Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:52
Gazawat urşy /soňy

SÖWEŞDEN SOŇ

Meniň golaýymda iki-üç sany öli we üç-dört sany ýaraly rus esgeri ýatyr. Azajyk
aňyrrakda döşünden parran geçen okdan wepat bolan polkownik Ýesipow Georgiý
lentasyny gana boýap, topragy gujaklapdyr. Men onuň bilen söweşiň öň ýanynda,
ýagny ýarym sagat mundan öň salamlaşypdym. Onuň sowan meýdi inimi
düýrükdirdi. Men general Golowaçýowyň niresinden ýaralananyny bilmek
maksady bilen, onuň baýdagy pasyrdap duran ýere ugradym. Ol gara gana boýalan
ak eşiklidi. Onuň gylyçdan ýara düşen eli hasa bilen saralandy. Ýöne oňa
garamazdan, ol ýeriň üstünde ynamly otyrdy. Biz meýdana aýlanyp ölüleri we
ýaralylary sanadyk. Türkmenleriň jesedi sergi bolup ýatyrdy. Olaryň biri uzyn
taýagyň ujuna berkidilen egri oragy henizem berk gysymlap, goýberenokdy. Ol
aýak ýalaň, başy açyk, ýüpekden tikilen agymtyk köýnek-balaklydy. Adaty
bolmadyk ýarag bilen rus atyjylarynyň garşysyna iteklän ruhy, gahar-gazaba
ýugrulan ýigrenji onuň rehimsizden gödek keşbinde doňup galypdyr. Beýleräkde
üç-dört sany türkmeniň jesedi biri-birine ýaplanyp ýatyr, dört-bäş sany türkmen
bolsa öz ajaýyp atlary bilen ýer bagyrtlapdyrlar. Atlaryň biri ok degen eýesine
kömek etjek bolup synanyşan mahaly öldürilene meňzeýärdi. Çägelikdäki çugdumçugdum
bolup ösüp oturan pessejik haşal otlaryň içinde ýarpy göwresi görünýän
adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Ýöne türkmenleriň içinde ýaralysy, iňläp ýa-da
kömek sorap gygyryp ýatany ýokdy. Men muňa haýran galdym. Türkmenler
mydama-da öz ýaralylaryny taşlamazlyga çalyşýardylar. Ýöne ýap-ýaňy bolan
söweşde ýaralanan ýoldaşlarynyň baryny alyp gitmäge türkmenleriň mümkinçiligi
bolmandy. Biz wepat bolan türkmenleriň sanyny üç ýüze ýetirdik. Soňra mälim
bolşuna görä, wepat bolanlaryň jemi sany bäş ýüze golaýlan eken. Ýomutlaryň
diňe gylyçdyr orak bilen ýaralanandyklary sebäpli, ölen we ýaraly bolan ruslaryň
sany kyrkdan geçenokdy.
Bu ýerde başga edere iş bolmansoň, yzymyza dolandyk. Az salymdanam baglygyň
içinden geçýän Ýylanly ýoly bilen atymyzy çapdyryp barýardyk. Ýylanlynyň dişdiş
bolup duran gazaply galasy görnende, biz heniz ýarym sagadam ýöremändik.
Ýol şäheriň daşyna aýlanýardy.
YZ ÇALYŞ

Ýylanlyda özbekler ýaşaýar. Olar bilen bolsa biziň hiç hili duşmançylygymyz ýok.
Ýöne şeýle-de bolsa özbekler gaharly ýüzümize, Golowaçýowyň gana boýalan
eşigine, boýnundan asylan ýaraly eline gorky bilen seredýärdiler. Biz şähere
girmän, onuň diwarlaryny syryp, demirgazyk günbatara tarap ýörişimizi dowam
etdirdik. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de çöllügiň gyrasyndan girdik. Biz çöllügiň
etegindäki kä çägelige, kä düz ýere düşýän egrem-bugram ýol bilen gidip
barşymyza, çak edişimize görä, Ýylanlydan bäş-alty mil uzaklykda goş ýazdyran
türkmenleriň üstüni gapyllykda basmagyň maslahatyny edýärdik. Söweş tamam
bolan badyna, gözden uçan türkmenleri üç-dört sagatlap gözlesegem tapyp
bilmedik. Sagat dokuz töwerekleri çep gapdalymyzda, göz ýeter-ýetmezde alňasap,
arany açyp barýan ýomutlara gözümiz düşdi. Ýarym sagat geçip-geçmänkä-de,
öňümizdäki düzlügiň ýüzi türkmenlerden ýaňa mygyldy boldy. Eger soňky bolýan
wakalary söweş atlandyrmak mümkin bolsa, kiçeňräk söweşem boldy.
Türkmenleriň köp sanlysy daş-töweregimizi gurşap alansoňlar, biz çar
tarapymyzdanam esewan bolup, hüjüme taýynlanmaly bolduk. Biziň pyýada
goşunymyzyň esgerleridir mergenlerimiz penalanmaga amatly bolan ýaplaryň
kenaryna özlerini oklady. Ýomutlar irdenki ýeňlişlerine garamazdan, biziň goşun
hatarlarymyzyň arasyna batyrgaýlyk bilen at çapdyryp gelýärdiler. Biz olaryň
düşlän ýerine ýakynlap ugranymyzdan, her edip, hesip edip uruşmaga ýaramsyz
adamlaryna gaçyp ýetişmäge mümkinçilik bermek üçin ýolumyzy kesjek
bolýardylar. Bu olara başardýardam. Çep gapdalyny mergenler, sag gapdalyny
atlylar penalaýan pyýada goşun öňe hereket etse-de, böwsülen hatarlaryny
doldurmak ýa-da ýörişiň ugruny üýtgetmek üçin, her ädimde diýen ýaly
saklanmaga mejbur bolýardy. Ýomutlar irki söweşden soň, pyýada goşundan
çekinselerem, kazaklaryň olardan döwleriniň pesdigini aňypdyrlar. Olaryň
kazaklaryň üstüne eden batyrgaý hüjümlerini diňe pyýada goşun ara düşensoň
saklamak başartdy. Ýomutlar iki-üç sagatlap biziň daş-töweregimize ýaýrap,
gykylyklaşyp, öz pelteli tüpeňlerinden ok atyp, hüjüm edip durdular. Olaryň biziň
üstümize aýgytly çozuş etmek niýetleri ýokdy. Olaryň esasy maksady biziň
hereketlerimizi togtatmakdy.
Bir gezek ýoldan üç ýüz ýard daşlykda ýykylan jaýyň gapdalynda ýomutlaryň bäşalty
sany atlysyna gözümiz düşdi. Biz olara tarap tüpeňlerimizden her näçe ok
atsagam, bitleriniň burnunam ganatman atlaryny çapdyryp gitdiler.
General Golowaçow biziň bir ýarym mil çepimizde olaryň birnäçe toparyny görüp,
Orenburg otrýadyna duýdurmak üçin, on-on iki sapar top atmagy buýrdy. Çak
edilişine görä, bu otrýad duşmanyň sekiz-on mil aňry tarapyndan olary gabawa
salmak üçin ýakynlaşyp gelýän bolmaly. Soň görüp otursak, biziň duýduryş üçin
atan top oklarymyz ýomutlara gaty uly zyýan ýetiripdir. Ol oklar kiçeňräk oýtumda
goş ýazdyran ýomutlaryň göni üstünden düşüpdir; ähli zatlaryny taşlap, gaçyp
gitmäge olary mejbur edipdir. Biz bolsa olaryň goş ýazdyran ýerlerini gözläp
ýördük! Biz bu zatlary ertesi gün Orenburg otrýadynyň adamlaryndan eşitdik. Olar
şol oýa ýeten mahallary taşlanyp gidilen birnäçe ýüz arabanyň, ýomutlaryň
jesetleriniň, köp sanly goş-golamlaryň üstünden barypdyr. Görgüliler atylýan
oklardan ýaňa ölülerini-de ýygnamaga ýetişmän, bar zatlaryny owarram edip,
gaçyp gidipdirler. Tapylan goşlaryň arasynda 1840-njy ýyldaky Perowskiniň
betbagtlyga uçran ekspedisiýasy bilen Angliýanyň adyndan Hywa giden leýtenant
Şekspiriň alyşan köp sanly hatlary tapyldy. Leýtenant Şekspir ruslar bilen
hywalylaryň arasyndaky dawaly jedelleri parahatçylykly çözmäge ýardam bermek
üçin Hywa gidipdi.
Tapylan hatlaryň arasynda iňlis ilçisi lord Palmerstonyň rus häkimiýetini habardar
etmek üçin alan görkezmesiniň göçürmesi hem bar eken. Ol hatda eger Russiýa
Hywany özüne birikdirse, Angliýanyň Russiýa garşy urşy başlajakdygy hakynda
aýdylýardy. Ol hatlaryň tapylan ýeriniň üstünden baran biziň toparymyz däldi.
Irdenki bolan wakalardan elheder alan ýola beletler gaçyp gidipdirler. Biz bolsa
türkmenleriň düşelgeleriniň nirede ýerleşendigini takyk bilemzokdyk. Şonuň
üçinem biz olaryň iki mil çepinden geçip gidipdiris.
Günortanaralar biz suwy çöllüge siňip gidýän Annamyrat ýabynyň boýuna ýetdik.
Ol ýerde Hywa hanynyň ýomutlaryň üstüne ýöriş eden mahallary gurduran
galasynyň üstünden bardyk. Ol galanyň meýdany on akra golaýdy. Käbir ýerinde
beýikligi on ädime ýetýän gala hiç zat kär etmändir diýen ýalydy... Biz galanyň
içinde goş ýazdyrdyk. Galanyň abatlygy üçin general Golowaçýow ol ýerini
amatly hasaplap, günüň galan bölegini şol ýerde geçirmegi ýüregine düwdi.
Bu pursatdan peýdalanyp, ýomutlar gaçmaklaryny dowam etdiripdirler. Biz olaryň
gapdalyndan geçip giden mahalymyz ýomutlar yzlaryny towşanlaryňky ýaly
bulaşdyryp, biziň geçip giden ýolumyz bilen yza ― günorta-gündogara tarap
tutdurypdyrlar. Gije-gündiz ýol ýöränsoňlar, ýomutlara bizden ep-esli ara açmak
başardypdyr.
Ertesi daň atandan, biz olaryň söbügine düşdük. Biz az öldürilen ýatan rus
esgerleriniň üstünden bardyk. Ol esgerler garawul goýlupdy. Ähtimal, gije
ýomutlar olaryň üstüni gapyl basandyrlar. Biz ýolda diňe ertirlik edinmek üçin
azajyk wagt düşläp, uzakly gün gaçyp barýanlaryň yzyndan kowduk. Goşgolamymyz
az bolany üçin biz çalt hereket edýärdik. Biz ýene-de Ýylanlynyň çep
tarapyndan geçip, kiçijik oazisden soň, açyk düzlüge düşdük. Düzlük gazylan
ýaplardan doludy. Olaryň şu asyryň başyndan ekerançylyk meýdanlaryny
suwarmak üçin ulanylan bolmagy ahmaldy. Gözýetimde tozan turzup, gaçyp
barýanlaryň galasyny gören mahalymyz, gün ýanyny ýere beripdi. Şonuň üçinem
kowgyny goýbolsun etdik.
Bol suwly ýabyň kenarynda goş ýazdyranymyzdan soň, kazaklar atlaryna iým
gözläp, düzlügiň içine pytrap gitdiler. Olar berkitmeden bir mile golaý uzaklykda
ýomutlaryň ýaňyja orup goýan at harmanynyň üstünden barypdyrlar. Kazaklaryň
düzlükde dagynyk ýagdaýda gezip ýörmekleri aýylganç waka bilen gutardy. Ýerli
milletden bolan ýolabelet hemmelerden arany açan kazaklaryň birini ýomutmyka
diýip atypdyr. Ol agyr ýaralanansoň, hirurgyň elinden gelenini edendigine
garamazdan, iki sagat geçip-geçmänkä jan berdi.
KOWGY

Biz ertesi ir bilen ýörişi dowam etdik. Tiz wagtdanam gaçyp barýanlaryň galdyryp
giden zatlary duşup başlady. Ýoluň ugrunda howlukmaç taşlanyp gidilen üsti ýükli
arabalar durdy. Eýeleriniň yzyna eýgermedik sygyrdyr göleler molaşýardy.
Çatmanyň içinde öldüriljek pursadyna gorky bilen garaşyp oturan, diňe süňk bilen
ham bolup galan kempir ― hasasyna söýenip durşuna bürgüdiňki ýaly gözleri
bilen bizi synlaýan sandan galan garry görünýärdi.
Golowaçýow türkmenleriň yzyndan ýetmäge, başartsa, olary söweşmäge mejbur
etmäge buýruk berdi.
Atly goşun yzynda tozan bulutlaryny galdyryp, gözden ýitdi. Pyýada goşun bolsa,
ýuwaşlyk bilen öňe süýşüp ugrady. Ýarym sagat töweregi ýöränimizden soň,
öňümizi suwly ýap kesdi. Bu ýerde biz iniňi jümşüldedýän sahnany synlamaga
mejbur bolduk. Ýomutlaryň öý-goşlary ýüklenen ýüzlerçe araba daş-töwerekde
pytrap ýatyrdy. Gaçyp barýanlar ýabyň darajyk köprüsinden goşlaryny geçirip
bilmän bar zatlaryny taşlap gidipdirler. Olaryň käbiri ýa-ha atlarynyň ýoklugy
sebäpli, ýa-da ruslar özlerine rehim eder öýdüp, bu ýerde saklanypdyrlar. Ýöne
kazaklar olary ele salyp çapym-çapym edipdirler.
Generalyň we onuň ştabynyň bu ýerde az salym saklanjagyna garamazdan, men
atymy öňe sürüp gitdim. Çar-tarapda mas ýüklenen arabalar, dagap ýatyrdy.
Kysmatyna kaýyldygy görnüp duran goltugy çagaly segsen ýaşlaryndaky kempir
ýoluň ortasynda ýygrylyp otyrdy. Onuň gözlerini ýumup oturyşy depesinden injek
gylyjy görmäge gurbaty çatmaýanyňka meňzeýär. Ol agtygyny elinden sypdyrjaga
çalym etmeýärdi. Azajyk aňyrrakda ýyrtyk-ýyrtyk giň köýnekli owadan ýaş gelin
arabanyň aşagynda ýüzüni gara-gan edip otyrdy. Men erbet zady göwnüme
getirmän oňa pul uzatdym. Ol pulumy yzyna zybyrdadyp zyňdy-da sojamaga
başlady...
Azajyk aňyrrakda, ýoluň ýakasynda ýüzüni gylyç japan garry aýal ýatyrdy. Onuň
başynda topbusy bolmansoň, erkek adamdyr öýdülen bolmagam ahmal. Erkek
göbeklä garşylyk görkezýänine ýa-da görkezmeýänine garamazdan, rehim
etmezlik barada ýörite buýruk bardy. Bu meniň gören ýaralylarymyň arasyndaky
ýeke-täk aýaldy. Men iki mile golaý şunuň ýaly elhençlikleri synlamaly boldum.
Ýöne öňde on-bäş ýigrimi sany ýomuda gözüm düşüp, aňry gitmäni goýbolsun
etdim. Men bu ýerde goşunyň gelerine garaşyp durkam, şol töwerekde aýlanyp
ýören atly türkmen peýda boldy-da maňa garşy gaýtdy. Elinde taýakdan başga zat
bolmasa-da onuň bolup gelşi örän hyrsyzdy. Men sapançama ýapyşdym. Emma ol
menden birjigem çekinmän, iki sapançalydygyma, tüpeňlidigime garamazdan,
üstüme hüjüm etmäge hyýallanýan ýaly, öz gorkunç gara gözleri bilen gazaply
seredip, on ädim öň ýanymdan geçip gitdi. Men ilkibada ruslaryň edişi ýaly, oňa
taýagyny taşlatdyryp, özüme boýun etmek isledim. Ýöne onuň gaýduwsyzlygy, hiç
zatdan çekinmezligi meni aňk etdi. Onsoňam, ýaragsyz adamyň üstüne sürünmek
namartlyk boljakdy. Ol maňa barmysyňam diýmän gözden ýitip gitdi.
Onýança goşunam yzymdan ýetdi. Biz, şeýdip, ýene dört-bäş mil öňe ýöredik.
Biziň öňümizden köp sanly goýun sürüleri, sygyrlar, düýeler çykýardy. Ýöne
ýörişiň dowamynda ýekeje atyňam ele salynmazlygy geň galmazça däldi. Bu
türkmenleriň atlaryny janlaryndanam eý görýändigini aňladýardy. Ýesir alnan ýada
öldürilen türkmenleriňem atlary bolmansoň, şeýle güne düşen bolmaklary
mümkin. Men kazaklaryň üýşüp duran arabalary talaýandygyny görüp, olaryň
edýän işini synlamak üçin, şol tarapa ugradym. Tiz wagtdanam iki sany ýomudyň
jesediniň üstünden bardym. Üç ýaşlaryndaky gyzjagaz jesetleriň arasynda duran
ýerinden çaga mahsus ýygralyk bilen talaňçylyga seredip, sojap durdy. Onuň bu
ýerde galsa, suwsuzlykdan öljegi ikuçsuz bolansoň, men ony öňümden çykan
ilkinji aýala gowşurmak maksady bilen atymyň öňüne aldym. Az salymdan ýene
bir gyzjagaza gözüm düşdi. Men öňümdäki gyzjagazy ýoldaşym Çertkowa
tabşyrdym-da ýaňky gyzjagaza tarap ugradym. Ol görgüli bilmezlikde aýagyny
gylyja gyýdyrypdyr. Ýarasyna çäge bary siňensoň onuň aýagy gaty agyrýan borly.
Ýöne gyzjagazyň gözünde nem ýokdy. Ol kakasynyňky ýaly gara, hyrsyz,
bilesigeliji gözleri bilen kazaklaryň arabalary talaýyşlaryny synlaýardy. Men ony
ata mündürmekçi bolamda ol gaçdy. Onsoň men atdan düşüp, ony kowalap tutmaly
boldum. Men tä tatarça bilýän sözlerimiň baryny aýdyp, ony köşeşdirýänçäm ol
dyrnaçaklap, däbşenekläp, meniň bilen gitmekden boýun gaçyrdy. Menden zyýan
görmejegine gözi ýetensoň welin, boýumdan gujaklady-da süýji uka gitdi.
Görgülijigiň üst-başy edil şu wagt hapa suwly kölçä girip çykanyňka meňzeýärdi.
Men ony gujaklap, gülkünç ýagdaýda esgerleriň hatarlarynyň arasyna aýlanyp
ýördüm. Köp wagt geçmänkä, edil gymmat bahaly daş tapan ýaly kiçijik bir gyzy
goltuklap ýören ştab ofiserine duşdum. Biz sagat on birlerde atlara dynç bermek,
ertirlik edinmek üçin goş ýazdyrdyk. Türkmenler çar-tarapa pytrap gidipdirler.
Diňe birnäçe mil öňde atly türkmenleriň birnäçesi üýşüp durdy. Olaryň üstüne
çozuş edeniň peýdasy boljak däldi. General Golowaçýow ýomutlaryň ýaşaýyş üçin
ýaramly zatlarynyň köp mukdaryny basyp alansoň, ýörişi tamamlap, yza ―
Ýylanla dolanmagy makul bildi...
Ýolda duşan bäş-alty sany aýala howandarlyk eden gyzjagazymy ýanlaryna
almagy haýyş edip ýüzlenenimde olar öz çagalaryňam nätjeklerini
bilmeýändiklerini aýdyp, garşylyk görkezdiler. Olaryň hersiniň ýanynda dört-bäş
çaga bardy. Men olaryň ýagdaýyna düşünip, gyzjagazy özüm bilen berkitmä alyp
gitdim. Elbetde, ony çem gelen ýerde taşlap gitsemem, edenime däl diýjek ýokdy.
Ýöne şeýtjek bolsam, ony çöllügiň içinde şagallara şam boljak bolup duran
pursady alyp gaýtmazdym. Men gyzjagazy kime berjegimi pikirlenip, onuň üçin
ýomutlaryň goşlarynyň arasynda dagap ýatan pagtadan arabanyň aşagynda düşek
ýasadym. Lukmanyň kömegi bilen onuň ýaraly aýagyny ýuwup, daňyşdyrdym.
Ýarasyny daňan mahalymyz, gyzjagazyň çydamlylygyna haýranlar galdyk. Çäge
siňen, azyp iriňlän ýarasyny arassalap, daňan mahalymyz agyry ýüregine ornap
gidýän bolsa-da, ol aglamady. Ony gowuja synlamak maksady bilen, ýüzüni
gazaşdyryp, ýuwamda onuň eýjejik bir gyzjagazdygyny gördüm. Men oňa suw
hödürlämde suwa açgözlük bilen topuldy. Bu onuň günüň dowamynda ýeke-täk
iýip-içen zady bolsa gerek. Olja alnan sygyrlardan saglyp alnan süýdüň
satylýanyny görüp, gyzjagaz doýar ýaly süýt satyn aldym. Süýtden ganan çagajyk
süýji uka gitdi. Men bu edermen gyzjagaza şeýle bir öwrenişdim welin, onuň
ejesini tapan mahalymam, ony öz ýanymdan goýberesim gelmedi. Ejesi çagajygy
bagryna basyp oturan ýerinden maňa minnetdarlyk bildirmek üçin, ýekeje gezegem
öwrülip seretmedi. Eger meniň birden gerek bolaýmasyn diýip, talap alan çaga
eşiklerimi oňa geýdirenimi, ýene-de on-on iki ýyldan ol gyzjagaz durmuşa çykanda
haladyna goşant bolup biljek gyzyldan edilen şap-sepi berenimi göz öňüne tutsaň,
gyzjagazyň ejesiniň maňa beren «taňryýalkasyny» göwne jaý däldi. Henäme-de
bolsa, gyzjagaza hossar çykan kapyra onuň öz ýüreginiň töründen minnetdarlyk
bildirenine ynanasym gelýär.
Ýörişiň dowamynda ýesir alnan elli-altmyş sany aýala islän ýerlerine gitmäge
rugsat berdiler. Esgerlere bolsa, derde ýarajak zatlary alyp, galanlaryny otlamaga
buýruk berildi. Buýrugy kazaklar höwes bilen ýerine ýetirdiler. Olar, esasanam,
halylary, ýüpek daňylaryny, geýim-gejimleri, kümüşden ýasalan şaý-sepleri
talaýardylar. Ýoluň üstünde esgerleriň gerekmejek hasaplap zyňan zatlary ―
egrilmedik ýüpekler, köne halylar, çägä garylan bugdaý, mesge, öý goşlary çaşyp
ýatyrdy. Olardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Sada türkmenleriň uzak ýyllaryň
dowamynda peýdalanyp, hemralaryna öwrülip giden köp sanly ýakymly
ýatlamalara ýugrulan, ata-babalaryndan ýadygärlik galan zatlarynyň guma bulaşyp
ýatanyny göreňde ýüregiň gyýlyp gidýärdi. Aýallaryň ýykan-ýumran bolan
zatlaryň içinden öýlerine ýaramlylaryny saýlap, gözden ýaş döküp oturyşlaryny
göz öňüne getirseň, hasam erbet bolýarsyň. Ýöne mundan erbedine-de duşýarsyň.
Ine, üç sany ýomudyň jesedi ýatyr. Dört ýaşdan sekiz ýaşa çenli bolan çagalar
olaryň daşyna egrilişip otyrlar. Olaryň ekabyry ― kiçijik gaýduwsyz oglanjyk
başardygyndan beýlekileriň aladasyny edýär. Ol öýlerinden galanja pagta, ýüpek
böleklerinden, elem-tas keçelerden, halylardan arabanyň aşagynda ýatar ýaly ýer
edinmek bilen gümra. Men onuň ýanyna atymy sürüp baran mahalym onuň çaga
ýüreginiň ýigrençden dolandygyna birjikde şübhelenmedim. Ýene ýigrimi ýyldan
çagajygyň özlerini nähili ýigrenendigine «kapyrlaryň» gözi ýetmegi gaty ahmal.
Men olara tapan gaýmaklarymy getirip berip, esgerleriň çagajyklaryň gaçybatalga
tapan arabasyny otlamazlygy barada aladalanyp, olary öz mähribanlary bilen
gyrak-byjaksyz çöllükde galdyryp, goşunyň yzyna düşdüm.
Biz yza dolanyp barýarkak, duş gelen bar zady ýakyp ýandyrýardyk. Meniň başda
agzan suwsuz ýabymyň boýuna ýetenimizde, bu ýerdäki dagap ýatan arabalaryň
talanandygyny gördük. Bu ýerde galan aýaldyr çagalar bolsa ýitirim bolupdyrlar.
Soň görüp otursak, olaryň az sanlysy henizem şu ýerde ekeni. Meni bir zat örän
haýran galdyrdy. Kazaklar käte talaňçylyklarynyň arasyny kesip, çagajyklara çörek
hödürläp, suw içirip, ýene-de öz işlerini dowam edýärdiler.
Men Golowaçýowyň baýdagyny görüp, jykyr-jykyr gülen gyzjagaza şol öňküje
oturan arabasynyň üstünde otyrka gabat geldim. Bu wagt iňrik garalyp gelýärdi. Ol
görgülijik bolsa uzakly gün jokrama yssyda hiç zat iýip-içmän, özüniň
äkidilmegine garaşyp geçiren borly. Men pytrap ýatan zatlaryň arasyndan peýnir
bölegini tapyp, oňa getirip berdim. Iň kynam oňa suw berer ýaly, gap tapmak
boldy. Ol ýerde bäş-alty ýüze golaý araba münderlenip durdy. Olara ot berlensoň,
töwerekdäki arabalara-da ot düşüp başlady. Görsem gyzjagazyň oturan arabasynada
ot düşüpdir. Men ony howpsuzrak ýere geçirip, gyzjagazy kime tabşyrjagym
barada oýlanyp ugradym. Dogry, golaýda üç-dört sany aýalam bardy. Ýöne olar
gyzjagazy uzakly gün idemänsoňlar, indem olara bil baglap boljak däldi. Iňrik
bolsa kem-kem garalýardy. Ýomutlaryň bu ýerde ertirden bäri gara bermejegi
bolsa köre hasady. Töwerekde köp sanly şagallaryň uwwuldysy eşidilýärdi...
HARBY TÖLEG

Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryň köp sanly mallary olja alyndy.
Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan
obalarynyň ýerinde bolsa diňe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiň dowamynda
obalaryna dolanmagy we boýun egmegi hyýallaryna-da getirmezlikleri olaryň
tekepbir ruhunyň mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyň üsti
bilen Daşkende tarap ýola düşýänçä birnäçe hepde çölüň içinde entäp, itiň gününi
gördüler. Kaufman maňa olaryň Hazaryň kenarynda Etrekde ýaşaýan teke
türkmenlerine özlerini tekeleriň ýurduna kabul edilmegini sorap, öz ilçilerini
ýollandyklaryny gürrüň berdi. Tekeler eger ýomutlar olara raýat bolmaga boýun
bolsalar, olar üçin Hazaryň kenarynyň we Etregiň gapysynyň açykdygyny
aýdypdyrlar... Kaufmanyň maňa aýdan zatlary çyn bolanlygynda, ýomutlaryň iň
bolmanda az sanlysynyň ol ýerik göçüp gidendigine ynanýaryn.
Kaufman goş ýazdyrandan soň, Hywa türkmenleriniň beýleki tireleriniň hem bir
hepdäniň içinde harby töleg tölemeklerini talap etdi. Eger olar aýdylany etmeseler,
ýomutlaryň gününe duçar boljakdyklaryny duýdurdy. Olar Kaufmanyň üstüne öz
serdarlaryny iberip harby töleg tölejekdiklerini, ýöne berlen möhleti uzaltmagy
soradylar. Kaufman tölegiň möhletini on dört güne çenli uzaltdy.
Türkmenler her öýden on bäş tylla ýa-da 4 funt sterling we 1 şilling
ýygnamalydylar. Garajalar bolsa, her öýden ýigrimi tylla ýa-da 5 funt sterling bilen
7 şilling tölemäge borçly edildi. Türkmen tireleriniň tölemeli salgytlary jemi
42,500 funt sterlinge barabardy. Bu san nemesleriň fransuzlardan ýygnan
salgydyndanam köpdi. Onuňam üstesine, türkmenler fransuzlardan has garyp
ýaşaýardylar.
Birki günden türkmenler bahasy birnäçe müň manada barabar bolan kümüş
pullary, bilezikleri we başga şaý-sepleri iberipdirler.
Birnäçe günden soň berkitmämizde geň galdyran waka boldy. Türkmenler pullary
bolmansoň, atlaryny, düýelerini, halylaryny ýetmezlerini dolmak üçin äkeldiler.
Getiren zatlaryny olar biziň ofiserlerimize gymmat bahadan satyp başladylar.
Ruslaryň köpüsi ajaýyp türkmen atlarynyň ölemen aşygydy. Ol atlar geçen
söweşlerde özlerini görkezip bilipdirler. Onuň üstesine-de, olaryň ýekejesinem ele
salmak başartmandy. Türkmenler bu gezegem satmak üçin ýa-ha ýaramaz atlaryny
getiripdirler, ýa-da olaryň aty ýomutlaryňkyça ýokdy. Olaryň getiren atlarynyň
insiz döşi, edil towşanlaryňky ýaly ýerleşen aýagy, ullakan kelleleridir gulaklary,
inçeden uzyn guýruklary bardy. Ýallary bolsa ýok diýen ýalydy. Leýtenent Stam
Hywa ýörişinde ele salnan ata seredip, türkmenleriň atynyň tohumynyň
zaýalanandygyny, hatda olaryň gyrgyzlaryňkyça-da ýokdugyny aýtdy. Men onuň
hakyky türkmen atyny görmändigine kepilem geçip biljek. Türkmenler öz atlaryny
aňsat-aňsat satmaýarlar...
Türkmenler getiren atlaryny ruslara örän gowy bahadan, ýagny 20 funt sterlingden
50 funt sterlinge çenli bahadan satdylar. Olaryň getiren halylarynam höwes bilen
satyn alýardylar. Ýogsam olja alnan haly öňem az däldi. Iň ýaman ýerem
türkmenler halylaryny örän gymmat bahalaýardylar. 4 ýard uzynlygy, iki ýard ini
bolan halylaryň bahasy 4 funt sterlingden 5 funt sterlinge çenlidi. Iň gyzykly ýerem
türkmenler aýdýan bahalaryndan bir köpügem aşak düşmeýärdiler. Isleseň-ä
aýdylan baha satyn al, islemeseňem öz ýoluň bilen gidiber.
Bu halylary türkmen aýallary dokaýar. Munuň ýaly nepis halylara başga ýerde
aňsat duşmaýarsyňyz. Her maşgalanyň hiç hili üýtgeşiklere sezewar bolman
nesilden nesle geçip gelýän öz nusgasy bar. Halylar gyzyldyr ak reňkli ýüňden
dokalyp, olaryň käbir ýerinden inçejik ýaşyl we goňur zolaklar geçýär. Olaryň
ömürem ýyrtyljak gümany ýok. Näçe geň görseňem, harby tölegiň agramlysyny
aýallar töledi. Her bir türkmen aýalynyň kümüşden ýasalan bilezigi, monjugy,
ildirgiçleri, gupbasy bolýar. Türkmenleriň atlaryndan başga esasy baýlygy şol şaýseplerden
ybaratdyr.
Kaufman şaý-sepleriň her funtyny ýigrimi bäş manatdan satyn aldy. Olar durşuna
kümüşden bolup, ussat zergäriň elinden çykan zatlardy. Olaryň agramy-da ep-esli
bardy. Iki bilezik bir funtdanam agyrdy. Olar ýukadan inli bolup, «S» harpyny
ýada salýardy. Özlerem köplenç gyzyl çaýylan we maşat gaşlydy.
Ruslaryň doýmaz-dolmaz nebsini kanagatlandyrmak üçin türkmen aýallarynyň
ýüregi gyýlandyr...
Ofiserler tarapyndan düzülen komissiýa on günläp kümüşleriň agramyny çekip,
olara baha kesmek bilen meşgul boldy. Olar her gün ertirden agşama galman
işlediler.
Kaufmanyň bellän möhletine çenli ýygnalmaly salgydyň diňe ýarysyna golaýy,
ýagny 20 müň funt sterling kabul edilip alyndy. Türkmenleriň beýle uly
mukdardaky salgydy näçe jan çekselerem gysga wagtyň içinde ýygnap
bilmejekdiklerine gözi ýeten Kaufman galan 22 müň bäş ýüz funt sterlingi indiki
ýyl ýygnamagy makul bildi.
Türkmenler beýle uly mukdardaky salgydy göwünjeňlik bilen beräýenlerinde hem
birnäçe hepdäniň içinde ýygnap bilmejekdikleri göze görnüp durdy. Goşuna bolsa
birinji sentýabra çenli, heniz sowuk düşmänkä çöllügiň içi bilen Buharanyň
üstünden geçip, Daşkende tarap ýola düşmek hökmandy.
Dogrudanam türkmenlere uly möçberdäki salgydy ýygnamak kyndy. Pul
ýetmezçiliginden başga-da, her öýden näçeräk salgyt ýygnamalydygyny hem
anyklamalydy. Öň aýdyp geçişim ýaly, türkmenleriň öz döwleti ýokdy. Olarda her
öý üçin salgydy kesgitläp, tölemäge mejbur eder ýaly hiç kim ýa-da häkimiýet
ýokdy. Olar ömür salgyt diýlen zady töläp görmänsoňlar, her hojalygyň näçeräk
salgyt tölemelidigini, ony kesgitlemek üçin näme etmelidigini bilmeýärdiler.
Salgydyň möçberi uly bolansoň, ýerli salgyt ýygnaýjylar guramasyny döretmek
hökmandy. Kaufman olaryň ýaşulularyna kömek bermek maksady bilen, şular ýaly
ýagdaýlarda näme etmelidigi barada görkezme berişdirýärdi. Kaufman olara
salgydy her öýde näçe sygryň, goýnuň, atyň, düýäniň bardygyny hasaplap, şoňa
görä ýygnamagy maslahat berdi. Emma ony türkmenlere düşündirmek kyndy. Olar
kimiň maly köp bolsa, şonuň pulunyň azdygyny, şoňa görä-de, olaryň köp
mukdarda pul töläp bilmejekdiklerini, pully adamlaryň bolsa pullaryny ýygnap
goýup, umumy bähbitleriniň pul tölemekden boýun towlaýandyklaryny
aýdýardylar. Kaufman olara pulsuz adamlaryň pullularyndan karz alyp, indiki ýyl
onuň ýerine sygyr ýa-da goýun berseler boljakdygyny düşündirjek bolýardy. Ol
ýaşululara puly hemmeleriň gatnaşmagynda karz almagy maslahat berdi. Gepiň
gysgasy, ol türkmenlere milli bergini tölemek üçin öz guramalaryny
döretmelidiklerini düşündirjek bolup, elinden gelenini etdi. Emma bu zatlar
türkmenlere geňdi. Şonuň üçinem Kaufman olaryň öz aladalaryny özleriniň
çözmelidigini aýdyp, ara goşulmagyny bes etdi...
Mak GAHAN

Iňlis dilinden terjime eden: Ýazgylyç ÇARYÝEW__
Bölümler: Taryhy makalalar | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mak Gahan | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203