gazanmalydygyny düşündirmäge synanyşdym. Ýöne meniň düşündirişlerim netije berenokdy. Edil şol wagt uly oglum aramyza goşulyp, biziň dawamyzy aňsatjak çözäýdi. Ol jigisiniň adyny tutdy-da: «Goý, aglama, men ýaňky hemme ýeňişlerimem saňa berýän» diýdi weli, kiçim tarpa sesini goýaýdy. Diňe bir goýmagam däl, ýüzünde üýtgeşik bir ýylgyryş peýda boldy. Şonda uly oglumyň ýüzüme seredip köpmanyly ýylgyrany hiç haçanam ýadymdan çykmaz. *** Gülmelem däl weli... Uzak ýaşly adamlaň käbirine: «Seniň ýalylaň dagy tümmegi ýitip gitdi, sen bolsa häzirem gezip ýörsüň» diýlip degşilenini eşidenimde, aýdyjynyň gülüp aýdany üçinmikä, meniňem gülkimi tutdurdy. *** Gowy zady kimden öwreneňde nä?! Bir gezek bäş ýaşly oglum bilen çagalar bagynyň öňüne geldik. Men ony tabşyryp, işe gitmelidim. Oglumyň terbiýelenýän topary çagalar bagynyň aňrujunda ýerleşýärdi. Adatça, men ony mugallymyna gowşuryp gaýdardym. Bu düzgün boýunça-da şeýle edilmeli. Ýöne şol gezek biz öýden giç çykdyk. Onsoň men oglumy çagalar bagynyň esasy gapysyna çenli eltip, oňa galan ýeri özüniň geçmeli boljakdygyny aýtdym. Şeýtmese meniň işden gijä galmagymyň mümkindigini düşündirdim. Ol başda göwnemän, hüňürdäp ugrady. Ýüzüni boz-ýaz edip, aglamjyrajak boldy weli, men oňa: «Oglumjan, şu gezejik erkek bol!» diýdim. Bar diýenim şol. Diýerime mähetdel, onuň ýüzi açylyp gitdi. Ol ýylgyryp: «Bolýar» diýdi-de, bökjekläp, çagalar bagynyň uly gapysyndan girip gitdi... Şondan soň men «erkek bolmagyň» bäş ýaşyndaky çagany-da biparh goýmaýandygyna, onda şol düşünjäniň ýönekeý zat däldigine bolan ynamyň, oňa bolan hormatyň bardygyna göz ýetirdim. Käşkä, kiçijik çagadaky şol ynam, şol hormat uly erkekleriň hemmesinde-de bolsady... *** Üýtgeşik dileg Alty ýaşyndaky ýegenime ejesi nahardan soň töwir galdyrmagy öwredipdir. Oňa aýaty okap bolanyndan soň, dünýesini täzelän enesini ýatlamagy hem öwretjek bolup, aýatyň soňunda: «Enemiňem ýatan ýeri ýagty bolsun!» diýmelidigini aýdypdyr. Şonda ýegenim özüne mahsus geň dileg edipdir: «Enemiňem ýatan ýeriniň çyrasy hiç haçan öçmesin!». *** Düşnüksiz gussa Bir gezek ýedi ýaşly Nurujygyň dostuna janygyp aýdan şu sözlerini oglanjygyň işgär ejesi eşidýär: «Sagadyň dilini saklap bilýän bolsadym, onda her 6-njy gün hem-de bazar güni gelende men şeýderdim. Şonda ejem hijem işe gitmezdi. Birden käbir gezek ýadymdan çykaýsa-da, onda sagadyň dilini ejemiň işden gelýän wagtyna çenli süýşürerdim. Şonda ejem işe diýip giden ýanynyň yzýany işden gelerdi». Nurujygyň şu pikirinden soň, ejesi «aýal hökmünde işläp dogry edýänmi ýa işlemän, adamymyň gazanjy bilen oňup, çagalarymyň arasynda hemişe bolan bolsam dogry bolardymyka?!» diýip içini hümledip oturdy. *** Ar alýan ýaly Durmuşyň kanuny diýilýäni şumuka: ilki abat ýoly ulag zaýalaýar, soňra ýol ulagy zaýalaýar. *** Kiçijik zatlarda-da şatlyk bar Käte duralga ýetip barýarkaň, awtobusyň ýöremek üçin yrgyldap ugrandygyna gözüň düşýär. Senem barýan ýeriňe gijä galmazlyk üçin oňa tarap ylgaşlaýarsyň, hem umyt edýärsiň, hem ondan galmajak bolup yhlas edýärsiň. Şonda, köplenç, şeýle bolýar: sürüji yhlasyňy boş goýanok, sakga saklanýar-da, seniň ulaga münmegiňe garaşýar. Ýüzüňe çykman biler, emma şonda ýüregiňde dörän şatlygy gizläp bilmersiň. *** Ýykylan göwni dikelden ýalan Awtobusa ýany 3-4 ýaşlyja oglanjykly, ýaşy goýalyşan bir aýal mündi. Oglanjyk çaga garagollygyny edip, hiç dek oturanok. Argynlygy diline çenli baryp ýeten bir gelin muňa uzak çydam edip bilmedi, ýadaw sesi bilen: «Hany, ýuwaşrajyk bol-da, otur eneň gujagynda» diýdi. Çagasynyň kötekleneni üçin bolmasa-da, aýal gelniň sözlerini göwnüne alypdyr: «Men onuň enesi däl, ejesi». Çykalga diýlen zadyň özüniň, köplenç, iň gyssagly wagtyň tapylma häsiýeti bar. Şu gyssagarada gelniň dadyna ýetişen çykalganyň peýda bolşy hem şeýle boldy: «Wiý, bagyşlaweriň, ýöne menem siziň pikir edýän eneňizi göz öňünde tutmadym. Sebäbi sizdäki «ejä» biz lebaplylarda «ene» diýilýär-ä» diýdi. Aýal ýylgyrdy-da oturyberdi. *** Hiç düşünýän däldirin Gussaly mazmunly aýdymlaryň şatlykly heň bilen aýdylyşy geň galdyrýar. *** Sargyt Internetde paýlaşylýan, her topbagyň arasyna awtoryň telefon belgisi ýazylan goşgular, çyndanam, meniň pikir edýän maksadym bilen ýazyldymyka?! *** Dogrudanam... «Bir günüň dowamynda näçe gije bolýar?». Üçünji synp okuwçy oglanjygyň göräýmäge örän ýöntem, bir görseňem örän geň, näçe wagt pikirlenip döredendigi belli bolmadyk bu soragyna ýüzümiň ugruna jogap gaýtardym: «Bir günde bir sany gije bolar-da». Oglan bu jogabym bilen ylalaşmady: «Ýok, bir günde iki gije bolýar». Sebäbini sorasam, ol şeýle düşündirdi: «Gije sagat 12:00-a çenli bir gije, şondan soň sene üýtgeýär, ýagny ondan soň daňdana çenli ikinji gije bolýar». Näme diýjegimi bilmedim. | |
|
Ähli teswirler: 18 | |
| |