15:19 Söýmeseň, hezil-dä... Duşuşykdan bölek | |
SÖÝMESEŇ, HEZIL-DÄ... DUŞUŞYKDAN BÖLEK ...Şu gün pyşdyl gördüm. Ine, şondan bärem ýüregim gysýar. Bu ýigidem bizar etdi, Berip şol bir soragy: -Sen meni söýýäňmi? Meni söýýäňmi? ...Bir günläb-ä ýöreýändir, Meniň iki ädimimi. Ine, ýene onuň sesi: -Seň göwnüňe degdimmi? Sen nämüçin gürläňok?! ...Çanagyndan çykagetdin, Gidip gelse, basym-basym, Gitjek-goýjak ýerlerine arkaýyn, Bolmaýarmyka?! "Ýaşap bilmen sensiz" diýip, Dogrudanam, bu oglana Mensiz jahan, waý, şoň ýaly darmyka? Pyşdyl jaýy bilen aýlanyp ýörmän, Oturymly bolsa, Ýa ynjalmaýarmyka? Ýa dynç almaýarmyka, Öz jaýyndan başga ýerde?! Waý, meniň ýaly gyza Entek gabat gelmez ýaly, Bu oglan öýünden çykmaýarmyka? Ýokmyka, oň dogduk öýnüň dogduk mekany, Ýogsa-da, ol jaýy bilen dogdymyka doganda? Waý, nädip dogduka? Ýok, ol doglanynda jaýsyz doglandyr. Birden oň çanaklary Jaýy däl-de, Onuň özi bolaýsa, nä?! Hih, men gyssagly ýaňy dogan bäbek pyşdyl görmeli. -Gara gaşlym, gara gözi sürmelim, Elleň bilen öldür meni, Dilleň bilen öldür meni, Özüň-özüň öldür meni! ...Waý-eý, men nä Ezraýylmy? Hih, men indi Ezraýyla meňzeýänmikäm?! Maňa öldürtmän, Ölesiň gelse, Özüň öläýmeli dälmikä, gyz? -Seni söýýän, seni söýýän eşidýäňmi? ...Erkek pyşdyl şeýle ýöreýän bolsa, Onda nähilikä ýöreýişi Aýagy agyr pyşdylyň... ...Seni söýýän, seni söýýän eşidýäňmi? © Laçyn PÜRJÄÝEWA 27.08.2009 ý. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |