08:58 Mansuryñ taryhy / 2 | |
PYGAMBER MUHAMMET MUSTAPANYŇ (OŇA ALLANYŇ SALAMY WE SALAWATY BOLSUN) DOGLUŞY Muhammet sallallahy alaýhy wesellem pil ýylynyň Dört tirkeşiginiň birinji aýynyň on ikisine hepdäniň Başgüni jahan ýagtylmazynyň öňüsyrasynda Mekgede doguldy. Onuň doglan wagtyndan şu ýyla çenli hijri senesi boýunça alty ýüz ýigrimi dört ýyl geçipdir. Käbir taryhçylaryň ýatlamagyna görä bolsa, Muhammet pygamber pil ýylynyň Dört tirkeşiginiň birinji aýynyň sekizine hepdäniň Başgüni gije doglupdyr. Şol wagt ýyldyz Jedi burçunyň ýigrimi derejesindedi. Müşteri bilen Zuhal bolsa, asmanyň orta derejesiniň ýakynynda ýerleşen akrap ýyldyzynyň üçünji derejesinde ýerleşipdi. Muhammet pygamber alaýhyssalamyň kakasy onuň dogulmagyndan iki aý öň dünýäden ötdi. Soňra ony emdirer ýaly eneke gözlenip, ýedi gün bolanynda enekä tabşyrdylar. Muhammet alaýhyssalam bäş ýaşyna ýeteninden soňra, ony öz ejesine gaýtaryp berdiler. Ejesi ony şähere daýylarynyň ýanyna alyp gitdi. Soňra olar Mekgä dolanyp gelýärkäler, Muhammet alaýhyssalamyň ejesi wepat boldy. Şol wagt ol alty ýaşyndady. Soňra ol sekiz ýaşyna ýetýänçä, atasy Abdylmuttalybyň elinde boldy. Şol wagt Abdylmuttalyp bir ýüz on ýaşyndady. Soňra ol agasy Abu Talyba tabşyrylyp, dört ýyllap onuň elinde boldy. Pygamber Muhammet alaýhyssalam on iki ýaşyna ýeteninde, agasy Abu Talyp bilen Şama gidip, ol ýerde az wagt bolanyndan soňra, Mekgä dolanyp geldi. Ol ýigrimi bäş ýaşyna ýeteninde, agasy bilen Şama gidip, Hatyjanyň hyzmatynda söwda işleri bilen meşgul boldy. Muhammet pygamber Şama baryp geleninden iki aý we birnäçe gün geçeninden soňra kyrk ýaşyndaky Hatyja öýlendi. Käbäniň täzeden bina edilmegi bilen Muhammet pygamber kuraýyşlara ýolbaşçylyk edip başlady. Şol wagt ol otuz bäş ýaşyndady. Ol kyrk ýaşyna ýeteninde, Oraza aýynda Jebraýyl alaýhyssalam oňa Allatagalanyň hatyny getirip berdi. Aýtmaklaryna görä, ol gije gelipdir. Şol wagt Muhammet pygamber alaýhyssalam ukuda ýatyrdy. Ol hatda «Galam» süresinden bäş aýat bar eken. Muhammediň pygamberligine ilki onuň aýaly Hatyja ynanypdyr. Soňra oňa şol döwürde on bir ýaşyndaky Aly ynanypdyr. Şondan soňra Muhammediň Allanyň ilçisidigine Zeýt ibn Harys ynanypdyr. Onuň yzysüre oňa Abu Bekr (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) ynanypdyr. Soňra bolsa Osman, Talha, Zübeýr, Abdyrahman ibn Awf, Sagt ibn Abu Wakgas dagy Muhammede ynanyp, yslam dinini kabul etdiler. Şondan soňra Abu Ubeýt ibn Jarrah hem yslam dinini kabul etdi. Bu dokuz adam ilkinji bolup, Muhammediň Allanyň ilçisidigine ynanan adamlardyr. Olar Alla tarapyn gelen emre üç ýyllap gizlinlikde amal etdiler. Soňra Allatagala ony adamlaryň arasynda ýaýratmak barada emr etdi. Şu wakadan soňra Muhammet pygamber Alla tarapyn gelen emri ýaýradyp başlady. Muhammede pygamberlik inderileninden on ýyl geçeninden soňra, onuň agasy Abu Talyp segsen ýaşynda wepat boldy. Bu pajygaly wakadan üç gün geçeninden soňra altmyş bäş ýaşyndaky Hatyja dünýäden ötdi. Giň düşündirişi talap edýän Muhammet baradaky habarlary we onuň başdan geçiren söweşlerini gysga görnüşde ýatlap geçmek asla mümkin däldir. Şonuň üçin ol söweşler barada bu ýerde hiç zat agzamadyk. Ýogsa yslamyýetde pygamber alaýhyssalamyň çagyryşy bilen birnäçe söweşler bolup geçendir. Muhammet pygamber alaýhyssalamyň sypaty Muhammet pygamber ak ýüzli, giň maňlaýly, bitişik gaşly, dik burunly, gür sakgally, döşlek, gözüniň göreji gara, saçy aşak goýberilen, nurana ýüzli adam bolupdyr. Ol göç edeninden on ýyldan soňra altmyş üç ýaşynda dünýäden ötdi. Şu maglumat iň takyk rowaýatlaryň biridir. Bu pany dünýä bilen hoşlaşan Muhammet pygamberi Aly, daýysy Apbas we Pazyl dagy ýuwdy. Şol wagt Aly onuň ýüzüni döşüne ýaplap saklady we onuň ogullary Hasan bilen Hüseýin bolsa suw akytdylar. Soňra Muhammet pygamberi Aly, Apbas we Pazyl dagy öz aralarynda ýatyryp, ony soňky ýola ugratmak üçin ähli şertleri berjaý etdiler. Muhammet pygamber Medinede wepat boldy we şol ýerde jaýlanyldy. Bu wakalar Muhammet pygamberiň ömür-beýanyny öwrenmekde möhüm maglumatlardyr. Pygamber alaýhyssalamdan soňky hökümdarlyk eden halypalaryň beýany Abu Bekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) iki ýyl üç aý sekiz gün halypalyk etdi. Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) on ýyl alty aý on ýedi gün halypalyk etdi. Osman ibn Affan (goý, Alla ondan razy bolsun!) on bir ýyl on bir aý ýigrimi iki gün halypalyk etdi. Aly ibn Abu Talyp (goý, Alla ondan razy bolsun!) dört ýyl dört aý halypalyk etdi. Hasan ibn Aly alaýhyssalam bolsa Mugawyýanyň döwrüne çenli alty aý üç gün halypalyk etdi. Mugawyýa ibn Abu Sufýan on dokuz ýyl üç aý ýigrimi bäş gün halypalyk etdi. Ýezit ibn Mugawyýa üç ýyl sekiz aý halypalyk etdi. Mugawyýa ibn Zeýt ibn Mugawyýa üç aý ýigrimi iki gün halypalyk etdi. Ol özünden soňra halypalygy kimiň dolandyrmalydygy barada wesýet etmedi. Netijede Merwan ibn Hekem hökümdarlygy güýç bilen almaga mejbur boldy. Abdylla ibn Zübeýr dokuz ýyl on bir aý üç gün halypalyk etdi. Abdylmälik ibn Merwan on iki ýyl dört aý bäş gün halypalyk etdi. Welit ibn Abdylmälik dokuz ýyl dokuz aý ýigrimi dokuz gün halypalyk etdi. Süleýman ibn Abdylmälik iki ýyl ýedi aý ýigrimi dokuz gün halypalyk etdi. Omar ibn Abdyleziz (goý, Alla ondan razy bolsun!) iki ýyl bäş aý on üç gün halypalyk etdi. Hyşam ibn Abdylmälik on dokuz ýyl sekiz aý ýigrimi gün halypalyk etdi. Welit ibn Ýezit bir ýyl iki aý ýigrimi bir gün halypalyk etdi. Welit öldürileninden soňra, onuň ogly iki aý ýigrimi bäş gün halypalyk etdi. Ýezit ibn Welit iki aý dokuz gün halypalyk etdi. Ybraýym ibn Welit iki aý on bir gün halypalyk etdi. Beni Ümeýýe taýpasyndan bolan başga biri Merwan ibn Muhammet bolsa Abu Müslim Horasanlydan ýeňleninden soňra mejbury halda halypalygy taşlap, Müsür welaýatlaryndan biri bolan Abusyr welaýatyna gitmeli boldy. Soňra ol şol ýerde öldürildi. Ol jemi bäş ýyl iki aý halypalyk etdi. Şundan soňra Beni Ümeýýe döwleti doly tamamlandy we Beni Apbas döwleti ýurt başyna geçdi. Saffah diýip atlandyrylan Abu Muhammet ibn Abdylla dört ýyl sekiz aý iki gün halypalyk etdi. Soňra onuň dogany Mansur ýigrimi bir ýyl on bir aý sekiz gün halypalyk etdi. Mäti on ýyl, bir aý, on iki gün halypalyk etdi. Mätiniň halypalykdan Boşandygy baradaky habar bäş günden soňra Hädä ýetdi. Şunlukda, Hädi bir ýyl, bir ýarym aý halypalyk etdi. Harun Reşit ýigrimi üç ýyl iki aý on ýedi gün halypalyk etdi. Halypalygyň baştutansyz galandygy baradaky habar on günden soňra Emine ýetdi. Emin ibn Harun Reşit dört ýyl bäş aý iki gün halypalyk etdi. Mamun Abu Abdylla ibn Harun ýigrimi ýyl bäş aý ýigrimi iki gün halypalyk etdi. Mugtasym Ahmet ibn Harun sekiz ýyl sekiz aý sekiz gün halypalyk etdi. Wasyk bäş ýyl dokuz aý alty gün halypalyk etdi. Mütewekkil on dört ýyl dokuz aý dokuz gün halypalyk etdi. Mugtasym üç ýyl dokuz aý bir gün halypalyk etdi. Mugtaz üç ýyl alty aý ýigrimi bäş gün halypalyk etdi. Mäti on bir aý ýigrimi gün halypalyk etdi. Mugtamyt ýigrimi üç ýyl iki aý halypalyk etdi. Mugtazyt on ýyl sekiz aý ýigrimi üç gün halypalyk etdi. Müktefi alty ýyl alty aý ýigrimi üç gün halypalyk etdi. Muktadyr ýigrimi dört ýyl iki aý on gün halypalyk etdi. Kahyr bir ýyl bäş aý ýigrimi üç gün halypalyk etdi. Razy ýedi ýyl halypalyk etdi. Muttaky ibn Muktadyr üç ýyl on bir aý halypalyk etdi. Onuň halypalyk eden döwründe gurakçylyk bolup halk örän kyn ýagdaýy başdan geçirmeli boldy. Müstekfi ibn Müktefi bir ýyl dört aý halypalyk etdi. Mutyg ýigrimi dokuz ýyl dört aý bäş gün halypalyk etdi. Haçanda ol tussag edilip, hökümdarlykdan çetleşdirileninde, onuň bir gulagy kesildi. Kadyr Billä ady bilen tanalan Apbas Ahmet ibn Ishak Muktadyr kyrk bir ýyl üç aý halypalyk etdi. Ol segsen alty ýyl dört aý üç gün ýaşady. Kaýym ady bilen tanalan Abu Japar Abdylla ibn Ahmet ibn Kadyr kyrk dört ýyl sekiz aý üç gün halypalyk etdi. Zahyranyň halypalyk eden döwri barada adamlaryň arasynda çapraz pikirler boldy. Ol bolsa Muktady ibn Zahyradyr, ol on dokuz ýyl bäş aý iki gün halypalyk etdi. Mustazhyr ibn Muktady ýigrimi bäş ýyl bäş aý iki gün halypalyk etdi. Müsterşit ibn Mustazhyr on ýedi ýyl sekiz aý halypalyk etdi. Reşit ibn Müsterşit bir ýyl halypalyk etdi. Müktefi ibn Mustazhyr ýigrimi üç ýyl bir aý bir gün halypalyk etdi. Mustanjyt Ýusup ibn Ymam Müktefi on iki ýyl ýedi aý ýigrimi iki gün halypalyk etdi. Nasyr Lidinillä Abu Apbas Ahmet ibn Mustazy Billä kyrk alty ýyl on aý we birnäçe gün halypalyk etdi. Zahyr ibn Nasyr dokuz aý on dört gün halypalyk etdi. Alynyň nebereleri Patymy ogullarynyň taryhynyň beýany Mäti Billä Abu Muhammet Abdylla iki ýüz altmyşynjy ýylda doguldy. Soňra ol iki ýüz togsan altynjy ýylyň Gurban aýynyň ýedisine hepdäniň Dynçgüni günbatardaky Sejlemäse diýen ýere bardy. Iki ýüz togsan dokuzynjy ýylyň Dört tirkeşiginiň ikinji aýynda ol döwlet başyna geçdi. Soňra ol Mätiýe diýen ýere baryp, ol ýerde gala gurdurdy we üç ýüz sekizinji ýylda ol ýerde hökümdar diýlip ykrar edildi. Soňra Mäti Billä Abu Muhammet Abdylla Afrika, köp sanly günbatar welaýatlaryna, günbatar Trablusa, Barka, Sisiliýa hökümdarlyk etdi. Mäti Billä Abu Muhammet Abdylla öz ogly Abu Kasymy birinji gezek üç ýüz birinji ýylda uzak ýurtlara hökümdarlyk etmek üçin ugratdy. Ol Isgenderiýe, Feýýum we Sagyt şäherlerine hökümdarlyk etdi. Soňra Mäti Billä Abu Muhammet Abdylla ogly Abu Kasymy ikinji gezek hem üç ýüz altynjy ýylda hökümdarlyk etmek üçin Isgenderiýä ugratdy. Aýtmaklaryna görä, ol üç ýüz dokuzynjy ýyla çenli Müsür şäherlerinde hökümdarlyk edipdir. Soňra ol altmyş üç ýaşynyň içinde üç ýüz ýigrimi ikinji ýylda wepat boldy. Abu Kasym umumy ýigrimi bäş ýyl üç aý alty gün halypalyk edipdir. Kakasyndan soňra hökümdarlygy dolandyrmak işi Kaýym Biemrillä ibn Mätä ynanyldy. Üç ýüz otuz ikinji ýylda Abu Zeýt ibn Kendat (Kyndat) oňa garşy söweşe başlady. Netijede, bularyň arasynda köp sanly söweşler bolup, üç ýüz otuz dördünji ýylyň Baýram aýynyň on üçüne Kaýym Biemrillä ibn Mäti dünýäden ötdi. Ol jemi on iki ýyl ýedi aý halypalyk etdi. Mansur Billä Abu Tahyr Ysmaýyl ibn Kaýym üç ýüz ikinji ýylda Mätiýe diýen ýerde dünýä indi. Ol otuz iki ýyl halypalyk etdi. Mansur Billä Abu Tahyr Ysmaýyl ibn Kaýym öz döwrüniň meşhur hutbaçysydy. Ol üç ýüz otuz altynjy ýylyň Aşyr aýynda Abu Zeýt bilen bolan söweşde ýeňiş gazandy. Soňra Mansur Billä Abu Tahyr Ysmaýyl ibn Kaýym Abu Zeýdiň derisini soýup, içini pagtadan doldurmak barada görkezme berdi. Şu wakadan soňra üç ýüz otuz dokuzynjy ýylda ol Mansuryýe diýen ýere baryp, ol ýerde watan tutundy. Mugyz Lidinillä Abu Temim ibn Abu Tahyr Ysmaýyl üç ýüz on dokuzynjy ýylyň Oraza aýynyň on birine Mätiýe diýen ýerde doguldy. Ol ýigrimi iki ýaşynda halypalyk edip başlady. Müsüriň emiri Kafur Ihşit wepat bolan wagtynda, Müsürde harytlaryň bahasy aşa göterildi. Şol wagt bir çöregiň bahasy bir ýüz ýigrimi dirheme ýetdi. Şu wakadan soňra Mansuryň ogly Abu Hasan Jöwheri Müsüre iberdiler. Jöwher üç ýüz elli sekizinji ýylyň Oraza aýynyň on ýedisine hepdäniň Ýaşgüni Müsüri basyp aldy. Onuň barmagy bilen Müsürdäki Ihşidiň ýaranlary we ol ýeriň halkynyň köp sanlysy Şama gaçyp gitdi. Abu Hasan Jöwher üç ýüz elli sekizinji ýylyň Baýram aýynyň ýigrimisine hepdäniň Annagüni Müsüriň ilatyny yzyna çagyrdy. Şu ýylda Medinede onuň adyna hutba aýdyldy. Şu ýylda Ibn Tulunyň metjidinde hem şu iş ýola goýuldy. Mugyz üç ýüz altmyş ikinji ýylyň Meret aýynyň ahyrynda Isgenderiýä ugrady. Soňra Müsüriň baş kazysy we beýleki köp sanly uly emeldarlar şäherden çykyp, ony garşy aldylar. Mugyz şu ýylyň Oraza aýynyň ýedisine Fustat köşgüne bardy. Ol Müsürde iki ýyl ýedi aý boldy. Mugyz umumy ýigrimi bäş ýarym ýyl halypalyk etdi. Ol Kairde we beýleki şäherlerde köp sanly köşkler gurdurdy. Mugyznyň halypalyk eden döwründe şahyr Magryby ölüme höküm edildi. Onuň beýle ýagdaýa düşmegine öz kasydalarynda hökümdary çakdanaşa ýokary derejede öwenligi sebäp boldy. Nizar üç ýüz kyrk dördünji ýylyň Aşyr aýynyň on dördüne hepdäniň Ruhgüni Mätiýe diýen ýerde dünýä indi. Ol üç ýüz altmyş bäşinji ýylyň Dört tirkeşiginiň ikinji aýynyň onunda halypalyga ýolbaşçylyk edip başlady. Soňra ol üç ýüz altmyş sekizinji ýylyň Aşyr aýynda Ramla şäherine ýöriş edip, ol ýerdäki Mugazzeddöwläniň ogly Neştekinden üstün çykdy. Nizar Balbis şäherine gelip, ol ýerde az wagt bolanyndan soňra dünýäden ötdi. Ol jemi ýigrimi bir ýyl bäş aý ýigrimi bäş gün halypalyk etdi. Häkim Biemrillä Mansur ibn Eziz Billä üç ýüz ýetmiş bäşinji ýylyň Dört tirkeşiginiň birinji aýynyň ýigrimi üçüne hepdäniň Sogapgüni agşam Müsürde doguldy. Ol üç ýüz segsen altynjy ýylyň Baýram aýynyň başlarynda halypalyk edip başlady. Häkim Biemrillä Mansur ibn Eziz Billä umumy ýigrimi bäş ýyl, ýarym aý halypalyk etdi. Dört ýüz onunjy ýylda Nil derýasynyň suwy on dokuz gary, sekiz barmak ini derejesine ýetdi. Bu derýa ozal şunuň ýaly derejede ýokary galmandy. Bu waka Häkim Biemrillä Mansur ibn Eziz Billäniň halypalyk eden döwrüne gabat geldi. Nil derýasy iki ýyllap şu ýokary derejesinde saklanyp, şäher howp astynda boldy. Şondan soňra Häkim Biemrillä şäheri suw belasyndan goramagyň hiç hili çäresini tapmady we dört ýüz on birinji ýylyň Baýram aýynda hökümdarlygy terk etmek bilen, ýeke özi eşege münüp, Mukattym dagyna gitdi. Netijede, ol özüniň aýal doganynyň elinden öldürildi. Ol Häkim Biemrillä Mansurdan howatyr edýän birnäçe adamlar bilen bu işi amala aşyrmak üçin ylalaşyk baglaşypdy. Soňra halypalygy dolandyrmak Müsürde doglan Zahyr Liegzaz Dinillä Abu Hasan Aly ibn Häkime ynanyldy. Ol dört ýüz ýigrimi ýedinji ýylda halypalygy dolandyrmak üçin kasam etdi. Zahyr Liegzaz Dinillä Abu Hasan Aly ibn Häkim jemi on bäş ýyl sekiz aý bäş gün halypalyk etdi. Mustansyr Billä Mugadda ibn Mansur dört ýüz ýigriminji ýylyň Dört tirkeşiginiň dördünji aýynyň on altysy güni gije Müsürde dünýä indi. Ol dört ýüz ýigrimi ýedinji ýylyň Meret aýynyň ortalarynda hepdäniň Dynçgüni halypalygy dolandyrmak üçin kasam etdi. Ol umumy elli sekiz ýyl we birnäçe aý halypalyk etdi. Mustagla Abu Kasym Ahmet ibn Mugadda Müsürde doguldy. Ol dört ýüz segsen ýedinji ýylda halypalygy dolandyrmak üçin kasam etdi. Ol jemi sekiz ýyl halypalyk etdi. Mustagly Abu Kasym Ahmet ibn Mugaddanyň dünýäden öten wagty dört ýüz togsan bäşinji ýyla gabat geldi. Onuň ysmaýyllylaryň tarapyna geçen dogany Nizar ibn Mugadda Isgenderiýä gaçyp gidipdi. Mustagly bolsa öz weziri bolan goşun emiri Afzaly onuň yzyndan iberdi. Ol Isgenderiýäni berk gabawa alan wagtynda, şäher ilaty öz ýerlerine gaçybatalga gözläp gelen Nizar ibn Mugaddany oňa gaýtaryp berdiler. Şunlukda, goşun emiri wezir Afzal ony Mustaglanyň ýanyna alyp geldi. Soňra ýurda Abu Aly Mugadda ibn Temim ýolbaşçylyk etdi. Ol dört ýüz togsan bäşinji ýylda halypalyk edip başlady. Abu Aly Mugadda ibn Temim jemi on üç ýyl halypalyk etdi. Ol Jezirede bolan wagty ysmaýyllylara ýesir düşdi. Olar halypany bäş ýüz ýedinji ýylda öldürdiler. Hapyz Lidinillä bäş ýüz ýedinji ýylda halypalyk edip başlady. Ol bäş ýüz kyrk dördünji ýylda wepat boldy. Hapyz Lidinillä jemi otuz alty ýyl halypalyk etdi. Zapar Abu Mansur Ysmaýyl bäş ýüz kyrk dördünji ýylda halypalyk edip başlady. Ol bäş ýüz kyrk dokuzynjy ýylda emir Apbas tarapyndan öldürildi. Soňra Apbasyň we onuň oglunyň goşuny Müsürde derbi-dagyn edildi. Şu wakadan soňra onuň ogly pereňlilere ýesir düşdi. Netijede, emir Paýyz ony pereňlilerden ýüz müň dinara satyn aldy. Şeýle-de bolsa pereňliler Apbasy we onuň ogluny şol ýylda öldürdiler. Paýyz bäş ýüz kyrk dokuzynjy ýylda halypalyk edip başlady. Ol jemi dört ýyl halypalyk edeninden soňra bäş ýüz elli ikinji ýylda dünýäden ötdi. Azut Lidinillä bolsa Paýyzyň wepat bolan döwründen başlap halypalygy dolandyrdy. Ol bäş ýüz altmyş ýedinji ýylda dünýäden ötdi. Azut Lidinillä jemi on bäş ýyl we birnäçe aý halypalyk etdi. Ol müsürli halypalaryň iň soňkusydyr. Soňra Müsüre, Şama, Jezirä, Ýemene, Barka, Sagyda we başga-da birnäçe ýerlere Beni Eýýup döwleti hökümdarlyk etdi. Netijede, müňden gowrak münberlerde olaryň adyna hutba aýdyldy. Müsürdäki Beni Apbas döwleti hem öz ýurtlarynda olaryň adyna hutba aýtdyrdylar. Anygyny Alla bilýär. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |