10:24 Ene bolsa... | |
Ýigit dünýä geldi, Enäniň boýy Ösdi bir gez, nur çaýyldy ýüzüne. Gijelerni gündiz bilen deňledi, Bal bilen ýag gatdy her bir sözüne. Ýigit ädim ätdi, Ilkinji gezek Enesinden birje ädim daşlaşdy. Ak ýol arzuw edip jigerbendine, Enesi begenip, guş bolup uçdy. Ýigit oýna gyzdy, Uzyn gün gezdi, Gezdi ýada salman duzdur-çöregin. Ene bolsa ýylgyrjaklap geldi-de, Diýdi: “Ajygan-a dälsiň, geregim?” Ýigit jahyl çykdy, Dost-ýar tapyndy, Ony gizlediler daşyny gallap. Ene bolsa oglunyň hem dostlarnyň Hyzmatynda gezdi ylgaşlap, galgap. Ýigit ýigit çykdy, Bir galam gaşlyň, Gözlerine baglap goýdy nazaryn. Ene bolsa ogluny hem gelnini, Ýüze sylyp, unutdy dert-azaryn. Ýigit kaka boldy, Soň ata boldy, Çümdi gitdi aladalaň kölüne. Ene bolsa buýsanç bilen garady, Aladaçyl, agtyk söýýän ogluna. ...Şeýdibem ogullar Gün geçdiksaýy Enesinden açyp barýar arasyn. Biçäre eneler şonda-da gülüp, Hem guwanyp ýola salýar balasyn. Italmaz NURYÝEW Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |