Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

04:47
Gazawat urşy
GAZAWAT URŞY

Mak Gahan ― «Nýu-Ýork gerald» atly amerikan gazetiniň habarçysy. Ol ruslaryň
1873-nji ýyldaky Orta Aziýa eden ýörişine gatnaşypdyr. Ýörişiň dowamynda
gören zatlaryny ol 1874-nji ýylda iňlis dilinde neşir edilen «Oguzlaryň üstüne ýöriş
we Hywanyň syndyrylmagy» atly kitabynda beýan edipdir. Size hödürlenýän
aşakdaky ýazgylar şol kitapdan bir parça.


TÜRKMENLER

Türkmenler Orta Aziýanyň iň edermen, urşujy halkydyr. Olar Buhara bilen
Hazaryň aralygynda mekan tutup, gündogarda Owganystana günortada bolsa
Parsystana çenli ýaýrapdyrlar. Kaspi deňziniň kenarynda ýaşaýan türkmenler
balykçylyk, gündogar-demirgazyk türkmenleri bolsa dowardarçylykdyr iri şahly
mallary idetmek bilen meşgul.
Hywa hanlygynda türkmenleriň alty taýpasy ýaşaýar. Ol ýerde ýemrelileriň iki
müň bäş ýüz, çowdurlaryň üç müň bäş ýüz, garadaşlylaryň iki müň, garajalaryň bir
müň bäş ýüz, alilidir gökleňleriň bir müň bäş ýüz, ýomutlaryň on bir müň öýlüsi ―
jemi ýigrimi iki müň öýli türkmen bar. Her öýde bäş jan bar diýip hasap edeniňdede,
olaryň sany ýüz on müň adama ýetýär.
Boýun egmezek halk bolan türkmenler hiç wagt hem kadaly dolandyrylýan
döwletiň raýaty bolmandyrlar. Olar hanlara, emirlere boýun egenlerinden
ölenlerini gowy görýärler. Her taýpa maşgala ýa garyndaşlyk gatnaşyklary
esasynda kiçeňräk böleklere bölünýär. Olara ýaşulular ýa-da serdarlar ýolbaşçylyk
edýär. Olarda halk geňeşinden birugsat halkyň ykbalyny kesgitleýän ýa-da dawajenjelleri
çözüp bilýän dolandyryjy toparlardyr syýasatçy ýok. Dogry, serdarlaryň
käbir jedelleri çözmäge hukugy bar. Ýöne olar mejbur ediji kanunlary kabul edip
bilmeýär. Türkmenleriň arasynda erbetlik we oňatlyk barada örän aýdyň düşünje
bar. Halk geňeşi bolsa şol düşünjä hemmeleriň eýermegini gazanýar. Şol sebäplem
olaryň arasynda dawa-jenjeller örän seýrek ýüze çykýar.
Hywa hany hiç wagt türkmenleri öz erkine tabyn edip bilmändir. Onuň türkmenleri
boýun egdirmäge eden synanyşyklarynyň bary şowsuz tamamlanypdyr. Hanyň
türkmenleriň üstüne ýörişi, adatça, aşakdaky ýaly görnüşe eýe bolupdyr. Ol goşun
ýygnap, türkmenleriň üstüne gidipdir. Şol gidişine-de türkmenleriň ýaşaýan
ýerleriniň golaýragyndaky howpsyzrak ýerde goş ýazdyryp, berk goralýan
berkitme gurupdyr. Türkmenler bada-bat onuň üstüne çozupdyrlar ýa-da
berkitmäniň daşynda at salyp ýörüşlerine gykylyklap, myltyklaryndan ot atyp, oňa
wehim salypdyrlar, öz berkitmelerinden çykmaga ýürek eden iki-ýeke han
adamlaryny öldüripdirler. Han jogap edip, olary top okuna tutupdyr. Ýöne
türkmenler ol oklardan gaty ujypsyz zyýan çekipdir. Han öz berkitmesinden hiç
wagt çykmansoň, oňa edilýän hormatam çäkli bolupdyr. Onuň türkmenleri boýun
egdirjek bolmaga synanyşygy, tersine, hanyň olara boýun egmegine getiripdir.
Şeýle wakalar birnäçe hepdäniň dowamynda gaýtalanypdyr. Türkmenler ol
wakalardan lezzet alyp, hanyň gelmegi olar üçin baýramçylyga öwrülipdir. Hanyň
ok-däri, azyk ätiýaçlygy azalanda ol bar niýetini puja çykarýan ylalaşyk baglaşyp,
uly dabara bilen paýtagtyna dolanypdyr, türkmenler onuň goş basan ýerlerini
aňsatlyk bilen gaýdyp alypdyr.
Hanyň türkmenler bilen ylalaşykda ýaşamagynyň köp sebäbi bar. Türkmenler hana
raýat bolmasalaram, onuň başga halklary tabynlykda saklamagyna höwes bilen
kömek beripdirler. Olar paç tölemekden boýun gaçyrsalaram, hany içki we daşky
duşmanlardan goramaga mydama taýyn bolupdyrlar. Ruslar Hywa hanlygyna
howp salanlarynda diňe türkmenler olaryň garşysyna çykyp bildi. Hanyň özi
aljyraňňylyga düşüp, gaçan mahaly diňe türkmenler uruşmaklaryny dowam
etdirdiler. General Werýowkiniň toplarynyň sesinden zähresi ýarylan han şäheri taşlap gaçanda, golasty hyzmatkärleri bolsa oňa göwünlik edende, hanyň tagtyny
öz dogany eýelände, ol diňe türkmenleriň arasynda özüne gaçybatalga tapdy. Ýöne
kyn ýagdaýa düşen mahaly özüne eden hyzmatlaryny, olaryň wepalylygyny, mertligini unudyp, han türkmenleri kanuna boýun egmeýän garakçy adamlar
hökmünde ruslaryň öňünde aýyplady. Uruş mahaly ruslara ýetirilen zyýanyň
öwezini dolmak üçin geçirilen gepleşikler mahalynda han türkmenleriň hiç mahal
oňa salgyt tölemändigini, indem tölemejekdiklerini, özüniň höküminiň olara
ýöremeýändigini bahanalap, türkmenleriň paýyny tölemekden boýun gaçyrdy.
Ondan başga-da, öz toplaryny gaýdyp almak üçin han türkmenleri artilleriýasyz
tabynlykda saklap bilmejegini, tagtynda rahatlyk tapmajagyny aýtdy. Kaufman
şäher boýun egdirilende olja alnan 18 ýa-da 19 topy ulanman, hana gaýtaryp berdi.
Bu bolsa ruslaryň özlerine göwünleriniň ýetýändigini görkezýärdi. Hanyň
gürrüňini diňlän Kaufman türkmenlerden uruş salgydyny özi ýygnamagy ýüregine
düwdi.
Ol ýomutlardan iki hepdäniň içinde 300000 manat ýa-da 41000 fund sterling
möçberinde harby töleg talap etdi. Gysga wagtyň içinde beýle köp mukdardaky
salgydy töläp bilmejekdikleri sebäpli, özlerine berlen möhletiň uzaldylmagyny
sorap, türkmenler Kaufmanyň üstüne ilçi ýolladylar. Ýöne Kaufman niýetinden
dänmedi. Ol türkmenleriň üstüne ýöriş etmäge taýynlyk görüp başlady.
Onuň bu gelen karary öz ofiserleriniň birnäçesi tarapyndan berk tankyt edildi. Olar
türkmenleriň beýle gysga wagtyň içinde onça salgydy töläp bilmejekdiklerine
Kaufmanyň özüniňem akylynyň çatýandygyny, ýöne onuň hanyň aldawyna düşüp,
onuň türkmenleri boýun egdirmek üçin guran pirimindäki ýönekeýje ýaraga
öwrülendigini aýtdylar. Ofiserleriň pikirine görä, türkmenler öz beren sözlerini
hana garanda has gowy ýerine ýetirýärler...
Men bu pikirleriň käbiri bilen ylalaşmaýaryn. Meniň pikirimçe, Kaufman hana
özüni aldatman, ýagdaýa görä hereket edýär. Her näme-de bolsa, ol türkmenleriň
salgyt tölejekdiklerine, şonuň ýaly-da, geljekde ruslar bilen gowy gatnaşykda
boljaklaryna ynam etmeýär. Onuň pikirine görä, türkmenleri mazaly
mynjyradýançaň, olaryň uruşmajakdygyna bil baglap bolmaz. Türkmenlere ýowuz
daramak bilen, ol özbeklere göz görkezjek bolýar. Kaufmanyň beýle karara
gelmeginiň başga-da bir sebäbi bar. Türkmenleriň garaşsyzlygyny janyndanam eý
görmegi, Russiýa hökümetiniň ýek ýigrenýän zady. Garaşsyzlyga ymtylýan
beýleki halklara-da sapak bolar ýaly, türkmenleri bir hökümdara, iň bolmanda,
Hywa hanyna boýun egdirmek hökmandy.

Meniň pikirimçe, Kaufman ýalňyşypdy. Türkmen halkyny özüne ýakynlaşdyrmak
Russiýanyň diňe bähbidine bolardy. Türkmenler başarjaň gaýduwsyz, şol bir
wagtyň özünde-de ynsanperwer halk. Muhammet hanyň ters düşünjesinden,
ýigrenjinden, kemsitmek isleginden eýmenmeýän türkmenler Orta Aziýada eden
ähtine ynanyp boljak ýeke-täk halk.
Kaufmanyň türkmenlere bolan gatnaşygynyň nähilidigine garamazdan, onuň bir
hereketini aklap bolmaz. Onuň bilen gepleşik geçirmäge gelen on iki türkmeni ol
ýesir aldy. Dogry, olar soň yzyna-da goýberildi. Ýöne ylalaşygyň bolmajagyna
türkmenleriň düşünmegi üçin, olar birnäçe wagt türmede oturmaga mejbur
boldular.

ÝALYN WE GYLYÇ

Kaufmanyň ýok etmek isleýän ýomutlary Hywa hanlygyndaky türkmenleriň iň
güýçli we köp adamly tiresi. Olar on bir müň öýli bolup, hanlykdaky beýleki
türkmen tireleriniň adam sanyna deňdir. Hywa syndyrylandan bäş hepde soň,
ýagny 19-njy iýulda general-maýor Golowaçýowyň ýolbaşçylygy astynda pyýada
goşunyň sekiz rotasy, kazaklaryň sekiz ýüz atlysy, on top, iki mitraleza bilen
ýaraglanan raketaçylar batareýasy Hywadan çykyp, ýomutlaryň ýurdy bolan
Gazawada tarap ýola düşdi.
...Goşun egrem-bugram darajyk ýollar bilen Hywadan on alty mil uzaklykdaky
Gazawat kanalynyň kenaryna ýetip goş ýazdyrdy. Soň görüp otursak, biz kanalyň
kenarynda däl-de, kanalyň artykmaç suwlaryny bir mil daşlykdaky çöllüge
akdyrmak üçin ulanylýan ýabyň kenarynda düşläpdiris. Onuň ini otuz ädim,
çuňlugy on ädime golaý ekeni. Kanalyň arassa süýji suwy sagatda bäş-alty mil
tizlik bilen akýardy...
...Bu ýerde goşun türkmenler gelip, tölemeli paçlaryny tölärler öýdüp, uzakly gün
garaşdy. Meniň göwnüme bolmasa, general Golowaçýow mundan aňryk ýörişi
dowam etmek islänokdy ýa-da türkmenlere harby tölegi tölemegiň urşanyňdan
amatlydygyna göz ýetirmäge puryja bermek isleýärdi.
Ýigrimi birine daň bilen goşun ýene-de ýola düşdi. Iki sagat töweregi ýörelenden
soň, ýomutlaryň mes toprakly, hemme ýerde çuň ýaplar gazylyp, iki gyrasyna
derek ekilen ýurdy başlandy. Kiçeňräk düzlükler gök otlara bürenip otyrdy.
Özbeklere garanda, ýomutlar ekerançylyga az üns berýärler. Bu ýerde miweli
agaçlar örän az, däneli ekinlerem ekilmeýär diýen ýaly. Onuň tersine, olaryň öri
meýdanlarynyň aňyrsyna-bärsine göz ýetenok. Hiç ýerde özbekleriňki ýaly depesi
diş-diş bolup duran galalar, özbek obalarynyň alamaty bolan owadan güjüm
agaçlary duşanok. Olar atýataklaryny laýdan salnan pessejik jaýlaryna degrip
salýarlar. Tomus aýlary bolsa, jaýyň öňündäki bassyrmanyň aşagynda oturýarlar.
Şu zatlardan çen tutsaň, olar oturymly ýaşaýşyň artykmaçlyklaryna göz ýetirip
ugrapdyrlar. Biz ahyry bir obanyň çetinden girdik. Oba gum-guklykdy. Oba
adamlary ýap-ýaňy göçüp giden bolarly. Sebäbi käbir ojaklaryň odam öçmändir.
Bu ýerde general goşunyny tükelledi-de ýoluny dowam etdi. Diňe kazaklar
goşundan bölündiler-de, obanyň içine ýaýradylar. Soňky bolup geçen zatlar meni
4
doňup galmaga mejbur etdi. Ýap-ýaňyjy hem seleňläp oturan jaýlaryň sypaldan
basyrylan üçekleri, döwlüp ýetişilmedik bugdaý harmanlary ala şatyrdy bolup
ýanmaga başlady. Ýalyn gatyşykly towlam-towlam tüsseler asmana göterilýärdi.
Men bolup geçýän zatlara has gowy syn etmek üçin, atymyň başyny golaýdaky
depä tarap öwürdim. Meniň öňümde eýmenç sahna peýda boldy. Göz açyp ýumasy
salymyň içinde ýalyndyr tüsse bar zatlary öz goýnuna dolap alyp, goşunyň barýan
tarapyna haýallyk bilen ýaýrap ugrady. Bu başagaýlygyň içinde kazaklar elleri otly
kesindili, edil arwahlar ýaly bolup, diwarlaryň, ýaplaryň üstünden atlaryny
bökdürip, alakjap ýördüler.
...Bir ýarym sagat töweregi geçenden soň, asman garalyp ugrady. Az salymdanam
ýagyş ýagmaga başlady. Tomsuň ortaky aýynda ýagyş ýagmagy öň görlüp eşidilen
hadysa däldi. Şeýdibem, öňki pajygaly wakanyň üstüne ýene-de bir
ýürekgysdyryjy sahna goşuldy. Ýuwaşja çisňäp ýagýan ýagyş sönüp barýan
otlaryň külüni dörjeläp olary öňküdenem güýçli tutaşdyrdy. Asmana ýaýran tüsse
aşak ― agaçlaryň üstüne çöküp, töweregi içgysgynç tukatlyga gaplady. Ýuwaşýuwaşdan
bady gowşaýan ýalnyň gan ýaly gyzyl zolaklary indi çugdamlanypdy.
Men şuňa meňzeş urşuň ilkinji gezek şaýady boldum. Bu zamanda bular ýaly uruş
örän seýrek duşýar.
Goşun tüssä duwlanan egrem-bugram ýol bilen haýaljak öňe süýşüp barýardy.
Günortana ýakyn esasy goşunyň öňünden barýan esger gözýetimde bir garanyň
görünýändigini habar berdi. Aňyrdan ýetip gelen atlylar ýaňky esgeriň deňinde
saklanyp, onuň bilen gürrüňleşmäge başladylar. Olar ruslaryň öz üstlerine sürnüp
gelmekleriniň sebäbine düşünmeýändiklerini aýtdylar. Esger olary Golowaçýowyň
ýanyna alyp bardy. Türkmenler öz sözleriniň ýer almajakdygyny bilenlerinden soň
bolsa: «Biziň sanymyz müňlerçedir. Ruslara edenlerini eginleri bilen çekdireris.
Biz indi siziň garşyňyza uruşmagy ýüregimize düwdük. Siziň islegiňiz uruş bolsa,
onda bizlik gürrüň gutardy» diýip haýbat atyp, öz ýoldaşlaryna birikmek üçin
atlaryny howlukmaçlyk bilen çapdyryp gitdiler.
Rus atlylary söweşe girmäge ýaman höwesekdiler. Goşunyň öňüni çekip barýan
urşujylaryň ofiseri söweşe girmäge rugsat sorap, generalyň ýanyna birnäçe gezek
çapar ýollady. Ýöne Golowaçýow ikirjiňlenmesini dowam edýärdi. Göwnüme
bolmasa, ol henizem harby töleg üçin beren möhlet tamamlanýança, türkmenleriň
paç töläp, söweşden gutulmagyna mümkinçilik bermek isleginden dänmedik
ýalydy... Birnäçe wagt geçenden soň, türkmenleriň başlaryny gutarmak üçin
ýüzlerini çöllüge tutdurandyklaryny habar berdiler. Öňde-soňda söweşe girmeli
bolsa, häzir tüýs wagtydy. Ahyrsoňy kazaklara gaçyp barýanlaryň yzyndan
kowmaga rugsat berildi.
Goşun iki topara bölünip, çölüň edil eteginde aýak çekdi. Her ýüz atlynyň
depesinde baýdak pasyrdaýardy. Adamlar, hatda atlaram söweşe girmäge höwesek
ýalydy. Iki mil töweregi günortarakda bolsa, ulgam-ulgam çäge depelerini depeläp
barýan türkmenleriň topary ownukly-irili mallar bilen garyşyp öňe süýşüp
barýardy. Adamlaryň sany iki-üç müňe golaýdy. Olaryň arasynda çagalaram,
aýallaram göze ilýärdi. Meniň pikirimçe, olar birnäçe mil öňden barýan esasy
topardan yza galan bolmaly. Az salymdan olar ýapynyň aňyrsynda gözden ýitdiler.

Dowamy bar.

© Ýazgylyç ÇARYÝEW.
Bölümler: Taryhy makalalar | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mak Gahan | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 12:25, 26.12.2022
pdf-den kopiýalanypdyr öýdýän, abzaslar bulaşyk gidipdir.
original bilen tapawutlanýan ýerleri kän eken.
belki senzura üýtgetdirendir.
avatar
0
2 Мango • 13:25, 26.12.2022
Это дикое и беспокойное население никогда не подчинялось никакой правильной форме правления; они отвергают всякую власть, и хана и эмира и Русского Царя.

Boýun egmezek halk bolan türkmenler hiç wagt hem kadaly dolandyrylýan döwletiň raýaty bolmandyrlar. Olar hanlara, emirlere boýun egenlerinden ölenlerini gowy görýärler.

"дикий" sözüniň ýumşadylmagyna düşünýän welin boýun egmeýänleriniň sanawyndan "...Rus patyşasyny" näme üçin aýyrypdyrlar?
taryhy dokument, bolşy-bolşy ýaly ýazylanda dogry dälmi?
tekstde türkmen tireleriniň sany barada aýdanda-da gysgapdypdyrlar...
umuman-a her zadyň originalyny okajak bolmaly.
avatar
0
3 Medicall • 13:58, 26.12.2022
Hawa,pdf, muny üç ýyl mundan öñ şäher kitaphanasyna baryp, birnäçe kitap geçirip alypdym. Düýn giç kompýuterda gõzüm düśdi-de şol bolşuna kopýalap goydum. Soñam düzlemän ýapypdyryn. Şondan śeyle düśdi
avatar

Старая форма входа
Total users: 203