Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:14
Gorkaram
GORKARAM

Mahmal gabak, mahmal ýaňak, mahmal dodak güller-eý,
Sizi ýollan ýaryň mahmal gözlerinden gorkaram.
Bägüller deý aýdymlar hem süllerer, ah, süllerer,
Salam ýollan ýaryň mahmal sözlerinden gorkaram.

Göwre Ýeri mekan tutdy, göwnüň mekany Arşdyr.
Elajym ýok, emrimdäki, bir kenizim ýylgyryşdyr,
Jan --- amanat, şan --- amanat, bir ýalkawy ýalbaryşdyr,
Sünbül saçlarym sarçdyr, çözlerinden gorkaram.

Gursagynda buýsanç bilip, ýaban halynda megerem,
Ilkidurmuş howsalasyn saklaýandyr özgelerem,
Bir sekuntlyk ýyldyrymdan düýrügerem, düýrügerem,
Yşk oduna döz gelerem, közlerinden gorkaram.

Ýar garaýşy gyýçak-gyýçak, bagryň gyýjak, sünjüler,
Ýar gözleri bup-bulançak, ody öçük, küljümek,
Şu ünjüler burçak-burçak, boýnuň burjak ünjüler,
Kirpiklemden dür-hünjüler düzlerinden gorkaram.

Hijranyň hüjresi kapas, hüjrede hijrana ýer ýok,
Söýgüniň hüjresi sähra, uçýarlar ganat ýok, per ýok,
Ýerden behişdi ys galyp, bägüller şoh, bägüller çoh,
Siz deý bir zaman ysgalyp, dözlerimden gorkaram.

Daglar, Daşlar, Gar-Ýagyşlar ,Aý-Gün, Ýyldyzlar ýar maňa.
Seýkin basyp, seýran etmek, güller ysgamak ýat maňa.
Al-asmanda gaýyp ýören Laçyna men, Laçyna.
Eý, Bägüller, men bägülleň özlerinden gorkaram.

07.02.2008ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 163 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Bagabat • 10:43, 24.03.2023
Bu goşgy, her setiri on bäş bogundan ybarat, failatun-failat (açyk bogun, ýapyk bogun stopasy (dabany) bolan) aruz ölçegindäki murapbag formasynda ýazylan, agyr goşgy düzüliş usulynda düzülenem bolsa, bu şygryň juda ýeňil hem akgynly okalýan, şireli, özüneçekiji dili, duýguňy gyjyklaýjy içki heňi (mukamy) bar.
avatar
0
2 Bagabat • 10:45, 24.03.2023
Hasam şu setirleri:

Elajym ýok, emrimdäki, bir kenizim ýylgyryşdyr,
Jan - amanat, şan - amanat, bir ýalkawy ýalbaryşdyr,
Sünbül saçlarym sarçdyr, çözlerinden gorkaram.


Ýa-da şu aşakdaky topbak:

Ýar garaýşy gyýçak-gyýçak, bagryň gyýjak, sünjüler,
Ýar gözleri bup-bulançak, ody öçük, küljümek,
Şu ünjüler burçak-burçak, boýnuň burjak ünjüler,
Kirpiklemden dür-hünjüler düzlerinden gorkaram.


Ýa-da ine şu ýeri:

Hijranyň hüjresi kapas, hüjrede hijrana ýer ýok,
Söýgüniň hüjresi sähra, uçýarlar ganat ýok, per ýok,
Ýerden behişdi ys galyp, bägüller şoh, bägüller çoh,
Siz deý bir zaman ysgalyp, dözlerimden gorkaram.
avatar
0
3 Aygul • 14:42, 24.03.2023
Lacyn-da bu sebäbi...
avatar
0
4 Мango • 21:52, 24.03.2023
"...güller-eý"
bu ýerde "eý" bagşaça eşdilýär.
avatar
0
5 Мango • 21:58, 24.03.2023
1) Göwre Ýeri mekan tutdy, göwnüň mekany Arşdyr.
2) Jan – amanat, şan --- amanat

interesan felsefofiýa. haladyp du.

bellik we sapak: "...şan --- amanat"
"–" şeýle uzynjak tere goýup bilmeseňiz "---" etseňizem bolýa, ýöne bolanok. öwredeýin: klawiaturada "alt"-y basyp saklap 0150 diýip ýazyp göýberseňiz uzynjak tere çykýandyr.
ýaz: alt+0150. çykar –
bilmeýänler bilegoýsun.
avatar
0
6 Мango • 22:02, 24.03.2023
biderek sekuntly we ýarym sekuntly bellik:
bu goşguda:
"Bir sekuntlyk ýyldyrymdan düýrügerem, düýrügerem"
beýleki goşgy "nobatdaky duşuşykda":
"Ýarym sekund undularmyň, heý-em sen?!"
avatar
0
7 Medicall • 06:34, 25.03.2023
Bu goşgyñ gowdygyny
avatar
0
8 Medicall • 10:06, 09.06.2023
Bu goşgyny örän örän Halaýanaý halaýan:)
avatar
0
9 jelaleddin • 18:18, 14.02.2024
Birinji ýola okadym. Owadan!
avatar
0
10 sussupessimist • 21:29, 14.02.2024
Laçyn, gör, eýýäm 2008-nji ýylda nirelerde eken!?..

"Ýar garaýşy gyýçak-gyýçak, bagryň gyýjak, sünjüler,
Ýar gözleri bup-bulançak, ody öçük, küljümek,
Şu ünjüler burçak-burçak, boýnuň burjak ünjüler,
Kirpiklemden dür-hünjüler düzlerinden gorkaram.
"

Şu setirlerdäki ç-ü-ý-j-u sazlaşyk üçin menden aýratyn owasiýa (şowhunly el çarpyşmalar)!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203