Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:39
Gazawat urşy/dowamy

GYRLYŞYK

Duşmanyň yzyndan kowmak üçin kazaklaryň alty ýüz atlysy saýlanyp alyndy.
Men olaryň arasynda aýlanyp ýörşüme şazada Ýewgeniý bilen ýüzbe-ýüz boldum.
Ol meniň bilen mylaýym salamlaşdy-da, öňdäki çaknyşygy synlamagym amatly
bolar ýaly, öz atlylarynyň arasyndan ýer berdi. Ýöriş etmäge buýruk berlen badyna
tiz atymyzyň başyny çöllüge tarap öwürdik. Biz on minut çemesi salymdan
gaçgaklary ilki gezek gören depämiziň üstünde häzir bolduk. Olar biziň bir mil
öňümizden başga bir depeden aşyp barýardylar. Gaçyp barýanlaryň topbagy eýýäm
dagap, olaryň arasyna aljyraňňylyk aralaşypdyr. Bar zat buýr-bulaşykdy.
Düýelerden, arabalardan, agýan ýükler atlaryň aýagyna çolaşýardy. Gaçgaklaryň
dowla düşen topary duşmanyň eline galýardy. Men nämeleriň bolýanyna anyk göz
ýetirmek üçin atymyň başyny çekdim. Meniň öň ýanymda agan ýüküň astynda
galan türkmen, aňyrrakda bolsa, ýüzi çapylan kazak serrelip ýatyrdy. Olaryň
beýleräginde iki sany aýal çagalaryny bagyrtlap, özlerine rehim edilmegini sorap
bozlaşýardy. Men olaryň gapdalyndan geçip barşyma: «Aman, aman» diýip,
aýallary köşeşdirdim. Olaryň töwereginde döwlen arabalar, halydyr ýorgan-düşek
salnan haltalar, ullakan horjundyr ýüp bilen saralan goşlar, okara-çemçelerdir
hojalykda ulanylýan her hili zatlar çaşyp ýatyrdy. Goltugy çagaly bir topar aýal
bolsa, kynlyk bilen öňe süýşüp barýardy. Meniň enem bilen ýaşytdaş, ýöremäge
zordan gurby çatýan dolmuş aýalyňam elinde çaga bardy... Men ilkinji gezek
hereketsiz ýatan türkmenleriň sanyndan elheder aldym. Şol ýatanlaryň hemmesi öli
bolýanlygynda, kazaklaryň mergenligine telpek goýaýmalydy. Az salymdan bar
zat ap-aýdyň boldy. Men gymyldysyz ýatan türkmenleriň biriniň elini ýerden
göterip, şol bada hem aşak goýberenini aňşyrdym. Olaryň köpüsi kazaklaryň
gözüne çöp atmak üçin ölen kişi bolup ýatyrdylar. Men birnäçe wagtlap bu
sahnany synlanymdan soň beýlekilerden yza galanymy bilip, olaryň yzyndan
ýetmäge howlukdym. Pessejik alaňdan aşanymdan soň kazaklaryň batgalygy ikä
bölýän gury gerşiň üsti bilen süýşüp barýan türkmenleriň yzyndan ok atyp, kowup
barýanlaryny gördüm. Men ýaňky synlan ýerime golaý gelenimde üç-dört
adamynyň dem-düýtsüz ýatanyny saýgardym. Ýigrimi-otuz sany aýaldyr çagaçuga
bokurdaklaryna çenli suwa çümüp, kölüň içinde ösüp oturan gamyşdyr
otlaryň arasynda gizlenmäge biderek synanyşyk edýärdiler. Olaryň käbiri şol
ýerden özlerine rehim edilmegini sorap, gygyryşýardylar. Kazaklar olara ünsem
bermän öňe geçip gidipdiler. Ýöne bir ýigrentgi ýoldaşlaryndan yza galyp, atyň
üstünde oturan ýerinden gygyryşýanlary nyşana alyp oturan ekeni. Men onuň
ýanyna baryp ýetişmänkäm, ol mäşäni gysdy. Hernä onuň atan oky sowa geçdi. Ol
ikinji gezek atyp ýetişmänkä, atymy çapdyryp bardym-da, gamçym bilen ýüzkessir
urup, ýoldaşlarynyň yzyndan ýetmegi buýrdum. Men suwuň içinde zähresi ýarylan
görgülilere: «Aman» diýip gygyrdymda, onuň yzyna düşdüm. Birdenem öň
ýanymda dört sany kazagyň bir türkmeniň daşyna egrilişip duranlaryny gördüm.
Ony eýýäm atdan agdaryp, ýaragsyzlandyrypdyrlar. Ol dört atlynyň gylyjyndan
diňe elleri bilen goranýardy. Ýöne şonda-da rehim etmeklerini sorap, olara ýüz
tutjaga meňzänokdy. Daşyndan seretseň, bu örän aýylgançdy. Kazaklaryň yzlyyzyna
inderýän gylyçlary türkmene galtaşanokdam. «Kazaklar ony hijem öldürip
bilmezlermikä? Näme olaryň elleriniň ysgyny ýokmuka?» diýen sowallar kellämde
at çapýardy. Az salymdan (meniň üçin ýyl aşan ýalydy) ýaňky türkmen boýnuna
salnan çuň ýara zerarly gapdala ― suwuň içine agyp gitdi. Ýene biraz ýöräp,
wepat bolan äriniň üstüne abanyp, sessiz aglap oturan aýalyň üstünden bardym.
Birdenem gulagyňy gapyp barýan gümmürdiden ýaňa tasdan atdan agypdym. Top
oklary gaçyp barýanlaryň yzky hatarlarynda ýarylýardy. Onuň sesi çagalardyr
aýallaryň çirkin sesleri, atlaryň kişňemesi, takyrlaryň içinden eýläk-beýläk
ýüwürýän goýun-geçileriň sygyrlaryň sesi bilen garyşyp, töweregi hakyky
dowzaha öwrüpdi.
Birnäçe minut geçenden soň top sesi ýatdy.
Türkmenler hersi bir ýana dagap, depäniň aňyrsynda gözden ýitip gitdiler. Şol
pursadam goşuny toplanmaga çagyrýan deprek sesi ýaňlandy. Yzyma dolanyp
gelýärkäm, mende kölüň içinde galan çagadyr aýallary görmek islegi döredi. Ýöne
ol ýerde olaryň birem gözüme ilmedi. Olaryň top sesinden gorkup, suwa gark
bolan bolmaklaram mümkindi. Men olary kazaklar öldürendir diýip biljek däl.
Sebäbi men ýaş kazak ofiseri baron Krudneriň aýallary öldürmäge synanyşan
esgerleri jezalandyranyny öz gözüm bilen gördüm. Deprekler henizem toplanmaga çagyrýardy,
ýaralylar gözlenip, lukman olara tizden tiz kömek berýärdi.
On üç-on dört ýaşly oglanyň kellesi gylyç bilen agyr ýaralanypdyr. Onuň ýanynda
gaýgyly, wagşy, teşne gözleri bilen lukmanyň oglunyň ýarasyny daňyşyna seredip
duran ejesi bardy. Sada pikirli aýal öz ogluny öldürjek bolan adamlaryň indem ony
bejerjekdiklerine gaty bir ynanyp baranokdy. Lukman oglanyň ýarasyny usullyk
bilen daňyp, ejesine oglunyň ölmejekdigini aýdan mahaly ol aýal gözlerinden
minnetdarlyk ýaşyny döküp, lukmanyň elinden ogşady.
Atlara az salym dynç berleninden soň, kazaklaryň birnäçesini olja alnan iki müňe
golaý goýundyr geçileri, sygyrlary sürmäge ýollap, berkitmä tarap ýola düşdük...
Men gyrak-bujaksyz çölüň ortasynda galan adamlara garaba-garaba barýardym.
Meniň gözüm gyzydyr ýaralanan ogluna jansyz nazaryny dikip oturan aýala düşdi.
Onuň töwereginde ýoga çykarylan ähli baýlygy çaşyp ýatyrdy. Onuň ölen äriniň
meýdiniň hem şu töwerekde serlip ýatan bolmagy ahmal.
URUŞ SAHNASY

Ertesi günem öňümizden çykan ähli zady ýykyp, ýakyp-ýandyryp ýörmegimizi
dowam etdirdik. Biziň yzymyzda ýomutlaryň üç mile golaý giňişlikdäki ýerleriniň
köräp duran külünden başga zat galanokdy. Men ýakyş hereketine has ýakyndan
syn etmek maksady bilen, ýoluň sag tarapyndaky zatlaryň ýakmaga buýruk alan
şazada Ýewgeniniň ýanyndan atymy sürüp barýardym. Onuň bu işe höwes bilen
topulmaýandygy görnüp duranam bolsa, berlen buýrugy birkemsiz ýerine
ýetirýärdi. Buýruk ýakymsyzdy, ýöne bu syrly ýurduň (Russiýanyň) parahatlyk
söýüji we düşünjeli adamlarynyň arasynda, megerem, bikanunçylykdan doly
ýumşy ýerine ýetirmäge bolan wagşy höwes oýanypdy. Biz haýatlary böwsüp
geçip, öýleriň gapylaryny döwüşdirip, ondan-oňa at çapdyryp ýörşümize her
ädimini burum-burum tüssedir ýalna öwürýärdik. Öýleriň içinde galdyrylan zatlar
örän seýrek duşýardy. Käwagt ownuk-uşak gap-çanaklar, gaçyp, tozan jüýjeler,
lagşan atlar, göçüp gidenleriň yzyna eýgermedik göleler, diwarlaryň ýa-da
üçekleriň üstünde tä üstüne ot çabyraýança daş-töwerekde bolup geçýän zatlara
göwnüýetmezçilik bilen syn edip oturan pişikler gabat gelýärdi. Taşlanyp, gidilen
ýa-da ýaşan öýlerini terk etmäge dözmedik itler örän seýrek duşýardy. Olar biz
ýakynlaşyp ugranymyzdan gaharly üýrüşip, gaçyp gidýärdiler. Bir gezek men
rehimsiz oduň içinde galyp, gözgyny çyňsaşýan güjük çagalarynyň üstünden
bardym. Sagat ikilerde biz on iki mil yzymyzda galan berkitmä tarap gaýtdyk.
Ertesi edil düýnki ýaly otly kesindiler bilen ýanaýjak zatlaryň baryny ýakypýandyrmak
bilen meşgullandyk. Şeýdip, ýörşümize biz günortana ýakyn Gyzyltakyr
düzlügine gelip ýetdik. Bu giden bir çägeli ýalazy meýdan eken. Birnäçe
milden birki sany ýaşaýyş jaýyna duşaýmasaň bu ýerde başga yns-jynsa gözüň
düşenok. Töwerek gazylan ýaplardan doly. Olaryň käbirinde henizem suwuň
barlygyny nazara alsaň, bir wagtlar bu ýerleriňem bol hasylly, ekerançylyk üçin
amatly bolandygyny çaklamak mümkin. Biziň alyp barýan urşumyz ýaly gazaply
uruşlaryň birnäçesi bu ýerleriň bag-bakjalaryny ýele sowrupdyr. Markozow ilkinji
gezek türkmen çöllügini kesip geçende şu ýerde düşläpdir.
Biz günortana golaý taşlanyp gidilenine köp wagt geçen bag-bakjaly öýüň
golaýynda düşledik. Günorta yssysy beýniňi iýip barýardy. Günüň galan bölegini
hem şu ýerde geçirmegi karar etdik. Köp wagt geçmänkä, men bir türkmen
oglanjygynyň tutulandygyny eşitdim. Töweregindäki goh-galmagaly piňine-de
alman, bagyň saýasynda uklap ýatyrka, onuň üstünden barypdyrlar. Onuň ýaşy on
ikiden kän bolmasa-da, ýüzi uly adamyňky ýalydy. Ol goçak kelleli, ýasy çekgeli
gür gaşly, jaýty burun, saryýagyz, akylly gözleri ýanyp duran oglandy. Ol
ejesiniňem, kakasynyňam ýokdugyny, özi barada alada edýän daýysynyň bolsa,
uklap ýatyrka, ony taşlap gidendigini aýtdy. Soň görüp otursak, ony bilgeşlin
taşlamandyrlar. Oglanjygyň ruslaryň arasyndadygyny bilen badyna daýysy ony
idäp gelip, gele-gelmäne-de bagryna basdy. Ol juda garagol bolansoň, rus
esgerleriniň çäksiz hormatyndan peýdalanýardy. Esgerler oňa täze eşik geýdirip,
rus dilini öwredip başladylar. Dynç almaly wagtymyzyň ep-esli bardygyndan
peýdalanyp, men ýykylan Yzmykşir galasyna aýlanmaga gitdim. Onuň meýdany
dört akra (2 ga) golaýdy, kä ýerlerde belentligi 30 ädime ýetýän diwarlaryna hiç
zat kär etmändir. Gala çig kerpiçden däl-de, gowy edip bişirilen agymtyl-gyzyl
kerpiçden salnandy. Kerpiçleriň uzynlygy 6 dýuma, galyňlygy bolsa 1,5 dýuma
golaýdy. Hywalylar galany beýdip salmaýarlar. Megerem, bu gala hytaýlylaryň ýada
parslaryň höküm süren zamanynda salnan bolsa gerek.
Biz dynç alyp otyrkak, Kaufmanyň başda türmä salan ýomut ilçileri
gapdalymyzdan geçip gitdi. Olaryň ugry gaçyp giden ildeşlerine talapdy. Olaryň
ikisi gaçmaga synanyşan mahaly öldürilipdir. Galanlaryny bolsa, ildeşlerini paç
tölemäge yrmak şerti bilen boşadypdyrlar. Ýöne bolup geçen wakalardan soň,
olaryň sözüniň ýer tutmajagy görnüp durdy.
Ýigrimi dördüne ir bilen biz ýolumyzy dowam etdik. Biziň kesip geçmeli
çölümiziň içinde ýakmaga ýaramly hiç zadyň ýokdygy sebäpli, ýakyş operasiýasy
bes edildi. Şeýdip, ýomutlaryň ýurdunyň ýüz millik çägindäki bar zady küle
öwrüp, özbekleriň ýurduna ýetdik. Biz ýolda ýomutlar tarapyndan ýara salnan
pürsiýanyň üstünden bardyk. Onuň tenine azyndan ýigrimi gezek gylyç degipdir.
Lukman onuň ýaralaryny daňyp, meýdan gospitalyna ýerleşdirdi. Ýöne indi ol
adam boljaga meňzänokdy. Sagat onlaryň töwereginde uzakda baglaryň garasy
gözümize ildi. Ýene bir sagat töweregi ýol ýöräp, Ýylanly şäheriniň iki mil
golaýyndaky gür baglygyň saýasynda goş ýazdyrdyk. Biz öz çadyrlarymyzy gurup
ýörkäk, «Bazar» diýip, gygyryşyp, ýanymyza ýetip gelýän özbekleri gördük.
Birdenkä deprekleriň howsalaly gümmürdisi eşidildi. Çöl tarapdan türkmenleriň
ýakynlaşyp gelýänini habar berdiler. Biz şol bada ýerimizden böküp turup,
eşiklerimizi geýip, sapançalarymyzy bilimize gysdyrdyk. Her kim ýakynlaşyp
gelýän duşmany görmek üçin arabalaryň, beýgiräk depeleriň üstüne dyrmaşýardy.
TUTLUŞYK

Türkmenleriň bulam-bujar hatarlar bilen atlaryny maýdalyna goýberip gelişleri
söweşmäge däl-de, aňtawa gelýän ýalydy. Olaryň bizi görmeýän bolmagam
mümkindi. Sebäbi biziň öňümizi tä Ýylanly şäherine çenli uzalyp gidýän baglyk
gabalap durdy. Türkmenler bolsa, çöl tarapdan gelýärdiler.
Olary garşy almak üçin atly goşuna taýýar bolmaga buýruk berlip, onuň ýanyna
pyýada goşunyň iki rotasy berkidildi. General Golowaçýow öz adamlary bilen
kiçeňräk depäniň üstüne çykyp, wakalaryň ýaýbaňlanyşyna syn edip durdy. Men
ata atlanyp, berkitmeden iki mil uzaklykdaky alynky söweş hataryna tarap
ugradym. Ol ýerdäki suwsuz ýabyň sag tarapyndaky alaňyň üstünde polkownik
Dresçerniň goşun bölümi, ýabyň çep tarapynda bolsa, polkownik Nowamlinskiniň
goşun bölümi durdy. Olardan ýarym mil daşlykda bolsa, söweşe girmekden gaça
durýan köp sanly türkmen atlylary eýläk-beýläk at çapdyryşyp ýördüler. Rus
mergenleriniň seýrek atýan oklary, toplaryň ot sowurmasy türkmenlere göräýmäge
uly bir zyýan ýetirip bilmeýärdi. Men yzyma sereden mahalym Ýylanly tarapdaky
ýol bilen at çapdyryp gelýän adamlaryň çaltlyk bilen ýakynlaşýanyny gördüm. Bu
berkitmäniň yz tarapyndan edilen örän uly şowly hüjümdi. Sebäbi esgerleriň we
ofiserleriň bary berkitmäniň bäri tarapynda ― biziň alynky söweş hatarymyzda
bolýan wakalara aňkarylyşyp durdy. Yzdan gelýänler olara görünmeýärdi. Olar
ýönekeýlik we başarjaňlyk bilen gurlan söweş duzagyna düşüpdi. Öňde bolsa
türkmen atlylary manysyz eýläk-beýläk at çapdyryp ýördüler. Men yzdan hüjüm
edilýänini duýdurmak üçin atymy yza öwren mahalym polkownik
Nowamlinskiniňem olary aňşyryp, öz esgerlerine yza dolanmaga buýruk
berýändigini gördüm. Onuň goşun bölüminiň bir bölegi bolsa eýýäm Ýylanly
ýoluna tarap at çapdyryp barýardy. Şol pursat berkitmeden iki ýüz ýard uzaklykda
türkmenleriň ýarpy göwresi ýaprakly agaç çybyklary bilen saralgy tot-tozan basyp
giden garaýagyz keşpleri göründi. Olar ýalaňaç gylyçlaryny galgadyp, batyrgaýlyk
bilen at çapdyryp gelýärdi. Türkmenler üstlerine abanýan howpdan bihabar rus
esgerlerini ýüzleriniň ugruna kerçäp biljekdiler. Emma olar ruslaryň gapyllykda
üstlerini basmagyň ýerine düşelgäniň töwereginde otlaşyp ýören düýedir atlary
sürüp başladylar. Bu ýagdaý bolsa ruslara ýeňseden abanýan howpy aňşyrmaga
mümkinçilik berdi. Esgerler duran-duran ýerlerinden ýaraga ýapyşyp, ofiserleriň
buýrugyna garaşman söweşe girdiler.
Edil şol wagtam iki ýüz ýard gapdaldan Nowamlinskiniň otrýady hüjüme başlady...
Gowy nyşana alnyp atylýan oklaryň gürlügi sebäpli, türkmenler atlaryny yza
öwrüp, gürüm-jürüm boldular. Men olaryň birnäçesiniň eýerden aganyny,
ýoldaşlarynyňam saklanyp, olary ýanlary bilen alyp gidenini gördüm. Biz
gaharymyza ajal güllelerini olaryň yzyndan ýollaýardyk. Olar berkitmäniň içinden
geçip (bu olara aňsatlyk bilen başartdy) gapdaldan atylýan oklardan aman
sypdylar. Soň bolsa berkitmäniň günorta tarapynda söweşip ýören ýoldaşlaryna
goşuldylar.
Berkitmeden iki ýüz ýard daşlykda bäş sany esger garawulçylyk çekýärdi.
Türkmenleriň nädip olaryň üstüni basandyklary bilinmän galdy. Ýaş ofiser
Kamenskiý berkitmäniň beýle tarapynda söweş gidip durka, olary barlap gidipdir.
Şonda olaryň baram diri ekeni. Ähtimal, olar söweşiň gidişine aňkaryp durkalar
güpbasdy edilendir. Söweş tamam bolandan soň, olary kelleleri kesilen we çuwýalaňaç
halda tapdylar. Berkitmäniň iki ýüz ýard golaýyndaky bu wakany hiç
kimiň görmezligi türkmenler batyrlygyny we başarjaňlygyny görkezýärdi.
Kazaklaryň dört-bäş ýüz atlysy türkmenleriň ilkinji peýda bolan ýerine bakan
atlaryny sürdüler. Olar entek duşman gitmedik bolsa, söweşmek isleýärdiler. Men
mümkin boldugyça, bu söweşe syn etmek maksady bilen, olaryň yzyna düşdüm.
Bolup geçýän wakalar nakgaşyň eseri ýaly özüne çekijidi.
Bu ýerde türkmenleriň örän köp sanlysy gaýmalaşyp ýördi. Gykylyklap, at
çapdyryşyp ýörüşleri olaryň ruhdan düşmändigini görkezýärdi. Türkmenler atyma
gelmeýärdiler. Ajaýyp atlary olara biz bilen islendik aralygy saklamaga
mümkinçilik berýärdi. Biz wagtal-wagtal ok atyp, gygyryp olary söweşe
çagyrýardyk. Emma olaryň piňine-de däldi.
Bu zatlaryň bary biz üçin lezzet açarlyk tomaşady. Biz türkmenleriň at çapmaga
bolan ussatlygyna telpek goýýardyk. Biz bu ýerde türkmenleriň edermenliginiň
gözli şaýady bolduk. Olar öz tertip-düzgünleri bilen ajaýyp atly goşuny düzüp
biljekdi.
Türkmenleriň söweş tärleri gadymydy. Olar ýekelikde ýa-da iki-üç bolup, biziň elli
ýard golaýmyza gelip, egri gylyçlaryny galgatmak bilen bizi başa-baş söweşe
çagyrýardylar. Barmajakdygymyza gözleri ýetende bolsa, öz dillerinde bir zatlar
diýip gygyryşýardylar. Megerem, olar sögünýän bolsalar gerek. Biziň
hatarymyzdaky çerkesleriň birnäçesi olaryň garşysyna çykjak bolup dyzmaçlyk
edýärdi. Emma ätiýaç üçin polkownik alajyny tapsa, başa-baş söweşe girmäge
rugsat berenokdy. Ýöne meniň soňky gören zatlarym çerkesleriň başa-baş söweşe
çykmanlygyna ýüzde-müň şükür etdirdi.
Owadan gara atly bir ýaş türkmen atyny çapdyryp gelşine biziň elli ýard
golaýymyza gelip saklandy. Ol gylyjyny ussatlyk bilen oýnadyp, bizi başa-baş
söweşe çagyrdy. Kazaklar oňa tarap ok atyp başladylar. Ol hiç zatdan çekinmän
atyny maýdalyna sürüp, gapdala ýöneldi. Kazaklar gezekli-gezegine ok atýardylar.
Oklaryň çägäni ýalap geçýändigini, käwagt bolsa, onuň atynyň aýagynyň astyny
tozadýandygy görünýärdi. Emma ol bitiniň burnuny ganatman, biziň
mergenlerimize göwnüýetmezçilik bilen garap, ýoldaşlarynyň arasyna dolandy.
...Biz ýüz atly bolup, gylyçlarymyzy ýalaňaçlap hatara düzüldik. Bizden üç ýüz
ýard daşlykda garym-gatym bolup, üç dört ýüz türkmen toparlanyşyp durdy. Biz
edil doly gelen ýaly bolup, ýaraglarymyzy şakyrdadyp, gylyçlarymyzy güne
ýaldyradyp, olaryň üstüne eňdik. Ýöne türkmenler ýer ýuwdana döndi. Az salym
geçensoň, biz olaryň üç ýüz ýard öňümizden atlaryny maýdalyna goýberip,
arkaýyn gidip barýandyklaryny gördük. Olar üstümize çozýarlar-ow diýip,
howsala-da düşmändirler. Biz ýene-de olaryň yzyndan kowduk. Ýene-de öňki
ýagdaý gaýtalandy. Biziň meýdan gazlary ýaly kowalaşyp ýörşümiz kazaklary
kejikdirýärdi. Şol sebäplem kowgyny goýbolsun edip, iki gapdal üçinem ýitgisiz
tamamlanan gysgajyk atyşykdan soň düşelgä dolandyk. Ýomutlaram bizi
gorkaklaryňam gorkagy hasap edýändiklerini bildirmek üçin, kinaýaly gülşüp,
yzymyza düşdüler. Olar has golaýa gelende ok atan bolýardyk. Türkmenler bizi
düşelgäniň ýarym mil golaýyna çenli ugradyp, ýitirim boldular.
Yzymyza gaýdyp gelýärkäk, mergenleriň atan okundan wepat bolan iki sany
türkmene düşdük. Olardan başga meýdanda ölen adamyň jesedi ýokdy. Ruslar
bolsa, alty adamsyny ýitirdi. Şeýlelik bilen, türkmenleriň peýdasyna çözülen
tutluşyk tamam boldy.
Howa eredip barýardy. Biz berkitmä gelip, ýaragymyzy aýyrdyk-da, agaçlaryň
kölegesindäki halyçalaryň üstüne süýndük...
BÖWŞEŇLIK
Geçen günki tutluşyk türkmenleriň uruşmagy başarýandygynyň subutnamasy
boldy. Eger olar başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryň uly üstünlik
gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere kembaha garaýandygymyza kemsiz
düşündik. Olar göwnüýetmezçilik edilýän duşmanlaryň hilinden däldi. Biz ertesi
günem berkitmede çöp başyny galdyrman ýatyrkak, türkmenleriň bir topary
ýaraşyk baglaşmak maksady bilen geldiler. Soň men olaryň teklipleriniň kabul
edilmändigini bildim. Olar bary-ýogy üç hepde mundan ozal bu ýerlerden geçip
giden Orenburg otrýadyny parahat kabul edenlerini aýdyp, ruslara
duşmançylyklarynyň ýokdugyna ynandyrmak isleýärdiler. Olar bize uzak ýoldan
getiren köp mukdardaky gawundyr miwelerini, süýtdür çöreklerini bahasyny
almazdan, açyk göwün bilen hödür edýärdiler.
Soň bir gezek graf Şuwalow maňa biziň ýomutlaryň ýurdunda ot berip ýören
mahalymyz öz adamlary bilen Köneürgenjiň golaýynda türkmenler bilen dostlukly
ýagdaýda ýaşandyklaryny gürrüň berdi. Birnäçe ýomut gelip, oňa Golowaçýowyň
goşunynyň garşysyna işjeň goranyş ylalaşygyny baglaşmagy teklip edipdir. Olar
«Biz siziň bilen dostlukly şertnama boýun bolduk. Indi sizi egindeş hasaplaýarys.
Häzir biziň garşymyza türküstanly ruslaryň bir taýpasy uruş edýär. Bu uruşda siz
biziň arkamyzy almaly. Sebäbi biziň duşmanymyz siziňem duşmanyňyz» diýip,
sadalyk bilen haýyş edipdirler.
GARPYŞYK

Biziň dynç alyp ýatyşymyza gün öýläne sandy. Gün gijigip ugranda general
Golowaçýow türkmenleriň özlerine gaçybatalga tapan ýerleri baradaky
maglumatlary ýygnap, indiki hüjüme taýýarlyk görüp başlady. Garaňky
11
gatlyşansoň, oduň başyna ýygnanan esgerleriň arasyna bäş-alty mil aralykdaky
türkmenleriň üstüne daňyň alagaraňkysynda hüjüm edilip, olary gapyllykda
basjakdygymyz barada hyşy-wyşy gürrüňler ýaýrap ugrady. Ol gürrüňleriň
çynlygy agşam sagat onlaryň töweregi hüjüm etmek baradaky buýruk yglan
edilenden soň belli boldy. Buýrukda goş-golamy goramak üçin birnäçe esgeri
goýup, sagat birde hüjüme geçilmelidigi aýdylýardy. Aýdyşlaryna görä, türkmenler
Ýylanlynyň aňry tarapynda düşlemäge hyýallanýardylar.
Sagat on birlerde, hemmeler ýatmaga giden mahaly birnäçe gezek atylan tüpeň
sesleri ümsümligi bozdy. Biz hüjüm başlanandyr öýdüp, ýaraga ýapyşdyk. Ýöne
ýene töwerege ümsümlik aralaşdy. Garawul duran esger bir garanyň assyrynlyk
bilen emedekläp gelýänini görüp tüpeň atanyny habar berdi. Töwerek imisalalyk
bolany üçin, biz ýene-de özümizi düşege okladyk.
Sagat birleriň töweregi bizi ýene-de tüpeň sesi oýardy. Tüpeň sesiniň yzyndanam
aýylganç adam sesi töwerege ýaýrady. Biz ýaraga ýapyşyp, az wagtlyk
aljyraňňylykdan soň, ýerli-ýerimizi eýeledik. Bu gezekki goh ýöne ýerden
turmandyr. Garawul garaňka duwlanyp, örän ýakyn gelen gara tarap tüpeňini
boşadypdyr-da, yzyndanam gylyjyny aýlapdyr. Onuň şeýdeni gowam bolupdyr.
Sebäbi onuň töwereginde duşmanlaryň birnäçesi emedekleşip ýör eken. Bu
wakadan soň, Golowaçýow hüjüminiň wagtyny sagat üçe çenli yza geçirdi. Häzir
hüjüme başlasak, türkmenlere öz üstlerine abanýan howp baradaky habaryň ýetjegi
ikuçsuzdy.
Sagat üçleriň töweregi bizi ukudan oýardylar. Biz iki ýüz arabadan ybarat
goşumyzy ýygnap, boş meýdançanyň daşyna halka etdik-de olary goramak üçinem
üç ýüz esgeri goýduk.
Goşun öňe süýşüp ugrady. Men ýanymdaky iki-üç sany esger bilen türkmenleri
üstümiziň gapyl basmaklarynyň mümkindigi barada pikir alşyp barýardym. Birden
aýylganç gygyryşýan adamlaryň gorkuly sesleri, at aýaklarynyň güpürdisi, oklaryň
şuwwuldysy beýnimizi sarsdyrdy. Töweregi wagşy, ar alyjy sesler gaplap aldy.
Düzlük türkmenlerden doludy. Oklaryň şuwwuldysyndan, ürken atlaryň
güpürdisinden, goh-galmagaldan ýaňa gulagyň perdesi ýarylsam diýýärdi. Ýalaňaç
gylyçlar atylýan oklaryň ýagtysyna ýalpyldap gidýärdi. Biz esli wagtlap
uruşmakdan-a geçen, gaýta töweregimize aňk bolup, näme edýänimizem
bilemzokdyk. Diňe general Golowaçýow pyýada goşunadyr artilleriýa hüjüme
geçmäge buýruk berenden soň, biz nirä barýanymyzam aňşyrman, olaryň yzyna
düşdük. Biz urşujylaryň ortasyndadyk. Eýýäm top sesi kesilipdi. Türkmenler şeýle
bir ýakyndadylar welin, atylýan top oklary näçe pessaýlap atylsa-da, olaryň
kelleleriniň üstünden geçýärdi. Şonuň üçinem türkmenler top oklaryndan ullakan
zyýan çekenokdylar. Tüpeň sesleri öňkä görä gürelip ugrady. Kämahal
garaňkylygyň içinde gazaply ýüzlerdir gylyçlaryň ýalpyldysy peýda bolup, yz
ýanyndanam ýitip gidýärdi. Goh-galmagal öňküden on esse dagy artypdy.
Kazaklar aljyraňňylyga düşüp, ýuwaşlyk bilen yza çekilýärdiler. Eýlede-beýlede
ruslaryň hataryny böwsen türkmenler başa-baş söweşe girýärdiler. Başagaýlygyň
içinde men general Golowaçýowy gözden ýitirdim. Men ony soň gana boýalan
halyna buýruk berip duran pursady gördüm. Türkmenler ony ýaralapdyrlar. Onuň
ýanyndaky ştab serkerdesiniňem kellesinden gan akýardy.
Birden kazaklar dowla düşdüler-de, meni hem öz hatarlary bilen südürläp, yza
okduryldylar. Bu ýönekeý yza çekilmä meňzänokdy. Men henize çenli beýle dowla
düşen adamlary görmändim. Diňe ýertitrände şeýle ýagdaýa düşmek mümkindi.
Polkowniklerini ýitiren kazaklaryň ýüzlerinde gorky alamaty bardy. Munuň
ýeňlişdigine gyrgynçylykdygyna men soň düşünip galdym.
Ýomutlaryň ýüwrük atlarynyň deminden birimizem aman sypyp biljek däldik.
Daňyň alagaraňkysynda berkitmämiziň ýerleşýän tarapyndan at salyp gelýän
türkmenler aýyl-saýyl görünýärdi. Biz gabawa düşüpdik.
General Golowaçýowy gözleýändigi bildirip duran şazada Ýewgeniý öňümden
dazyrdap geçip gitdi. Onuň elinde tüsseläp duran sapançasy bardy. Soň eşidip
otursam, olam gabawa düşüp ýaralanypdyr. Türkmenler onuň janpenasyny
öldüripdirler. Onuň özi bolsa, iki adamy atyp öldürip, zordan sypypdyr. Men
kazaklaryň arasyndan saýlanmagy makul bildim. Men nädip duşmanlar bilen
ýüzbe-ýüz bolanymam duýman galdym. Garaňka gark bolup oturan günbatardan
bitertip hatarly duşman atlylary eňip gelýärdi. Olaryň gazaply garaýagyz ýüzleri,
ýalaňaç gylyçlary atylýan oklaryň ýalkymyna çala saýgardýardy. Men häzir syn
edip durmagyň wagty däldigini bilip, ilkinji gezek sapançamy duşmana tarap
boşatdym-da atymyň başyny yza öwürdim. Şol mahalam çep tarapymyzda pyýada
goşunyň bir rotasy peýda boldy. Ofiserleriň birine gaçyp barýan rotany tanaplap
diýen ýaly yza öwürmek başardypdyr. Men begenjimden uçaýjak bolup, wagt
ýitirmän, olaryň arkasyna geçdim. Olar: «Ot aç!» diýlip buýruk berlenden soň,
ýaraglaryny taýynlap, hatara durdylar. Tüpeňler yzly-yzyna boşady. Ýomutlar
şeýle bir ýakyna gelipdiler welin, edil esgerleriň aýagynyň aşagyna atlaryndan
agyp düşýärdiler. Sag tarapymyzdan top oklaram ýagyp başlady. Ýöne şol pursat
ýagyp başlan ýagyş töweregi aýdyňlaşdyrdy. Serpilip ugran garaňkylykdan
türkmenleriň ýüwrük bedewlerini çapdyryp, gözden ýitip barýanlygy
saýgardýardy. Men töweregime göz aýlan mahalym, birnäçe ofiserlerdir kazagyň
general Golowaçýowyň töwereginde heşerlenişip duranlaryny gördüm. Galan
kazaklar bolsa, her ýerde-her ýerde toplanyşyp durdylar. Pyýada goşun üç ýüz metr
töwerege ýaýrapdyr. Topçular bolsa, gaçyp barýan duşmanyň yzyndan atjaklaryny
ýa-da atmajaklaryny bilmän ýaýdanyşyp durdylar. Söweş tamam bolupdy.

DOWAMY BAR..

Mak GAHAN

Terjime: Ýazgylyç ÇARYÝEW
Bölümler: Taryhy makalalar | Görülen: 49 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mak Gahan | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203