Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:05
Migel Anhel Asturias Rosales

Migel Anhel Asturias Rosales (ispança: Miguel Ángel Asturias Rosales) 1899-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Gwatemalada doglup, 1974-nji ýylyň 9-njy iýunynda Ispaniýanyň Madrid şäherinde aradan çykan, ýazyjy we diplomatdyr.
M.Asturiasyň kakasy ispan-hindi garnuwly (metis) kazy ekeni. Ol 1923-nji ýylda San-Karlos uniwersitetini hukuk öwreniş hünäri boýunça magistr derejeli tamamlapdyr. Şol ýylda-da Angliýa syýasy ykdysadyýeti öwrenmäge gidip, birnäçe aý Londonda bolandan soň, Pariže göçüpdir.
1946-njy ýyldan başlap ol diplomatik gullukda işlemäge başlapdyr. 1954-nji ýylda bolsa, Gwatemalada bolup geçen harby agdarylyşykdan soň, 12 ýyllap, ýurduň daşynda, sürgünde gezipdir.
M.Asturias 1967-nji ýylda “Latyn Amerikasynyň hindi taýpalarynyň däplerine we dessurlaryna gyzyklanma esaslanýan ýiti döredijilik üstünlikleri üçin” Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. 1966-njy ýylda bolsa oňa “Halklaryň arasyndaky parahatçylygy pugtalandyrmak üçin” SSSR-iň iň abraýly baýragy bolan Halkara Lenin baýragy berlipdir.
M.Asturias öz eserlerinde maýýalaryň halk döredijiliginiň we rowaýatlarynyň düzüm böleklerini özüne döwürdeş bolan jemgyýetçilik-syýasy hadysalaryň durmuşy hakykatyna laýyk gelýän şekili bilen utgaşdyrypdyr.
M.Asturias döredijilige şygryýetden başlapdyr. Uzagyndan oň ilkinji goşgulary “Şygryýet: torgaýyň ýürek urşy, 1949” (Poesía: sién de alondra, 1949) atly ýygyndyda jemlenipdir. Oňa meşhurlyk “Gwatemalaň rowaýatlary” (Leyendas de Guatemala, 1930) atly hekaýalar ýygyndysy 1930-njy ýylda neşir edilensoň gelipdir.
M.Asturiasyň iň adybelli romany: “Jenap prezident” (El señor presidente) 1946-njy ýylda çap edilipdir. Şol eserinde Asturias diýdimzorluk howasyny has ýiti beýan etmek maksadyndan ugur alyp, çeper wagt hem-de giňişlik bilen iňňän dogumly synaglary geçirýär.
Onuň “Mekgejöwen adamlary” (Hombres de maíz) atly romany 1949-njy ýylda çap edilýär. Bu romanda Asturias jadyly realizm žanrynyň ilkinji başlangyçlaryny goýýar. Ol eserinde dünýä hindi mifologiýa aň ýetirişini giňden açyp görkezýär. Bu romany hut şu žanrda ýazylan, “Tupan” (Viento fuerte, 1950) trilogiýasy, “Ýaşyl Papa” (El papa verde, 1954), “Gömülenleň gözleri” (Los ojos de los enterrados, 1960) atly onuň soňky romanlarynyň özboluşly binýady bolup çykyş edýär we ol eserlerde täze kolonializm syýasatyny ýiti tankytlaýar.

Terjime @ Serdar Ataýew
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Boleslaw Prus | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203