Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:17
Gysga miniatýuralar
GYSGA MINIATÝURALAR

Oňa "Ýorganyňa görä aýak uzatgyn" diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.

***

Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.

***

Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň "ýüz ýyldan" soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl...

***

Durmuşyny, gör, näçenji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi...

***

Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi...

***

Näçe ösdügiçe adamyň aňy,
Durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar.

***

Oglan "söýgi" sözlerine aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerden başga bir ýigdiň keşbini gördi...

***

Oňa "sen çaga ýaly" diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk!

***

Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar... Ol entek hiç zadam ýazmandy...

***

Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken...

***

Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. "Gapysyz hem ulag bolarmy?" diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi...

***

Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. "Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!".

***

Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy...

***

Oňa Adam bolmagy beýik adamlar öwretmändi...

***

Öýüne girjek bolanda, açary öýüň gapysyny açmady... Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni "ogurlan" ekenler...

***

Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi...

***

Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäýdi...

***

Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy...

***

Oňa "aýagyňy ters basýaň" diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi...

06.10.20 ý.

© Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
Bölümler: Kesgir sözler | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Teg: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Atsyzatly • 10:52, 08.12.2023
Awtory näbelli bolsa-da belläp alan miniatýuralarymdan:

Illeň maňlaýy daş ýarsa, daş munuň maňlaýyny ýarýa.

* * *

Geçmişine atanak çekdi, şeýdibem geljeginiň öňüne böwet basandygyny duýmady.

* * *

Üýşmeleňde dymman gürleýärdi, oturanlar bolsa dymyp, onuň sözlerini ýalana çykarýardylar.

* * *

"Dünýäden doýdum, sapança tapsam özümi atjak" diýip bir ýyllap käkeledi. Ahyry, öz sapançamy eline tutdurdym weli: "Gaýraty kim bererkä?" diýdi.

* * *

Bir adam ömründe ilkinji sapar öz durmuşyndan nalamady, çünki, şol güni onuň damagy agyryp, sesi çykman galypdy.

* * *

Umytdan düşülensoň, hyýala münülenok.

* * *

Edilmeýän ynamy ödäp bolanok.

* * *

Bular ýaly oglany gündüziň günortany eliň çyraly gözleseňem tapyp bilmersiň, diňe özi gije bir ýerden doňup çykaýmasa.

* * *

Aýalyny, çagalaryny taşlap, bagtyň gözlegine çykdy.

* * *

Ýöne ýazdym, gaty pikire batyrdy.

* * *

Ýazýan kitabynyň soňuna ýetende, başyny nämeden başlamalydygyna düşündi.

* * *

Edebiýat meýdany kärendesine berlenok.
avatar
0
2 Medicall • 16:37, 08.12.2023
beee, Goçmyradama bir zatlar diýýär öz-ä:

"Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň "ýüz ýyldan" soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl...'
hawa, ýene ýüz ýyljykdaý)))))
avatar
0
3 Seýrаn • 20:31, 08.12.2023
Pikirden doly gowy miniaturalar. Ýöne gysga sözi artyk bolupdyr. Miniatura şeýle-de gysga bolýar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202