09:31 Poeziýada mozaikalar toplumy | |
POEZIÝADA MOZAIKALAR TOPLUMY *** Elbetde, boýnuma alýaryn, Gödek men. Ýöne sen bagyşla ahyr. Gödekleň Ýüregi ýuka, Göwni näzik, Özi lälijek bolýar. Gödekligimden soň, Gynanýaryn hem-de müýnürgeýärin, Ýöne ony boýnuma almaýaryn. Arzuw-maksatlarym galýar ýerine ýetmän, Ýöne men olara gynanmaýaryn. Ýoluňa göz dikip garaşýaryn, Ak garly gyş, gülli bahar, güýz geçýär. Ýöne gynanmaýaryn. Men bilýärin: Gelseň, garaşanymy hem boýnuma alman. Örän ýakyn geljekde, Mylaýym bolmagy göz öňünde tutýaryn. Häzir bolsa gaşlarymy gapyşdyrman, Ýa-da içýakgynç bolman, Men men bolup bilmeýärin ahyry. Seni üşäniňde çoýup bilmerin, Birinjiden: Gün däl men. Ikinjiden: islämok. Üçünjiden: üşäňok sen, bilýärin. Kemçiligim kä-ä-än, Men olary toplaýaryn yhlasly. Belki-de men ir-u-giç, Kemçiliklerimiň muzeýini açaryn. Op-ba-a-a! Ahyr ajap pikir kelläme geldi Kellejigimi gowy görýärin, söýýärin. Kellejigim juwan hem-de uzak ýaşasyn diýip, Men ony ýeňilje hem ýuwanja pikirler bilen naharlaýaryn. Asla maglumatlary saklamaýaryn. Deň bolma, hemişekiň ýaly bagyşla. Bu zatlara kaýylsyň-la ,,Munça bolsa ýagşy-la“ Diýseň ýeňersiň. 2007ý. | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |