23:35 Gündeligimdäki ýañramalar 2 | |
GÜNDELIGIMDÄKI ÝAŇRAMALAR - 2 Bir ömrüñ içinde garaşanyñam, garaşmadygyñam gelýän eken, ýöne ikisiniñem bir ýoldan geljegi saña agyr degjek bolsa, gowsy garaşma!... Gözöñimizdäki haýwanlara seretsek adam bolmagymyza şolar günäkär ýaly birhili... Garyñ ýagjagyna begenipdim, sowuk boljagyny welin pikir etmändirin. Wada bermäñ, işdäm ýok. Hiçkim bilen işim ýok, özüm bilen özüm başagaý durmuşda ýaşaýan. Dogryñy aýtmak bilen dogryny aýtmagyñ arasy ýer bilen gök ýaly. ,,Dymmak danalyk..." diýýärsiñ, onda lallaryñ gepläsi gelmegi akmaklykmy?!... ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |