09:06 NEPES TELPEKÇI | |
NEPES TELPEKÇI Eli çeper ussatlardan däldi ol, Şo kärinden gözlänokdam çöregin. Iller urşa gitdi, tylda galdy ol, Aýralyk, ýalňyzlyk gyýdy ýüregin. Ol her gün aýlandy hatarma-hatar, Örtendi obanyň ýanýan oduna. Aýdyň siz, Aýdyň siz, heý, mundan beter, Mundan elhenç jeza barmy adama?! Gaçyp barýar kem-kem obanyň görki. Telpekliler kem-kem azalyp barýar. Şu ýagdaýy synlap ýörenden, belki, Urşa gitmek has oňat bor, oňat bor? Arman, oň üçinem sagat jan gerek. Saglyk olsa, wah, bireýýäm kaşlady. Gijelene uklap, dynç alma derek, Näsag ussa telpek tikip başlady. Telpek tikdi, ýadanyny duýmady. Gijesi gündize öwrüldi şeýdip. Şeýdip ussa öz janyny gynady, Derdiniň üstüne dert aldy şeýdip. Irden bolsa, ilki duşan oglanyň Başyn sypap, geýdirdi-de telpegin, Diýerdi: «Gör, jahyl çykyp gidipsiň, Aýt ejeňe, ýapybersin çelpegin. Garamasyn seniň hortaňdygyňa, «Islesem, saýlama gyzlar geler» diý. ...Ýene bir telpekliň artandygyna Begenerdi, Guwanardy, Gülerdi. Gülerdi, Birdenem batardy oýa, Dalda gözleýän dek synlardy daşyn. Günleriň bir günem darajyk jaýa Ýygnady obanyň garrysyn-ýaşyn. Seçdi bar telpegin iliň öňüne, Diňlemedi halkyň «besin» «bolaryn»... Diýdi: «Jahyllaryň degmäň göwnüne, Kömek ediň ýetişmegne olaryň»... Başga zat diýmedi, hiç zat diýmedi, Duýmadyk biz çakylygyň manysyn. Ýöne säher bilen ýaýran bir habar Açyp berdi «gizlin syrlaň» barysyn. Ol habar obama paýlady gussa, Ylla ýüreklere sanjyldy tiken. Ýylgyran, şatlanan bolsa-da ussa, Agşam biziň bilen hoşlaşan eken. Barsak... Öň ýanynda eýlenen deri Hemem aýdylmadyk aýdym ýatyrdy. ...Bir topar eňegne sakgal bitmedik Telpekliler oň tabydyn göterdi. Italmaz NURYÝEW. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |