Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:07
Tatuana hakda rowaýat

Tatuana hakda rowaýat / hekaýa

Tatuia zyndanlarynda ser-sepil...

Ussat Badam (Mindal), gülgüne sakgally – ak adamlaň altyndan diýip hasaplan keşişleriniň biri, sebäbi olaň lybaslary şeýlebir zynatlydy – melhem otlaryň syryny, ýanardag aýnasynyň (obsidianyň) dilini hem-de ýyldyzlaň sowadyny bilýär.
Ol – agaç, ýöreýän agaç, tokaýda gögeren, ony hiç kes ekmedi, oň tohumyny bolsa ruhlar getirdi. Ol aýlar boýunça uzyn ýyllary dört ýüz günlerde hasaplaýar, aýlary bolsa ol, edil ähli agaçlar dek kän gördi, çünki olar garry Bolluk Ülkesini terk etdiler ahyry.
Haçan-da mahy-taban gelip, “balykçy-hüwi” diýlip atlandyrylýan aý gelende, ussat Badam kalbyny ýollara paýlady. Dört ýol asmanyň dört gyragyna eltýär. Gara gyrak – oraşan ýoda. Ýaşyl gyrak – ýaz ýagşy. Gyzyl gyrak – tropikleň telbeligi. Ak gyrak – täze ýerleň wadasy. Dört ýol.
-Ýol, ýoljagaz!-diýdi Ak ýola Ak kepderi, ýöne ol ony eşitmedi. Ol bolgusyz düýşlerden dynmak üçin kalbyň bölejigini isleýärdi: çagalaram, kepderilerem düýşlerden ejir çekýär.
-Ýol, ýoljagaz!-diýdi Gyzyl ýola Gyzyl ýürek, ýöne ol eşitmedi. Ol onuň kalbyny ýatdan çykmagy üçin onuň aňkasyny aşyrmak isledi. Ýürekler edil suwlar ýaly, hiç zady gaýtaryp bermeýärler.
-Ýol, ýoljagaz!-diýdi Ýaşyl ýola Ýaşyl sekijik, ýöne ol eşitmedi. Ol bolmanda bergileň belli bir bölegini üzmek isledi – pürüň hem saýaň öwezine özgäň ruhuny bermegi.
Näçe aýlap ýollar ýöredi, näçe aýlap?
Iň ýyndamy, Gara, onuň bilen hiç kes ýolda gepleşmändi, şähere sowuldy, meýdançany kesip geçdi-de, söwda rabadynda (kwartalynda) dynç alyp, ussadyň köňlüni bahasyz hazynalaň satyjysyna berdi.
Ak pişikleň sagadydy. Olar diwardan diwara ygýardy, bägüller pajarlap gülleýär hem-de bulutlaram, edil geýim-gejim deý, gögüň ýüpünde serlipdi.
Ussat ýoluň näme edendigini bildi-de, aý astynda, edil badam deý gülgüne gözbaşda suwa düşdi, gabygyny taşlap, ýene-de ynsana öwrülip, şähere ugrady.
Günüň ahyrynda, agşamara, süri yzyna dolanýarka, ol jülgä gelip, çopanlara lak atdy, ýöne olar ýaşyl lybasyna hem gülgüne sakgalyna geň galyp, husyt jogap berdiler.
Şäherde ol günbatara ýöredi. Adamlar çüwdürimleriň ýanynda hümerdi, suw, golçalary dolduryp, näzijek şildirdeýärdi. Kölegeleň yzyny yzlap, ol söwda rabadyna bardy, öz köňlüniň ülüşjigini tylla gulply aýna sandyjakda gördi.
Haýal etmän künjekde çilimleýän täjiriň ýanyna baryp, oňa merjeniň ýüz arrobyny (arrob – 11,5 kg agram ölçegi) hödürledi.
Täjir ýyrşardy. Nähili merjen? Onuň hazynalary bahasyz.
Ussat söwdagärleň söwdalaşýandygyny bilýärdi, oňa edil mekgejöwen däneleri deýin iri zümerret kölüni teklip etdi.
Täjir ýyrşardy. Nähili köl? Onuň hazynalary bahasyz.
Ussat oňa tumarlary hödürledi, suw çykarmaga ukyply sugunyň gözüni, harasady köşeşdirýän ýeleklerem, kenep külkesinem...
Täjir ýan bermeýärdi.
Ussat oňa edil zümerret kölüň ortasynda köşk gurmaga ýeterlik gymmatbaha daşlary teklip etdi.
Söwdagär ýan bermedi. Onuň hazynalary bahasyz, haçan-da kalby ol iň ajaýyp gyrnaga çalşyp bilýärkä, biderek çekeleşmek nämä gerek.
Hiç zatdan peýda bolmady, ussat, ýalançydaky hiç zat bilen öz köňlüniň bölejigini satyn alyp bilmeýärdi. Täjirlerde ýürek ýok.
Tüsse erişjigi düýşi oýalykdan saýrylaşdyrýar, ak pişikleri – garasyndan, ussady – täjirden. Çykyp barýarka, ussat, aýagyndan dükanyň külüni silkdi. Kül howply.
Geçdi, hekaýatyň aýtmagyna görä, dört ýüz günlük ýyl. Alys ýurtlardan dolanyp gelýän täjir, daglaryň üsti bilen geçip barýardy, ajaýyp gyrnak bilen, sünbüleleri (giasintleri) bal damjasyna öwürýän güljagaz-guş bilen hem-de wepaly hyzmatkärleň hümeri bilen.
-Sen bilýänem dälsiň,-diýip ol, at başyny çekip, gyrnaga aýdýardy:-sen bilýänem dälsiň, paýtagtda nähili ýaşajakdygyňy! Köşk bolar öýüň seniň, hemme sadyklarym gullugyňda ýörer we özümem – menem sadyklaň iň soňkusy! Şo taýda,-diýip ol güne garşy ýarym gaňrylyp dowam edýärdi:-şo taýda hemme zat seniňki. Sen – hazyna, men bolsa – bahasyz gençleň täjiri. Sen meniň zümerretleň tutuş kölüne çalyşmadyk şol köňül ülüşjigine degýärsiň. Tor sallançakda ýatyp, biz günüň dogşuna hem ýatyşyna syn ederis, süýji bikärlikde garry albassyň ertekilerini diňläris, ol meniň ykbalyma belet. Şo takdyrymam, eger-de oňa ynansaň, mähnediň golundamyş. Eger-de sen haýyş etseň, özüňkiňem nähilidigini bilersiň.
Gyrnak töweregine garap, görýärdi, ähli güller gök reňke geçip, uzaklarda eräp gidýärdiler. Ýol gyrasyndaky agaçlar, hindi hatynlarynyň köýneklerini bezeýänlere çalymdaş keşdeleri dokaýardy. Guşlar düýşdäki ýaly, ganatsyz uçýardylar, aşakda bolsa, daşyň dymyşlygynda, haýwanlar daga dyrmaşýarka adampisint myşlaýardy.
Gyrnak ýalaňaçdy. Onuň göwsünde akyp, aýagyna çenli saçynyň gara çogdamy gaçýardy. Täjir boýdan-başa tylla basyrylandy, egninde geçi ýüňünden ýapynja ýatyrdy. Ol ysgynsyzlykdyr söýgüden ýaňa saňňyldaýardy. Ýantutar otuz atlysy oňa düýşüň salgymlary bolup görünýärdi.
Birdenem birnäçe damja ýola gaçdy, aşakda bir ýerlerde-de, mallary çagyrýan çopanlaň gohy eşidildi. Atlylar, penahana çaltrak ýetmek üçin atlaryny gyssady, ýöne bary bihuda: ýel bulutlary tary-mar etdi, tokaýlary tä jülgä çenli egdi, hemme zat dumanyň çygly ýapynjasy bilen örtüldi hem-de edil mejnun suratçy harasady surata almakçy bolýan dek, ilkinji ýyldyrymlar ýalpyldady.
Atlar myçyp barýardy, jylawy üzüp, ýer ýüzünden gaýyşyp, ýalyny ýele ýaýyp, gulaklaryny ýapyryp. Olaryň biri täjir eýerden uçurdy, ol ýaňyja ýyldyrymyň çat açdyran agajyna garşy zyňyldy. Edil daş garban el deýin agaç ony garsa tutdy-da, girdaba oklady.
Edil şol pille-de, şäherde azaşan ussat, köçelerde däli deýin kaňkap, çagalary gorkuzýardy, zir-zibil çöpläp, eşekler, gatyrlar, öýsüz itler bilen gepleşýärdi, sebäbi olaryň gözlerem edil adamlaňky ýaly gamgyndy.
-Ýollar näçe aýlap ýöredi?-diýip ol ähli gapylaň öňünde dillenýärdi, ýöne oňa jogap bermän, işikleri temmeleýärdiler, onuň ýaşyl lybaslarydyr gülgüne sakgalyna haýran galyp.
Wagt geçýärdi, ol hemmelerden sorap, ahyry, ine bir gün öň söwdagäriň ýaşan öýüne ýetdi-de, ýeke özi tupanda diri galan gyrnakdan sorady:
-Ýollar näçe aýlap ýöredi?
Gün, ertiriň ak köýneginden kellesini çykaryp, gabsaň arasynda, ussadyň arkasyna-da, zümerretleň deregine berilmedik ruh bölejigi bolan şol gyrnagyň garaýagyz ýüzüne-de kümüşdir altyn çaýdy.
-Ýollar näçe aýlap ýöredi?
Jogaba derek gyrnagyň dodaklary büzüldi, onuň dişleri deý gatady. Ussat, edil oraşan daş dek, hötjetlik bilen dymýardy. Balykçy-hüwiň mahymy-tabany gelip ýetdi. Gyrnak bilen ussat, edil uzak aýralyga döz gelen aşyklar kimin, biri-birini nazarlary bilen ýuwdular.
Zenzele olary gorkuzdy. Hudaýyň hem patyşanyň ady bilen olary jyn uran hatyn we jadygöý hökmünde tutdular-da, haçlaryň hem gylyçlaryň lowurdysynda zyndana alyp gaýtdylar, ussady ýaşyl lybasynda hemem berk bedeni bürünç bolup ýyldyraýan gyrnagy.
Ýedi aýdan soň, olary ýakmaga höküm etdiler. Jezaň öňüsyrasynda ol oňa ýakynlady-da, onuň elinde kiçijik gämiň şekilini çyzyşdyryp, diýdi:
-Tenşekillenen Tatuana, sen hemişe, edil şu wagtkyň ýaly zalym ajaldan gaçyp bilersiň. Men seniň edil meň pikirim deý erkin bolmagyňy isleýärin. Bu gämijigiň suratyny diwarda, otagastynda, islän ýeriňde çekip, gözleriň ýum, soňam oňa mün-de, halas bol.
Halas bol, çünki meň pikirim toýun mähnetden mäkämdir.
Meň pikirim sukinaý gülüniň balyndan datlydyr.
Pikirim meniň – ol göze görünmezege öwrülip bilýändir.
Birje pursadam eglenmän, Tatuana tabyn boldy: gämijigi çekdi, oňa mündi, gämi ony ölümden hem bendilikden halas edip äkitdi.
Ertesi gün bolsa zyndangähler zyndanda, heniz sütüninden gülgüne güljagazlary gopmadyk gury agajy tapdylar.

© Migel Anhel Asturias
Terjime @ Serdar Ataýew
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Boleslaw Prus | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 derwushhana • 15:55, 16.02.2024
Meň aň ýeter derejämden has beýik eser ýa-da terjime gowy çykmandyr. Garaz, ne düşündim, ne bir käbir düşnüksiz zatlardan lezzet alyp bolşy ýaly lezzet alyp bildim. Diňe okadym we ýadadym
avatar

Старая форма входа
Total users: 203