Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:44
Hekaýa
HEKAÝA

Ertir iş, bu gün irräkden ýataýyn diýip ýerime geçdim. Aslynda uklamazymdan ozal telefonymda internedi açyp imo gelen hatlary okamak endigimdi. Bu gün diýseñ bir üýtgeşik täzelik boldy. Maña bir gyzdan hat gelipdir.
Haýdap haty okadym.

,,Salam, Selim, gowmy ýagdaýlaryñ", bu haty ýazanyñ progiline girdim şol wagt doñup galdym, bu haty ýazan gyz meni alysdaky ýatlamalara alyp gitdi, gaharyma telefonymy ho-ol beýlä zyñyp goýberdim, indi men gaharyma erk edip bilemokdym, ýataýyn diýip durdym ukymy biri ogurlap äkidene döndi. Men bialaç ýatlamalara berildim.

Men ol gyz bilen iki ýyl mundan öñ tanyşypdym, özem internetda, internet söýgüsine ynanmasamam, şol gyza ynandym, has dogrusy söýdim, nädip diýýäñmi? Söýdimdà, suratlaryny ugratdy garaz aşyk boldum özem hak aşyk, görkine aşyk boldum, bu ertekini çynyñ bilen diñläsiñ gelýärmi? Onda ýaltanman oka menem aýdyp bereýin.

Ine biziñ söýgümiz gün geldigiçe has güýjäp başlady, bir-birege diýseñ ýakynlaşdyk aralarymyz daş bolsa-da biz bir-bireksiz oñup bilmezdik, ine bir günem görişmeli diýen karara geldik, duşuşmaly ýeri belledik, ilkinji siwdanýa.
Meniñem birinji gezek gyz bilen duşyşygym, adatdaky ýaly oglan ilki baran bolmaly, gyzam 1-2 sagat garaşdyran bolup gelmeli, aý garaz bolmalysy ýaly boldy, 2 sagat garaşdym gyzam geldi, romantika elimde gül salam bermäkäm güli aldy, otyrdyk, gürleşdik näz eden boldy menem näzini çeken boldum...

Gülse gülen bolmaly serýozna bolsa senem serýozna bolan bolmaly biraz kynrak haçan gören zadym.
Aý garaz şeýdip bir sagat ýaly otyrdyk, gyz birden ,,hiik" edip demini içine çekdi dogrysy ondan beter men gorkup gitdim, gorkman näme ýat ýer öz obañ däl, biri ýakañdan tutsa çekdiginden ylgamasañ warýant ýok...

Men näme boldy diýip sorabam ýetişmedim bir daýow pyýada tutdy ýakadan, men nämäñ näme bolanyna düşinmän galdym näme işläp otyrsyñ diýýär, menem görşiñ ýaly siwdanýa gidip dur diýdim, bolsa-da sözim-ä soñlap ýetişdim, soñ tok öçdi, asylam garañkylykdylaý, gözimi açamda ...

Gözimi açamda özümi gabyrda ýaly duýdum, toba, aý şondan üýtgeşik ýerem ýok, eý-waý men eýýäm öldümm-aý, bu nähili boldaý daş-töwerek garañky, çyra ýok, toguñ hälki öçeni, ýuwaşlyk bilen töwerege göz aýladym gawunçyñ garantgasy ýaly ho-ol beýlerägimde bir gara gözim kaklyşdy, haýdap ýüzimi elledim ýüzimde bäş barmagyñ yzy duran ýaly, agyrysy alyp gelýär, ýerimden turjak bolýan bolanok hereket etmek kyn hiç zat görnenok, iter- sañsar bolup zordan ýerimden turdym niredigini bilemok ýöräp başladym, robort bolara edil şonuñ ýaly, hälki pälwan garagullap otyran eken yzymdan bir garañ gelýäninä duýdumam-la, 2-nji skorsa geçirdim soñ 3 soñ 4, soñam gaz berip 5-e, ylgap başladym adam gorksa gaty ylgaýar eken, şol wagt kamaz bilenem çapyşjak, men gaçýan ol kowýar men düşinip ýetişemok.

Men näme üçin gaçýan, o näme üçin kowýar, haraşo şto tekerler sagdyndy, öñümden reska pawarot çykdy badymy saklap bilmän göni geçmeli boldum olam uly suwly ýap eken, pöwşildäp düşdim içine, baý, çuñ ekenaý,
it ýüzüşini edip suwly ýabyñ o başyna çykdym raýşyndan dyrnaçaklap jan howlyma aljyrap gury ýere özümi okladym, duşman derýañ o ýüzündedi, men bolsa bu ýüzünde, şol wagt oña seredip agzymdan gelenini diýesim-ä geldi welin ýaba böker öýtdim, soñ ýolumy dowam etdim indi bolsa has gorky basmarlap başlady obañ çetine çykan ekenim bir ýylgynlyk tokaýa girmeli boldum, şagallañ sesi alyp gelýär, ýanyñda ýaly, üsti-başym öl-myžžyk, haýdap elimi jübüme sokup telefonymy gözledim, ýok, al saña gerek bolsa, suwa gaçan bolmaly, birhili dünýäñ gyzygy gaçyp başlady, hemme zat gutarana döndi.
indi näme etmeli?
Nätmeden Hudaý saklasyn, ýöräber ýeñsäñi tüññert-de niredesiñ eziz obam diýip, aý-ýok dur entek olar ýaly hezilligem ýok, biziñ obamyza ýetjek bolsañ entek ýene 4 oba geçmeli onsañam bu sagatda hany, me saña ulag geçip durmy bardy geldi uly ýola ýetseñem. Men ýöreýän bu ýylgynlyk gutaranok, añyrsam görnenok gije göze dürtme garañky göziñe söweýin mundan öñki günlerde patrak ýaly ýyldyzlaryñ, aýyñ ýagtysyna el keşde edip otyrmaly halyna bu gün birem ýok, howa bulutlaşyk, kelläme her hili pikir gelýär şol wagt özimi ýigrenip başladym, gyz nämäñe gerek siwdanýa nämäñe gerek otur-da Hudaý diý-de, bolup ýörşüñ gurasyn, men herýana ýöredim ýöne bu ýylgynlyk gutarmady, birhili suwsap başladym. Indi ähli zada magat göz ýetirdim, men siwdanýada tutuldym hawa, ýöne pikirlendirýän ýeri ol daýaw pyýada kimkä indi gyzyñ kakasymy ýa dogany bir zadymyka?

Aý kim bolsa şo bolsunlaý, ýöne elä agyr eken... Men pikir edip barşyma ahyr bu tokaýlykdan çykdym köneräk ýoluñ ugryna düşip ýöräp barýan yzymdan bir km aralykdagy bardyr bir motosikel gelýär, baýbu bu-da obanyñ ahranalarynyñ biri bolsa gerek bolmasa gijäniñ bu sagadynda entäp ýörmez diýen niýet bilen yzyma tokaýa kürsedim, motosikelli meniñ ýylgynlyga siñen gabadymda saklandy, motory öçirdi birine jañ edýär,men ony gijäniñ ymysalalygnda eşdip otyryn çöp-çalamyñ içinde bir zady ogurlap gelýän ogrylar ýaly ýatyryn, ol diýýär ,,Muhammet eştýäñmi dost Aşyry, Mekany alyp gaýt tapdym ýañkyny ýylgynlyga siñdi çaltjak geliñ-eý"...

... men indi ugrymy ýitirip başladym içim aç, öler ýalam suwsaýan, üstesine bu obañ oglanlaram eli fonarly gitler ýaly girdiler tokaýa, keýik awlajak awçylar ýaly gaty ümsim ýöreýäler, özlerem opydy gaty güýçli bolmaly kinolardaky speznazlar ýaly sessiz hereketde düşinişýärler, men ýatan ýerimden bulary görüp gizlenip synlaýardym, özümem bir gür baldakly ýylgynyñ düýbünde sümülip gymyldaman ýatyryn, sähel gymaldasañ şygyrdyñy eştjekler, çyralaryny her ýana aýlap meni gözleýärdiler, men pikir edýän bu gyz meni duşyşyga çagyranda obañ oglanlaryna uzylda gygyrdyp habar beripdir ýaly, uff nälet bolsun şo gyza, çekip ýören derdimi diýsene bolup ýatyşymy düşen günümi it görse it aglajak, içlerinde has kellesi işleýäni bar eken, bir ýandan ýylgynlañ düýbine çyra tutup gözlegi dowam etdirip gelýär, ýüregim çalt urup başlady ,,kömek ediñ!" Diýip gygyrasym gelýär, kim kömek etsin-aý, obañ çetinde, onsañam obañ oglanlary bilýändir başga obaly bolup obada siwdanýada tutulsañ adam öldiren bilen deñ günäli, halys karar tapmadym ýerimden turup ýañky gelýäne ýüzlendim, ,,dost, näme gözleýäñiz-aý!"
-Eee geliñ-eý bärde - diýip ol beýleki ýoldaşlaryny çagyrdy, soragym jogapsyz galdy, ýatyberdä diýsene belki
görmezdilerem-laý, tutdular ogryny ýagny meni, biriniñ elindä ýüpem bar eken, itenekledip tokaýdan çykaryp matoryñ lunkasyna basdylar, neme olaryñ ýörüte subut edýän ýeri bar eken, äkidip şol ýere eltdiler biraz ýagtyrak ýer bolsa-da, Uly bagyñ aşagy töwerek daş piwe gapdan doly, eltip düşürdiler durun sömelip indi näme oýun bolarka diýip, esasylary ýagny sudýalary öñüme geçip otyrdy ,,hawa inimbaý bu ýerlerde ýary gije keýpinemi?" Menem durun näme jogap berjegimi bilmän gürlemeseñ urjaklar menem şol sada dogryçyllygym-da ,,duşuşyga geldim" diýdim kimiñ gyzaý ol ady näme gyzyñ diýip añyrdan biri gygyrdy, menem ada pylany, bilemok kimiñ gyzydygny diýdim, öñimdäki otyran sudýa meni äsgermezlik bilen çekip otyran çiliminiñ tüssesini ýüzime üfläp, ,,bolýa ýör onda men seni şolara eltjek, gyzy çagyr täzeden duşyş, menem görjek" diýdi men ylalaşmadym, agam beýdip bolmaz owalam biri öldir ýaly urdy soñam gaçdym ine-de size duşdym diýdim, ol bolsa ýan bererli däldi gaçyba gitjek ýeriñ ýok köşek diýdi berdi bir udary, gözim öñime gaçdymyka diýdim wä-äk diýip ýüzimi tutýançam ýene bir gezek urdy soña baka nirämi tutjagymy bilmedim ýetişemok, dur agam düşin telefonymam gaçyrdym men ony çagyrmagyma warýant ýok diýsemem yzly-yzyna degip duran ýumryk meni onuñ aýtýany bilen ylalaşmana mejbur edip başlady...

Ylalaşmaly boldy başga ýol ýok, ýene geldim öñki ýere ähli zat öñkisi ýaly bir elimde gül ýok diýmeseñ hemme zat öñki bilemok ýüzimä öñki däldir ýöne, indi gyzy çykarmagam öz boýnyma, nädip çagyrmaly plan jaýlary bar eken ýeñse tarapyndan baryp aýnany kakyp başladym, ahotniklerem hersi bir ýandan bukylyp synlaşyp durdy, birden işik açyldy begenip gitdim ýañky gyz çykdy ejemi gören ýaly boldym, ol şol wagt meniñ halasgärimdi, çykmadyk bolsa ýene urjakdyklaryny wada edipdiler, olar sözinde durýan oglanlar eken tüweleme karz berip karz alşaýmaly oñat oglanlar eken, aý garaz gyz assa basyp daşa çykdy ylgap bardym ýanyna, pylanyjan geldiñmi ? Bilýärdim señ çykjagyñy...

​ Ol ýüzime erbet bakyş bilen garady kim gyz sen? Gijäñ ýary näme işleýäñ bu howlyda? Men uje şokda, gözimi ýumup täzeden açyp seretdim ilki duşyşyga çykan gyz, hawa şonuñ özi, men Selim häli geldimä seniñ ýanyña diýip düşindirmäne durdym, ol meni zordan tanady, ,,Waheý jan nämeler boldy saña gaty urdylarmy meýtler, wah-wah..." men begenýädim özime hossar tapynan ýaly, elimden tutup başymy sypap otyransoña arkaýynlaşyp başladym 3D şekilde kamera alyp duranlar ýadymdan çykyşyp ugrady azajygam bolsa ýalandan ýylgyran bolýan, her gezek ýylgyryp seredemde gyz tisginýärdi, aý bolmanam ýüzim kamaz bilen çakyşan ýalydyr, duşyşygy hälki sudýa pozdy, ol ýuwaşlyk bilen yzymyzdan gelen eken

duýmandyrsam bu gezek urgy paýy gyza düşdi. O nähili diýýäñizmi? Neme ol gyz däl-de gelin eken, toba, ol şol ýañky sudýañ gelini eken, garaz ol goýun bakýan eken gelmeli güni däl eken şonda-da gelninden güman giden neresse ýüregi syzan ýaly gelipdir tamasam çykypdyr, ol gelnini öldir ýaly uryp durdy, daşyndan seredip dözmän başladym, dikilen gazyk ýaly durun sömelip, toba etdim, beýlede bir zat bolarmy meniñ edip ýören zadymy biriniñ durmuşyny bulap ne günlere düşip ýörin şol gün özimi gaty ýigrendim bir sebäpdenä meniñ günämem ýokdy aslynda ol kezzap maña gyz diýipdi ahyry, borda durmuş öwrimlerine düşer ýaly däl kime ynanmaly indi, men ýuwaşlyk bilen ökjäni göterdim, bolan zatlary serimde aýladym ýol ugrynda her hili pikir kellä gelýär, indi öýe barsam sagaman diýip, Hudaý ýoluna bir bitin çörek aýtdym, kabul boldy nesibämden ir bilen şähere gatnaýan taxileriñ biri gabat geläýdi olary öziñiz bilýäñiz pulyny berseñ göni öýiñe zyñýalar şeýdip zordan öýe aşdym, ilkinji arzuwym aýnada özime seretmekdi, seretdim aýnada gorkunç biri görinýärdi... Bu gün maña imodan ýazanam şol gelin eken, küýkini gabyr düzeder diýleni, ýöne ol zeýilli ynsany gabyryñam düzetjegi näbelli, şondan soñ ähli gyzlara ynamym öçipdi, aslynda hemmeleri bir aýakdanam sürmeli däl welin, inem meniñ söýgi hekaýam onda-da ilkinji söýgümiñ başy hem soñy hem şeýleräk boldy.

Özim ýaly ýaş oglanlara etjek sargydym: basjak ädimiñizi pikirleniñ, duşuşyga barmakañyz gyzy tanañ, internet söýgüsine ynanmaña diýjek däl belki başgalar bagtlam bolandyr, ýöne her kime ynanyp ýörmäñ, kim bilip dur biriniñ durmuşy bulanjakmy, ýa gowlanjakmy...

Hekaýa Selim dostymyzyñ başyndan geçen wakalaryny gürriñ bermegi esasynda ýazyldy.

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 170 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 1.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 01:07, 08.09.2023
Şeýle, şeýlee...
Ýazyp bilmän ýörjeg-a däl ekeniñ, emma goşgularyña garanyñda jogapkärli çemeleşik hekaýa synanyşygyñda ýogurak, geleñsizlik edipsiñ-da jigimjan, ünssüzlik edipsiñ, içgin girişmänsiñ, ýogsa hekaýa ýazsañam gyzykly gürrüñdeş boljak ekeniñ okyjyña.
avatar
0
2 Medicall • 01:14, 08.09.2023
Hekaýañ ady "Hekaýa" däldir, at indi dakmaly, entak at alyp ýetişmedi:)
avatar
0
3 Pero • 10:29, 08.09.2023
Kõp ýerde "robot" sözünde harp artdyrmasy ulanyarlar näme üçindir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203