00:50 Ejeme | |
EJEME Şineleýän, ýöntem goşgularymyň, Her setirne müňläp mährini seçen, Meni sen deý düşünene duşmadym, Ilkinji okyjym - mähriban ejem. Bir goşgy ýazdygym derrew ylgardym, Howlugardym, gyssanardym ýanyňa. Ýöne soňky döwür ýazýan şygyrlam, Birahatlyk berýär öýtýän janyña. Diýýäň: "Söýgi hakda ýazýan şygyrlaň Gün-günden köpelip, artýar göwrümi, Ýa ykbal yşk ummanyna atdymy. Bir ýigide beräýdiňmi göwnüňi?!". Şeýdip oý-pikire batýarsyň eje, Hem mydama diňläp otyň böwrüňi. A meň bar aladam - sönmez yhlasym, Şygyr bilen badaşdyrmak ömrümi. Goý, köpelsin söýgi hakda goşgular, Gaýgy etme ejemjan, batma gam-gussa. Men şu kespden tapmak isläp kelamy, Galama ýapyşýan ýüregim gyssa. Duýgusyny duýup bilsem ynsanlaň, Mundan uly bagt bolarmy eýsem?! Setire geçmäkä bilersiň ejem, Eger bir ýigidi ýürekden söýsem. Nurgözel ÝAZBERDIÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
0
0
| |