Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:07
Göremok
GÖREMOK

Soñky wagt köp zat çaşyrýar başym,
Kelte köýneklini geñlän göremok,
Köpler ýalan sözi edindi moda,
Halaldan elleri heñlän göremok.

Hakyñ kelamyndan gizläp çözümi,
Agzyny açýalar ýumup gözüni,
Ähli dört setirde diýjek sözüni,
Ýekeje sözünde jemlän göremok.

Nirä çekýälerkä hallanlan döwri,
Barha berkleşýär ýürekleñ düwni,
Ençe ejir bilen ýykylan göwni,
Hoşamaýlyk bilen emlän göremok.

Her kim bir-birekden köñüli sowan,
Garyba teññe-de görlenok rowa,
Paýyş söz bolupdyr dillere doga,
Käte öz kemini kemlän göremok.

Aýdylýan akyllañ agramy saman,
Köpleñ gursagyndan ak ýaly gazan,
Gürletseñ döwür ýa zamana azan,
Emma ýagşy sözi diñlän göremok.

Pikirler täzeçe, dessurlar köne,
Dereksiz gözýaşlar öwrüldi köle,
Bir gün gülünjegne ynam bar, ýöne,
Her kim eñreşip ýör, diñýän göremok.

2016ý

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 14:10, 11.12.2023
2016 - da ýazylypdyr:))

Şo ýaşyñda şo pikirlere ulaşyp bilen bolsañ BEREKELLA diyyan jigimjan saña:)
avatar
0
2 Мango • 14:17, 11.12.2023
Halaldan elleri heñlän göremok...
halallyk bilen heňiň näme baglanyşygy barka?

---
Ençe ejir bilen ýykylan göwni...
ters eşdilýär. "ejir baryny çekip zordan göwün ýykaýdyk" diýýän ýaly. "ençe ejir" artykmyka ýa?

---
Her kim bir-birekden köñüli sowan...
köňüli - köňli

---
Bir gün gülünjegne ynam bar, ýöne,
Her kim eñreşip ýör, diñýän göremok.

"gülki" diýilse bir zadyň üstünden gülmek ýaly.... belki "şatlyk - şatlanmak" ýaly sözleri ulanmalydyr.

sussypessimist goşgy bolupdyr.
ozalam peskäm hasam peselen ýaly boldym.
avatar
0
3 Medicall • 15:26, 11.12.2023
"ruhuñyz tug deýin belentde bolsun!" :) :)

"Halaldan heñlan göremok" diydigi ellerini gaýzygdyryp, azap çekip işlap halal gazanjak bolyan göremok diyjek bolyandyr şu jigimiz-a:))))
18 yaşamanka şo zatlara gaharlandyryp, kellesini agyrdypdyr-da adamlar:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202