Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:32
Güýzüm

GÜÝZÜM

«Hoş gal!» diýsem aýny ýaşda,
Dembe-dem galarsyň, güýzüm.
Ýüregimde köne baş deý
Dömmeden galarsyň, güýzüm.

Ömür-pursat baga seýil
(Geçip barsa näm edeýin?)
Bir bigünä çaga deýin
Emmeden galarsyň, güýzüm.

Aýlap, pasyllap, müçeläp,
Akarsyň ýaplap, köçeläp,
Ýapragyň pul deý seçeläp,
Teňňeden galarsyň, güýzüm.

Hudaýyň sözi deý kämil,
Derdiňe düşündim kän ir.
Sary gyz deý ter hem tämiz,
Gül beden galarsyň, güýzüm.

Ter gülleri edip ahmal,
Töňňeden galarsyň, güýzüm.
Sen diňe bir şahyrdan däl,
Hemmeden galarsyň, güýzüm.

© Gurbandurdy ORAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 55 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203