00:17 Ýene içime salaýyn | |
ÝENE IÇIME SALAÝYN... Men henizem üşedýän, Bu tomusyñ yssysynda, Öýlesi şeýle geçenleñ, Ne bolarka ýassysynda. Asgynladym, emma kalbym, Entek-entek ejizlemez, Umyt bilen ýaşar ertä, Goldaw edip ejizlere. Añ etmedim añsyzlara, Olam meniñ ýalñyşymmy?, Eger şeýle bolsa aýdyñ, Boýun aljak ýalñyşanmy. Her kapýany Haka ýanap, Az-kem gaýgy-gussa garyp, Düşinsinler diýýän herne, Bahyllaryñ için dörüp. Emma welin düşinenler, Alysda saklady özin, A men bolsa gaýta-gaýta, Oña gözläp ýörün çözim. ,,Sag-salamat boluñ!" Diýdim, Ah nädersiñ diñlenmeseñ, Meni telbe öýdip ýörmäñ, Gezip bilmen hiñlenmesem. Sarpa goýdum, sarpasyza, Hormat etdim ulylara, Olar bolsa pyçak urdy, Sebäp tapman ulanara. Dagdan beýik duýgym bardy, Ah bolýa-la ýatlamaýyn, Geçen güne, şundan şeýläk, Bir ädimem ätlemäýin. Syr bermedim, gülen bolup, Gizläp gezdim, dert ýaramy, Il ugryna gezdim ýördim, Şükir, gördim ak-garany. Geçen geçdi, ertir güman, Ak niýeti apalaýyn, Seniñ derdiñ kime derker, Ýene içime salaýyn... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |