Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:39
Ýaz ýagşynyň ýatlamasy
ÝAZ ÝAGŞYNYŇ ÝATLAMASY

Yn­san kal­by­ny özi bi­len ýaz­laş­dyr­ýan ýaz pas­ly kalp­la­ry­my­za ýy­ly­ly­gy, mä­h­ri paý­lap gel­di. Gö­ýä ýa­zyň ge­le­ni­ni hem­me­le­re buş­la­mak is­le­ýän ýa­ly as­man­da­ky bu­lut­lar dürdä­ne­le­ri­ni ýe­re seçip baş­la­dy.
Pen­ji­rä ur­lup, soň­ra aşak­ly­gy­na sy­ry­gyp gaýd­ýan dam­ja­lar bu­lut­la­ryň pyn­han sy­ry­ny sak­la­ýan my­sa­ly, içi­ne syg­ma­ýan
duý­gu­la­ry­ny «şy­byr­dap» aýt­mak is­le­ýän ýa­ly­dy. Bu­lut­lar bol­sa du­şu­şy­ga gi­jä gal­ýan dek, eg­len­män ge­çip gi­dip bar­ýar­dy.Şol wagt mu­gal­ly­myň: «Mu­ňa ýaz di­ýer­ler, ýaz bol­sa ýag­şy bi­len gö­zel­dir» diý­me­gi,
me­ni ýaz ýa­gyş­ly ýat­la­ma­la­ra alyp git­di.

Ka­ka­my­rat Re­je­bo­wyň bir goş­gu­syn­da:

Her damja bir duýgy...
Aýry ýatlama...
Umyt­lar...Hy­ýal­lar...Ar­zuw­lar ýag­ýar­—


diý­şi ýa­ly, ýag­ýan di­ňe ýa­gyş däl­di. Ýag­şyň her dam­ja­syn­da bir duý­gy, bir ýat­la­ma bar­dy. Bu ýa­gyş bol­sa meni senli günlere alyp git­di.
Ýa­zyň ýa­ňy ge­lip, kal­by­ňa hoş­tap ysyň dol­ýan gün­le­ri­niň bi­rin­de okuw­dan öýe gel­ýär­dim. Bu­lut­lar ýe­re ga­çaý­jak ýa­ly, tu­tuk­sy hal­da ýü­zlerini bü­rüş­di­rip dur­dy. «Öýe ba­ryp ýe­ti­şäý­se­dim» di­ýip, içi­mi hüm­le­dip, ädim­le­ri­mi çalt­laş­dyr­dym. Şol wag­tam özü­niň dürdam­ja­la­ryn­dan bi­ne­sip et­me­jek bo­lup, gök güm­mür­däp, ýa­gyş ýa­gyp baş­la­dy.
Wah, ýag­şyň ýa­ga­ny go­wy­-la, ýa­nym­da sa­ýa­wa­nym ýok­-da. Ýag­şa ezi­lip, içi­mi gür­le­dip bar­şy­ma üs­tü­me tu­tu­lan sa­ýa­wa­nyň ni­re­den ge­le­ni­ne­-de üns ber­män­di­rin. Bir­den ge­len sa­ýa­wa­na ýü­re­gim ýa­ry­lan ýa­ly bo­lup, tol­gu­nyp, sa­ýa­wan as­tyn­dan ça­la­ja se­ret­dim we­lin,nä­ta­nyş, ýö­ne mä­hir­den do­ly göz­le­ri­ňe gö­züm düş­di. Eje­miň he­mi­şe aý­dy­şy ýa­ly, «Iki gu­laç dil­li» di­ýil­ýän­ler­den­dim. Ýö­ne ýa­-ha şol göz­le­riň, ýa sa­ýa­wa­nyň, ýa­-da ýag­ýan ýa­gyş di­li­mi bag­lap­dy. Her­nä ke­jir­li­gim bir ýer­ler­den peý­da bol­dy­-da, di­li­miň güý­jü­ni ädim­le­ri­me be­rip, sa­ýa­wa­nam eli­ňe tut­du­ryp, ýö­räp ug­ra­dym. On­ýan­ça­-da yzym­dan ýe­tip,sa­ýa­wa­ny­ňy ma­ňa be­rip: «Ba­gyş­laň, si­zi ýag­şa dö­züp bil­men»­ diý­diň­-de, ýo­lu­ňa ba­kan ýö­räp git­diň. Nä­me diý­je­gi­mi bil­män dur­şu­ma eý­ýäm göz­den ga­ýyp bo­lup­dyň. Wah, sag­bol­su­nam aý­dyp ýe­tiş­me­dim­-ä.
Sa­ýa­wan bi­len ezil­män öýe ýe­tip gel­dim.­ On­dan soň­ra köp wagt geç­di. Olsa­ýa­wan bol­sa he­mi­şe se­ni ýat­lat­dy dur­dy. Di­ňe sa­ýa­wan däl, se­ni du­şu­ran kö­çe­de­nem te­lim ge­zek ge­çip­dim. Olam köpwagt­lap se­ni ýat­lat­dy. Sa­ňa duş­mak bag­ty ne­sip eder di­ýip, ýag­şam bir­nä­çe ge­zek ýa­gyp­dy. Ýö­ne şol gün­den soň, göz­den ga­ýypbo­lup­dyň. Şol gün­den soň, do­ly bir ýylgeç­di. Sen hak­da kal­by­ma do­lan se­tir­le­rika­gy­za ge­çi­rip go­ýup­dym:

Şol gün den soň hakydamdan çykmadyň,
Ýa şol gözler, ýa saýawan jadyly.
Duýman durkam gözden gaýyp bolupdyň,
Ne salgyňy bilýän, ne-de adyňy.

Tanyş ýolda dusan nätanyş ýigit,
Şol ýollara birje nazar salyp git!
Her göremde seni ýatlatmaz ýaly,
Haýyş, menden saýawanyň alyp git!


Şeý­le ýat­la­ma­dan çy­kyp bil­män otury­şy­ma mu­gal­ly­my­my­zyň: «Ta­lyp­lar, ha­ny,ýaz ýag­şy ha­kyn­da öz pi­kir­le­ri­ňi­zi, duý­gu­la­ry­ňy­zy aý­dyp be­riň!» di­ýen söz­le­ri me­ni hy­ýal dün­ýäm­den alyp çyk­dy.

© Nurgözel ÝAZBERDIÝEWA

Çeşme:
"Esger" gazeti 25. 05.2023
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 46 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Nurgözel Ýazberdiýewa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 16:11, 30.05.2023
"...ýü­re­gim ýa­ry­lan ýa­ly bo­lup, tol­gu­nyp, sa­ýa­wan as­tyn­dan ça­la­ja se­ret­dim we­lin..."

ýüregi ýarylan ýaly bolan kişi çalaja seretmejek ýaly... ýüregiň ýarylmakda çalt hereket bolaýjak ýaly.... emma Gahrymanka "çalaja" seredýär. :-)

"...di­li­miň güý­jü­ni ädim­le­ri­me be­rip, sa­ýa­wa­nam eli­ňe tut­du­ryp, ýö­räp ug­ra­dym".

oglanyň gyza saýawan berýänini agzalmaýar,
ýöne gyzyň saýawany oglna yzyna berişiniň gürrüňini edýär...

***

soňundaky goşgujyk gowy eken.
Nurgözel hanyma üstünlikler.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202