Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:30
Kemlik kellede bolsa

KEMLIK KELLEDE BOLSA

Gaçarak gez gahardan,
Erkiň elde-de bolsa.
Tene batmak käridir,
Tiken gülde-de bolsa.

Ýakmasa-da gözüňe,
Süýjülik çaý sözüňe,
Basalyk ber özüňe,
Ýürek ýelli-de bolsa.

Diňläniňde arzy-hal,
Etmegin «depme-halal»,
Bileniňi aýdyp gal,
Öňden belli-de bolsa.

Şer ýoluny ýapjak bol,
Işi haýra sapjak bol,
Ýagşy ýerin tapjak bol,
Mekir-a:lly-da bolsa.

Giňiräk aç gözüňi,
Saldarlap diý sözüňi,
Artyk saýma özüňi,
Adyň dilde-de bolsa.

Öňden aýdylan gepdir,
Aslyň bitewi kökdür,
Dogana toba ýokdur,
Kesbi zille-de bolsa.

Senaly, parh eýle sen,
Diliň haky söýlesin,
On bir syna neýlesin,
Kemlik kellede bolsa.

Didarberdi ALLABERDIVEW

"Garagum" 2023ý
Bölümler: Goşgular | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Didarberdi Allaberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203