Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:42
Gurbandurdy Orazowyň döredijiliginden

Gözel gyzlar, menem birçak siz ýaly,
Lebleri köz ýaly bir gyzy söýdüm.
Bu onuň şanyna hasratym bilen.
Gam bilen ýazylan iň soňky aýdym.

Onuň düşbi, meşhur gözleri mydam
Kän gözlerden maňa gülüp bakardy.
Meniň mejbur, mejnun gözlerim mydam
Boýy baýdak, aý dek gyzlaň içinden,
Lebi oýmak, gaýmak gyzlaň içinden,
Märekeden ony gözläp tapardy.

Gaýyp boldum yşkyň howasy bilen
Bu dünýeden dem salym.
Jadylady yşkyň dogasy bilen
Leblerine dem salyp.

Ýumşakdy gije saçlary,
Gündiz ýüzi ýagtydy.
Gözün gamaşdyryp şowa täleýiň,
Seljertmedi bagtymy,
Ak alkymy - ak ýaşlygym.
Onuň gant deý süýji lebi -
Meniň süýji ýatlamalam
Undulmaz, gaýdyp gelermi?!

Gara saçy - gara bagtym,
Gara gözi - gara gam.
Gyýma gaşy kösemäge
Ulanan täk ýaragy.

Şat gülküden galan gamly ýylgyryş,
Baş söýgüden galan ýalňyz posa deý
Jübimde galanda gara şaýylam,
Gerdenine tylla saçy ýaýylan
Sygan aýalyna pal atdyrdym men.
Şeýdip, öz apgyrdy giden bagtymy
Bejertdim men, oňa nal kakdyrdym hem.

Ýatlamalam dama-dama tükense,
Dilämok iňrigiň garalaryny.
Ol kesewi kibi, demir tiken deý
Gorsaýar, gozgaýar ýaralarymy.

Ýygralykda artdy ýene bir gümmez ...
Ine, baş söýgümden ybarat şular.
Şatlygymyň gölegçisi şo günler.
...Gelerne garaşyp zyýaratçylaň
Sak müjewür kibi otyryn indem.

© Gurbandurdy ORAZOW

Çeşme: 1992-nji ýyldaky Garagum žurnalynyň 8-nji sany.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 179 | Mowzugy paýlaşan: Garlawac | Teg: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 10:57, 06.09.2023
Lebler...

1-nji kuplet:
"Lebleri köz ýaly..."

2-nji kuplet:
"Lebi oýmak, gaýmak..."

3-nji kuplet:
"Jadylady yşkyň dogasy bilen
Leblerine dem salyp..."

4-nji kuplet:
"Onuň gant deý süýji lebi..."
avatar
0
2 Pegas • 05:23, 07.09.2023
Ýaşululaň syganlara pal atdyrmadygy ýok öýdýän. Özlerem soňkuja pullaryny berýär hemmesi))
avatar
0
3 Pero • 08:05, 07.09.2023
Ṣo wagtlañ modasy bolaýmasa pally gürrüñ.
...Agyr goṣgy eken,ṣo derejede agyr weli,magṣuk bu dünýeden ir giden ýaly göýä,oña söýgüsinden ganyp yetiṣmedik aṣyk derdi juda çetin ỳaly. Ýöne aýralykdan ya-da gowuṣmadyk aṣyklardan has ötesi bar ỳaly bi goṣguda.
avatar
0
4 Garlawac • 22:07, 07.09.2023
Howwa agyr goşgy düşünip bilene, inçe duýgylaryňy oýarýar. Asmanyma gara bulut ýetip gelen ýaly duýuldy maňa-ha...
avatar
0
5 Seýrаn • 10:15, 09.09.2023
Ýaşuly öpmekden ät galyp, iň bolman goşguda bir ar alaýyn diýendir-dä, köz ýaly gyzyl köwser leblerinden.
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:39, 12.01.2024
"Onuň düşbi, meşhur gözleri mydam..."

Düşbülik - bolýar, emma ol gyzyň gözleri näme bilen meşhurka?

Ine, Elizabet Teýloryň gözleri üýtgeşik lawanda reňki we iki hatar kirpikleri (mytasiýa) bilen meşhur bolan. Bir merhum iňlis aktýory dürli reňkli gözleri, bir amerikan negr aktýory bolsa sallanyp duran çep gabagy bilen meşhurdy.

Garaz, beden agzalarynyň meşhurlygy haýsydyr bir ýagşy-ýaman kadadan çykma
bilen baglanyşykly bolýar.

Bärde beýle zat bardyr öýdemok.

"Gerdenine tylla saçy ýaýylan
Sygan aýalyna pal atdyrdym men..."

Ýewropada blond siganlaryň bardygyny bilýärin, emma bu sebitlerde siganlar garganyň ganaty ýaly saçlary bilen belli. "Sigan ýaly" diýip, köp halklar şeýle adamlara aýdýarlar.

Emma liriki gahrymanymyz saçy himiki işlenen "tylla saçly sigan zenan" barada aýdýan bolsa, onda özüni ýaşamalyga guwanyp oturan (garşy çykýan ýok) pekgeje hökmünde görkezýär.

Şahyryň gözi ol zatlary parran kesmeli. Tipiki bolmadyk zady çynlakaý kabul edip, joşa gelip oturmaly däl.
avatar
0
7 Kyyas • 23:22, 12.01.2024
Goşgydan tankyt gözlemelimi?
Ýa şol duýga ýugrulan awtoryñ suratlandyrmasyny görmelimi?

Hakykatdanam goşgynyñ inçe duýgusyny duýmak kyn däl. Ýönekeýden beýan edipdir.

Sygan aýaly ( biz oña jögi diýsek onda hasam gödeñsi bolar) palçy diýseñ ýene-de ýalan ýaşryk pul gazanýanlar gözöñüne geler. Umuman pal atýan, täleý garaýan millet ( şeýle diýäýmeseñ) syganlar kän şoñ üçin görkezilen. Göwnüni, umydyny bire baglapdyr. Emma unudyp bilmeýändigini aýdypdyr. Gowy goşgy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203