Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:02
Saña barýan ýolda

SAŇA BARÝAN ÝOLDA

Ine, saňa barýan ýol. Ol gaýralygyna tigirlenen ýumak ýaly uzalyp gidýär. Ýüregimiň üstünden geçýän ýaly, oňa halys mährimi beripdirin. Kä ýerde, kä ýerde otlar dürterişip dur diýmeseň, onda göze ilerlik zat ýok. Bolmanda, ol ýodada köwüş «tozdurmanyma» indi kän wagt boldy ahyry . Geçen günleri sanasaň, on barmagyňy eslije açyp-ýummaly bolar. Dogrusy, ony ýatlamagyma näme sebäp bolduka?!

Ol günler… Üç nokadyň yzynda üç ýylyň söýgüsini gizläp ýatan «ol günlerde» günümiz diýseň basym geçdi. Sebäbi seniň hem, meniň hem söýgimiz edil gumrynyňky ýalydy. Gumrular öz taýyna wepaly bolýar diýýärler. Olar taýyny-da, höwürtgesini-de çalyşmaýarmyş . Belki, bu hakykatdyr hem. Ýöne meniň hem gumrynyňka gaýra dur diýdirýän söýgimi hiç bir zada çalyşmajagym çyn. Ýüregim käte dar «kapasada» karar tapman, daşyna çykarly görünýärdi. Ol bütin dünýämi gysymynda gysypdy. Ol günlerde, gör, näçe arzuwlar, süýji umytlar ýatyrdy.

Dogrusy, saňa barýan ýoldan düşmezdim. Onda, häzirkisi ýaly, gök otlar hem ýokdy, eliň aýasy ýaly giň ýoldy. Aýak yzlary hem mese-mälim bildirer durardy. Ýöne ol ýoldan başga bir yz—welosipediň tigirleriniň yzlary zygyr-zygyr «gatnardy». Welosipediň sürüjisi saçlary ýeňsesine gaýtarylan, gür gaşlary birleşen, üst-başy tämiz pyýada—mendim. Ýüregimiň suwlujadygy hiňlenip barşymdan hem bellidi. Keýpim kökdi. Seni görjekligim baradaky pikir böwrümi «gyjyklaýardy»—begenýärdim. Göýä welosipedimiň tigirleri hem ýere degmän, howada gaýyp barýan ýalydy.

Haýran galaýmaly, gözüňi ýolda «gömüp» goýan ýaly, gelen çagym küýzäňi goltuklap, sen hem öňümde peýda bolardyň. Kän garaşdyrmazdyň hem. Ana, onsoň, hezilligimiz «kekirdege» çykardy. Suw küje, zat küje. Öýkeni çykyp duran ala meýdana seýle giderdik. Saňa barýan ýolda telim sapar gatnalandyr. Asyl, görüp otursam, bu zatlardan öýüňizdäkiler hem habarly eken. Bir gün ikimiz kakaňa pete-pet duş geläýmerismi?!

Men welosipedimiň roluny kakaňdan sowjak bolup, tasdanam ýere ýazylypdyk. Sen yzyňa—oba garşy düňk ýasadyň. Men kakaň nazaryndan «sowuljak» bolup, ne yza ýöreýärdim, ne-de öňe. Welosipedimiň düýbünden ters tarapa öwrülen ugruny düzetjegem bolman, öňe tarap dyzadym. Onuň zynjyryna çolaşyp, tas tüwdürilipdim. Meniň pikirimçe, ol hökman bir ýumrugy suňşuraýmalydy. Beýle bolmady. Ol gaşyny bürüşdirip, dodaklaryny düşnüksiz müňňüldedip, seniň giden yzyňa—oba tarap ädimläp ugrady.

Bir gün siziň köçäňizden ýöräp geçmeli boldum. Muny seniň kakaň buýranmyş. Seniň aýtmagyňa görä, öýüňizdäkiler meni mazaly göz «eleginden» geçirjekmişler. Ine, saňa tomaşa, oýun. «Birdenkä aýaklarym diýen etmän bulaşybersem, welosipedimden ýapyşaryn» diýen pikir bilen ony hem ýanyma höwür edindim.

…Siziň öýüňiziň gabadyndaky köçeden «etek alty, ýeň ýedi» bolup geçip gaýtdym. Geçenimden soň hem, yzyma garap esli durupdyryn. Kino lentasy ýaly, ähli hereketlerim göz öňüme geldi. Nädürs hereketim göze ilmänsoň, ýyrş-ýyrş edip, çaga ýaly begendim. Birhaýukdan sen ýetip geldiň. Dodaklar hem kemiş-kemiş edip, pyşyrdaýardy: «Ýörände, çalt ýöreýär. Howlukmaç. Entek doly aýak üstünde durup bilmegi öwrenmändir… Baryň, aýdyň, tolgunyp ýörmesin, habarymyzy alybersinler».

Seniň däl-de, kakaň agzyndan çykandygy üçin bu sözlere birbada düýrükdim. Ýöne seniň uçjak guş ýaly «pasyr-pasyr» edişiň meniň ähli şübhämi el bilen aýrylan ýaly etdi.

…Ine, men ýene-de saňa barýan ýolda. Bu ýolda welosipedimiň kaşaň «gelnalyja» öwrülişi, onuň bilen tutuş oba aýlanyp, adamlara «göz» bolanymyz, adamlaryň seni ýüzlerine sylyşlary… ähli zat ýadymda galypdyr. Ondan bäri eslije wagt geçdi. Şol arsyly welosipedimiz hem häzirki wagtda «dynç alşa» çykdy. Men indi ol ýoldan pyýada gatnaýaryn. Ol ýoluň çatrygynda biziň jaýymyz ýerleşýär. Her gün asmanyň guýrugy ýaly Göge birleşip gidýän bu ýoluň «mährinden» ganyp bilmän, seýle çykýaryn. Onda meniň nämedir bir zadym gaçyp galan ýaly. Bu ýolda ýaşlyk ýyllarymyzyň bir sahypasy galypdy ahyry. Ony şol ýola biten çaýyrdyr gök otlardan başga bilýän ýok…

© Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Балканов • 01:10, 24.03.2024
Örän gowy eser! 
Meniň pikirimçe, çeper eseriň rubrikasynyň haýsam bolsa bolsa bir źanra (liriki oýlanma, şygyrly proza, prozaly şygyr, durmuş pelsepesi, kyssa we ş.m.) degişlidigini eseriň adynyň aşagyndaky ýaýyň içinde görkezilse has gelşikli bolaýjak ýaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203