Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:59
«Ýüregňi gyýmasyn inçejik gussa...»

Şowhunly öýleler boldy ikindi,
Biz birek-birege keseki, ýa:tdyk.
Geýilmän taşlanan köýnek deý inni,
Sen meniň kalbyma bereňok şatlyk.

Ýüregňi gyýmasyn inçejik gussa,
Nämä gerek bir-biregi örtemek?!
Käte kalbyň sojap, ýüregiň gyssa,
Şatlan, öz janyňу ýakanňa derek!

Ýatlamalar bermez sonsuz şatlygy,
Gaýta olar seni irizer basym.
Sen maňa bagty däl, hem betbagtlygy
Bereniň üçinem Taňryýalkasyn!

Ýaşa, ömür iki gezek ýaşalmaz,
Şat bol, gaýgy-gussa göwne kerepdir.
Ah bagtly bolmagy kimler başarmaz,
Bagtsyzlyga welin, gaýrat gerekdir...

© Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 107 | Mowzugy paýlaşan: Katalizator | Teg: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Katalizator • 09:59, 26.12.2023
Goşgynyň adyny bilmedim. Bilseňiz belläp geçäýiň.
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 10:19, 26.12.2023
"Bagtsyzlygy kimler başarmaz, bagtlylyga gaýrat gerek" diýen pelsepe hem bar.

Ýöne pelsepe ruhy ahwalatyňa baglylykda üýtgäp durýan bolmaly-da.

Şu wagt liriki gahryman üçin , elbetde, özüniňki dogrudyr
avatar
0
3 Мango • 01:39, 27.12.2023
şujaşşa setir, pikir gyzyklydan jedelli:

Ah bagtly bolmagy kimler başarmaz,
Bagtsyzlyga welin, gaýrat gerekdir...

bagtly bolmagy her kes başaraduron bolsa, o zaman neden adamlar bagtsyzlykda galsyn?
ýöne bagtla-da, bagtsyza-da Allah gaýrat bersin diýägoýaly.

Goç däde gouja ýazagan.
bu goşgam gouja.
özi bamaý şörde şoň, heý bilýen bamy?
avatar
0
4 Мango • 01:42, 27.12.2023
Käte kalbyň sojap, ýüregiň gyssa,
Şatlan, öz janyňу ýakanňa derek!

ýokarky setirem öňem bir şaheleýiň "adamlar çörek iýmesin, tort iýsin" diýişini ýatlatdy.

– ýüregiň gyssa - ŞATLAN!
– bolýa. ýöne nädip?
avatar
0
5 Ýaran_Ýagmyr_99 • 02:07, 27.12.2023
Goşga sözüm ýok, goşguda näme diýseň bolar. Belki şahyrana hakykatdyr.

Ýöne bagtsyz bolmagyň iň aňsat zatdygyna, hut bagtly bolmakda işiň bardygyna kim ynanmaýan bolsa, durmuşyň özi oňa kemsiz ynandyrar iň soňunda.

Özem bagt diýlende hökman maddy nygmatlar ýa-da sosial dereje ýaly zatlar göz öňünde tutulmak däldänim, esasan ruhy ýagdaýyň barada gürrüň gidýär.
avatar
0
6 Балканов • 00:58, 24.03.2024
Örän aýdyň beýan edilen duýgy!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202