21:38 Iki güni deň bolan, zyýandadyr | |
Dostlar, doganlar! Hanlar we hanymlar! Agalar we iniler! Şeýle bir hadys eşitdim: "Iki güni deň bolan, zyýandadyr". Pygamberimizden kämilleşmäge nähili gözel çagyryş. Bu günüňi düýnüň ýaly ýaşamajak bolmaly. Bu günüňi düýnüňden kämil ýaşap, ertiriňi hem bu günüňden kämilleşdirip bolaýsa... Ýene bir ýyly arka atyp, täze bir ýyly garşylaýarys. Arzuwym - günümiz günümizden parhly bolsun! Ýyllarymyz ýyllardan parhly bolsun. Janyňyz sag bolsun. Hiç bir zatda zyýanda galmaň! Geljek ýyly "Iki günüm deň bolmasyn!" şygary bilen ýaşalyň. | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |